ÖRGÜN [ö:rgün], med. Käbir kesellerde temperatura galmak zerarly bedene örýän ownujak düwürtikler. Bu örgüne meditsinada follikul diýlip at berilýär (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş). Garahassalyk örgüni. Gyzamyk örgüni.
ÖRGÜNLI [ö:rgünli], 1. Örgün bilen ýüze çykýan, örgün örmek bilen geçýän. Örgünli garahassalyk. Örgünli gyzamyk. 2. göç. m. Ýaňy sakgal-murt çykyp ugran. Ol: Ballym, ballym! diýip, onuň ýalaňaç garnyna çalaja örgünli eňegini oýkanda, Annam jykyr-jykyr gülýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).
|