21-nji Februar

Ýaşasyn Halkara Ene dil güni

Miladi ýyl boýunça 2000-nji ýyldan bäri , 21-nji februar Halkara Ene dill güni diýilip UNSCO tarapyndan yglan adildi.

21 – nji  februar güni halkara Ene dili saýlanmagyň gözbaşysy,1952-nji ýylda Pakistan-da şol wagtky hökümeti URDU dilini ýurduň ýeke-täk resmi dili diýip we URDU diliň ýurtda, 3% golaýdan köp haýyrlanmazlygyna garamazdan saýlanyp yglan edilmegi, 21-nji fewrual-da döwlete garşy uly gozgalaň turuzýar we Dhaka şährinde polis bilen çaknaşykda köp ölümli gün bolup ýasa öwrülýär.

Bu gapmagarşylyk netijesinde wagt bilen 1971-nji ýylda gündogar pakistanlar ýurtdan bölnüşip özbaşdak bolýarlar we häzirki wagt şolar BANGILADEŞ ady bilen tanalýar.

Şol zamandan bäri 21-nji Februar Bangiladeş-de Şehitler güni diýip resmilenýär we  1999-nji ýylda UNSCO-de Bangiladeş Hökümetiniň arzasy bilen 21-nji Februar Halkara Ene Dil güni diýilip yglan edildi. 

Ene dili diyip aýdanymyzda, eýýäm hemmelere, aýan manysy görünýär.

Ynsanlaryň birinji öwrenýän dili, Enesiniň dili bolup , çagalar dil açyp sözlemäni öwrenip başlaýarlar. Häzirki zamanda maşgalada, ýyllar boýy gepleşilip we nesilden- nesile geçirim-de bolup ýytmeýän dilleriň sany aý-aýdan azalýar.

UNSCO ýer ýüzünde gepleşik dilleriň howply halda bolup, ýarsyna golaý ýitip gitmegine garşy  we Ene dili dürli milletlerde goldamak niýeti bilen Halkara medeni gatnaşygy ösdürmekligiň baýdagyny göterdi.

UNSCO-ň beren sany esasynda, her 2 hepdeden, Ýer ýüzünde 1 sany dill aramyzdan ýitip gidýär.

Dilleriň ýitmegi belli ekspertleriň (Expert) aýtmaklaryna görä , dürli- dürli sebäpleri bar.

Iň birinji ýeri alýan, elbtde Uruşlar, yzy ýany bilen , oturan halkyň ýurtdan kowulmagy, basylyp alnyp  ysnykly dilde keplemk gadagan , ya-da öwrenmekden mahrum  edilmegi.

Ýene uly zerarly gatnaşykly ýagdaý hem  köp milletli Ýurtlarda az sanly halklara Stigmatly gatnaşyklar, ýagny belli bir diliň, bile-bile, sistemaly uzak wagtda , ýasak dil diyip ýaman niýetli gatnaşykly, medeni we daşgörnüş nuktaý nazardan kemçilikli diýip hasabat-da ornaşyrylmagy.

Edil ýokarda ýazylan dürli sebäplere degişli, hasabtynda duran bir ýagdaý hem dilleriň biri – biri bilen garyşmaklygy!!

Öz şahsy tejribämden mysal aýtsam: Sowet Saýuz ( şurawi) hükemet eden wagtlary, Türkmenistan-da uly şährlerde ýaşlaryň,  özara gatnaşyklarynda Ene dillerinde gürleşenlerinde , köp sanly möçberde rus sözlerinden haýyrlanandyklary.

Edil şu mysala meňzeş Iran-da ýaşaýan Türkmenler hem, Türkmen dilinde kepleşseler 10 sözden 6 sanysy pars dilinden haýyrlanyp, öňüne we ýa-da yzyna Türkmen diline degişli goşmaçalary goýup , özlerini ýalňyş düşünje pekir bilen Modern watandaş hasab edýärler.

Ýöne, nähak söz aýdylmagy hem ýalňyşdyr.

Awganistan  hem Türkmenistan-da ýaşaýan Türkmenlerden başga,  Eýran- da  edil şol sanda ýrak-da, suriýe we yene kese ülkelerde, Türkmen mektepleri bolmany üçin , özlerniň güýji ýetdiglerine görä Ene dill öwrenýänler az däldir.

Adyn tutan ýurtlerden başga hem dünýäň hemme künjiklerinde diýen yaly yaşaýan Türkmenleriň sany hem az däl.!!!

Hormatly kese ýurtlerde ýaşaýan ildeşlerimiz hem özleriniň mümkinçiliklerine görä , Ene dilini saklamak-da we öwrenmekde köp tagallalary edýärler.Ýöne ýetmezçilikler az däl, kimde-kim ildeşmiz bilen bir dem oturyp gürleşsek, hany sende pylan kitap ýa ýazgy barmy diýip gözlekde bolup yöränlerini anyk görseň bolýar.

Eger-de Türkmen ilçihanalarynda medeni ojaklary bolan bolsady onda bu ildeşlerimize uly ýardym bolardy.!

Her Diliň ýitilmezligi we ösmekligi şerti, oňa berilýän bahasyna degişlidir.

Adam ogly Ene diline býusansa,  şol belentlikde hem medeniýetini, Ata-babadan galan miraslary gorap we ösdürmekde başarjaň bolýar.

Köp milletli ýurtlarda , Ene diliň maşgalada ýürgünligi, aslynda ýurdyň baýlygy hökminde saýlanylýar we Medeni gatnaşmagyň ösmegine hem tasdykly we hormat bilen uýganan düşünje ösdürýär.

Ýazan Teymur Kor

20,02,2012

TÜRKMEN KULTUR SAHYPASY