OKKESDIRME', Örän çalt, çalasynlyk bilen çapyp geçme. Oba öňünden geçerler okkesdirme, Bir-birine diýr:Adam basdyrma! (B. Kerbabaew, Poemalar). Obanyň içinde iki ýana okkesdirme geçýärler («Tokmak» žurnaly). Eliň aýasy dek ýüzi tep-tekiz, Geçýär okkesdirme maşynlar tiz-tiz (A. Kekilow, Söýgi).
OKKUPA'NT, Okkupatsiýa gatnaşyjy.
OKKUPATSION, Okkupatsiýa degişli bolan, okkupatsiýa esaslanýan. Faşistik okkupatsion düzgün şertlerinde kapitalizmiň garşylyklary aňrybaş çegine ýetdi («Turkmenistan kommunistik» žurnaly).
OKKUPA'TSIÝA, Harby güýç bilen kesekiniň territoriýasyny eýelemeklik, basyp almaklyk. Nemets faşistik okkupatsiýasyna duçar bolan ýurtlar azat edildi.
OKKUPIRLEMEK, Okkupatsiýa duçar etmek, harby güýje daýanyp, keseki ýurtlary eýelemek. Ine, şu gözel ýadygärlikleriň köpüsi Nowgorody okkupirlän wagtyn-da, nemetsler tarapyndan ýumrulypdyr (SSSR taryhy).
OKKUPIRLENMEK, Okkupatsiýa duçar edilmek, harby güýç bilen eýelenmek. Okkupirlenen. ýurt. |