PUR-PUDAK   ÝAÝRADAR  ALKYŞ  KYLANYM...

Türkmen halkynyň dil baýlygy egsilmez hazyna. Bu hazynany türkmen halky asyrlar boýy kynçylyklary göre-göre ýygnady.

Alamanlar bilen alyşdy, çapawullar bilen çapyşdy,  ýurtlaryny taşlap aýry ýerde mekan tutup, watan awusy bilen aglady, ýardan aýryldy,ýara gowuşdy---- şeýdibem  uly baýlygyň HALK DIL BAÝLYGYNYŇ eýesi boldular.

Türkmen halk döredijiligiň iň gadymy žanrlarynyň biri-de alkyş dileglerdir.

Alkyş dilegler adamlar ýabanylykdan saýlanyp,olaryň dilleri çeperçilik  taýdan kämilleşenden  soň, ýüze çykyp başlanandyr diýip çak edilýär.

Sebäbi  ilkinji alkyş dilegler ýönekeje sadaja sözler bilen aňladylypdyr. Aw awlananda ,awça

«Aw ganly bolsun» diýip dileg edilse ol hem öz gezeginde «aw janly» diýip garşydaşyna jogap beripdir.Ýa-da oba hojalyk, ekerançylyk bilen iş salyşýan daýhanlara

«Harmanyňa bereket», «Tohumyň müňlesin», «Biriň müň bolsun» diýip alkyş etseler ,olar hem öz gezeginde «Ömrüňe bereket», «Ýaşyňa bereket» diýip jogap gaýtarýarlar. Çeper gelin gyzlaryň hem

başlan işlerini alkyşlap dileg etmek däbi bar.

Mysal üçin haly dokamak üçin ýüwürdilse «Işiň ileri», diýip dileg edilse, « Ömrüň ileri», «Taňryýalkasyn»diýip jogaby berilýär. Sadaja , gysga we düşnükli dilegler  soň-soňlar ýazuwly edebiýat ýüze çykyp başlandan soň,şahyrlaryň  dilinde kämilleşip şygyrlara ,goşgy setirlerine siňipdir. Türkmen halk döredijiliginiň beýleki žanrlarynda (lälelerde,huwdilerde,ýaremezanlarda, ýarowjanlarda, toý aýdymlarynda, nakyllarda,haraý aýdymlarynda) hem  halkyň isleg-arzuwlarynyň netijesi bolan alkyş dilegler öz ornuny tapypdyr.

Mysal üçin nakyllarda « Alkyş bilen ýer göger», « Altyn alma, alkyş al», diýen nusgalara gabat gelmek bolýar.

Alkyşlar dilegler türkmen halkynyň iň gymmatly edebi mirasy bolan «Gorkut ata»eposynda boýdan-başa diýen ýaly duş gelmek bolýar.

Ýöne bu eposda alkyşlar eýýäm ýokary çeperçilik derejede ussat dil bilen  beýan edilipdir. Eseriň awtory ýa-da alyp baryjy rawysy  Gorkut ata her boýun(bölumiň) soňunda diňleýjilere we eseriň gahrymanlaryna dilegleri edýär.Mysal üçin: Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy boýuny beýan eder—diýen bölümde:

Indi hany diýdigim,beg erenler,dünýe meniň diýenler?Ajal aldy ýer gizledi, Pany dünýe kime galdy? Gelmeli, gitmeli dünýe, Ahyrsoňy ujy ölmeli dünýe,

Ýom bereýin hanym,Ýerli gara dagyň ýykylmasyn! Kölegelije gaba agajyň ýykylmasyn,

akan görkli suwuň guramasyn,ganatlaryň ujy gyrylmasyn,kadyr seni namarda mätäç etmesin,çapýarkaň ak boz atyň budremesin,çaşanda, gara polat uz gylyjyň gedilmesin!

Görşumiz ýaly bu ýerde Gorkut ata  «ýom»edýär.Türkmen dilinde em-ýom diýen bir jumle bar.

Şu wagta çenli bu sözleri derde derman etmek diýilip düşündirilýärdi.Emma biz Gorkut ata eserini okanymyzda « em» sözüniň derman,  «ýom» sözüniň bolsa dileg-alkyşdygyna göz ýetirdik.Sözüň güýji bilen ýom etmeklik gadymdan gelýän ýörelge-onuň hem derman-em ýaly täsiriniň güýçlüdigine  şek ýok.

 Gadymy otparazçylyk  döwürleriniň dileg nusgalary biziň döwrümize gelip ýetipdir.

Şaman ot,

Boldum şat,

Parlap üstünden  bökdüm

Aglap günemi dökdüm,

Sygyndym sana zarlap,

Goýmagyn meni harlap,

Uzak ýaşat ýaşymy,

Ýetir rysgal aşymy,

Türkmen halkynyň  käbir taýpalarynyň arasynda şamanizmiň täsiri häzir hem duýulýar we otdan bökmek we böken wagtyň sanawaç bilen dilegiňi aýtmak  ýa-da gurban aýynda hiňňildik( sallançak ) gurup uçmak we sanawaç bilen güneni doömek üçin dileg etmek däbi bar.Ynanja görä ,otdan bökende ýa-da sallançakda uçanda dilegleriň kabul bolýarmyş. Yslam dini bilen baglanyşykly  remezan aýynda hem  çagalar  dilegler bilen gapy-gapy aýlanýarlar we sanawaç bilen alkyş dileglerini aýdýarlar:

Biz-e sizi baý gördük,

Tüýnügiňizden aý gördük,

Altyn bilen apardyk,

Kumuş bilen gopardyk,

Aşa atarlyk duz beriň,

Hoja gelinlik gyz beriň.

Köp bereniň ogly bolsun,

Az bereniň gyzy bolsun.

Ikiside dowletli bolsun!

Alkyş dilegleriň kämilleşen,hatda şygyr derejesine ýeten käbir alkyş dileglere köplenç biz maşgala  durmuşynda köp duşýarys .

Mysal üçin : maşgalada çaga dünýe inende çaganyň  salyhy perzent bolmagyny,enesine atasyna wepaly,mähirli, sahy we ile-güne peýdaly  adam bolmagyny daş-töwerekden gutlamaga gelenler dileg edýärler.

Egerde çaga oglan bolsa  onda çaganyň ýüzüni sylmaga gelenler : gurt tutupsyňyz, at tutarly bolupsyňyz, at çaparly bolupsyňyz, öý tutarly bolupsyňyz, döwlet başyly bolupsyňyz, görjegi gowy bolsun, berdim diýip berildigi bolsun! – diýip dileg etseler, eger doglan çaga gyz  bolsa onda :

Don biçerli bolupsyňyz, keşde çekerli bolupsyňyz, gowun hoşly bolupsyňyz, akyl-huşy bolsun, uzak ýaşy bolsun!  diýip dileg edýärler.Çaganyň ýaşy alkyş bilen uzaýar,ulalyp adam bolýar.Eger alkyş eýesi bolsa, ona Taňrynyň nazar salan bendesi ýa-da  halal çörek iýen diýip halk sylaýar, hormatlaýar.

Gyz maşgala bolsa ýagşy eneň göreldeli gyzy bolup ýetişenden soň alkyşlar dilegler bilen bagtyň tagtyna mündürip, kejebeläp  durmuş ýoluna ugradýarlar :

Baran ýeriňde bagtyň bolsun,

Tylladan tagtyň bolsun,

Baran ýeriňde ýer tap,

Aýagyň ýer tutsun,

Aglap gapymyzdan gelmegeýsiň,

Hasrata griftar bolmagaýsen,

Sag ýanyňda ogluň bolsun,

Sol ýanyňda gyzyň bolsun

Bir goluň malda bolsun,

Bir goluň balda bolsun,

Gala_gala sözlemegin,

Gaýyn eneňi duzlamagyn,

Uluny uly bilgin,

Kiçini kiçi bilgin,

Ýüzüň aşak bolsun,

Göwnüň açyk bolsun.

Alkyş bilen ak ýola düşen geliniň zehini ýagşy dileglerden doly bolansoň, ol şol alkyşlaryň eýesi boljak bolup jan çekýär. 

Lukman Hekim aýdypdyr: «Keseli men-tebip, sen- keselli, ol-kesel üçimiz ýeňip bileris-diýipdir.

Maşgala ýaşaýşynyň ilkinji basgançygy hem şeýle :ýagşy söz, alkyş- dileg—tebip, - ýaş oglan –gelin – keselli, durmuşyň kynçylyklary –kesel. Maşgalany dogry ýola gönükdirmek üçin täze çatynjalara  hökman maslahatçy ruhy tebip zerur.Bu bolsa türkmen halkynda il günüň  çeper dilli adamlarynyň özleri.Olar süýji dilli alkyş dilegleri bilen  ruhy tebibe öwrülip bilýärler.

Türkmeniň akyldary şahyr Magtymgulynyň sözi bilen sözlesek:

Ömri saly artar alkyş alanyň,

Gargyş galyndyrmaz ýaşy syndyrar 

ýa-da.

Gargyşym daşlaryny mum deý erider,

Pur-pudak ýaýradar alkyş kylanym,

diýip alkyşyň nederejede güýçlüdigini ýaňzydyp geçýär.

           Pes pelli, kalby pek ýuregi mehirden we rehimden doly beýik TÜRKMEN halkyma we ähli ADAMZADA  türkmen dilegini alkyşlaýaryn:

ÝAgşylara ýanaşdyr

ÝAmanlardan azaşdyr,

Sabyr-kanagat bereweri,

Rysgal döwlet bereweri,

Beren demiňe şükürdirin,

Bereketiňe şükürdirin.

Il-günüň gargyşyna galmaýyn,

Apatdan-külpetden,

beladan- beterden.,

  howpdan –hatardan,

ot belasyndan-suw belasyndan,

göz belasyndan,dil belasyndan,

ýaman hatyn belasyndan,

töhmet belasyndan,

Her hili görüner we görünmez belalardan,

 Özüň gorap saklaweri HUDAÝYM !!!!!

Türkmen edebiýatyny  owreniji filolog MAÝA ŞEMIZADE