ÖŇKI, 1. Geçenki, owalky, ozalky. Aý durdukça öňküsinden ýagtylýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Öňde gelýän, öň ýanyndaky. Bagşy aga, seniň täze düzen aýdymyňy höwes bilen diňlänimiz öňki agşam dälmidi?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
ÖŇKI-ÖŇKÜLIK, Öňküsi ýaly, hemişekisi ýaly, şol bir boluşdalyk. Hemme zat ýene öňki-öňküligine galypdyr. Bu iki täze adamyň elleri ýatyşansoň, ene--de öňki-öňkülik başlar («Sowet edebiýaty» žurnaly)
ÖŇKI-SOŇŇY, Ozalky we häzirki, ähli, başdan geçeniň bary, başdan-aýak. Sapanyň şu sözlerinden garry enäniň öňki-soňkusy gözüniň öňüne gelip, bar gahary kellesine ýygnanan ýaly gözleri ýitelip gitdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar),
ÖŇKÜLIK, 1. ser. Öňki-önkülik. 2. Ozalky ýagdaý, öňki boluş, hemişeki ýagdaý. Agronom, seniň öňküligiň ýok! («Sowet edebiýaty» žurnaly).
|