JAB
| ||
JABJYNDYRMAK, 1.Gaharly üýrdürmek .(it hakda). 2. göç. m. Gaharly azgyrtmak, ajysyny pürkdürmek, ýüzüňi aldyrtmak. JABJYNMAK, 1. Gaharly üýrmek (it hakda). Çagalar: Güjük näme jabjynýarka? diýişip, gülüşýärdiler («Tokmak» žurnaly). Olary gören itler özlerini öldire getirip jabjyndylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. göç. m. Gaharly azgyrylmak, birine ajyňy pürkmek, biriniň ýüzüni almak. Men olaryň ýüzüne jabjynmankam, kakam olara: Hojam, şu mesele üçin şundan soň bäriňi garap hem bakma! diýip kowdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). JABJYNYŞMAK, 1. Bilelikde, ýerli-ýrden jabjynmak, bir näçe bolup jabjynmak (it hakda). Itler ýokarky hatardan jabjynyşyp başladylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. göç. m. Biri-biriňe azgyrylyşmak, ajyňy pürküşmek. Galmagal edip jabjynyşmak. Nähak zat üçin jabjynyşnak. |