ÖÇLI [e:çli], 1. Birinde öji bolan, ary galan, arly. Nämeden bolsa-da, onuň gaşlary çytylyp, maňlaýynyň ýygyrtlary has köpelip, göýä köneden bir öçlüsini gören ýaly bolup: Ah, bu senmidiň?! diýip, gaýra çekildi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). 2. Biri-birine duşman bolan. Öçli adamlar.
ÖÇLÜLIK [ö:çlülik], 1. Öji bar bolmaklyk, öçli ýagdaýda bolmaklyk, arlylyk. 2. Biri-biriňe duşmanlyk. Onuň goňşusy bilen şol öçlüligidir.
|