21-nji Februal Halkara Ene dil güni gutly bolsun.

21-nji Februal Halkara Ene dil güni hemme eziz ildeşlerime gutlaýaryn.

Çaga dogulan wagtyndan başlap, ene-dädä sözi bilen, Ene – Ataň ýüregine mähirden doly dýünýäni bagyşlap, günbe-günden ulalşyp, halkynyň ata-babadan miras galan medeniýet we ösüş taryhy bilen tanyş bolýar.Öz halkynyň ösüş ýoluny agtaryp, tewörek daşynda başga dost-ýar, tanyş-biliş bilen dil üsti bilen gepleşip, bir-birine düşünşip, ylym gazanan wagty, dil arkaly ynsançylyk mertebesini, ýokary dereje ymykly ösdürip, beýgeltýär.

Statistik boýunça soňki 3 asryň dowamynda köp, az sanly halklaryň dili, her aýyň dowamynda 2 sany dil kökünden ýitipdir.

Takminan berilen sana görä, 3000 dil ýitip we unudylmak hatar astynda dur. Alymlaryň aýtmagyna görä, 40% halklaryň dili şu asryň içinde ýiter diýilip, elhenç habary berýärler.

Bu uly howpa garşy UNO we ÝUNESKO halkara guramalary , Ene dili gorap , ösdürmek niýet bilen , köp pekirleri orta alyp, ugruna çykýarlar.

Ähitnamalar baglap, guramalar döredip, Ene diliniň ýitmegine garşy bolup nyşan goýýarlar we 1999 ýylynyň  21-nji Februal günini, Halkara Ene dil güni diýilip bellenýär.  

Birleşen Milletler guramasynyň 55-nji ýygnagynda, Jan Kavan ýolbaşçylygy bilen alyp barylan gepleşikde ol şeýle diýär :

Halkara Ene dili bellenmesi dürli –dürli kultur we dilleriň arasyndaky gatnaşyklary sylagly edip, kultur we medeniýeti baýlaşdyrýar.

Kavan bu ýygnakda ýene bir gezek hemme ýurtleri,  mekteplerinde ene dilinde okytmasyny goldap, bu systemi şol ýurtlerde  ýaşaýan halklaryň hukuklarny hormatlamak derejesi diýilip belleýär.

Mesal üçin: Suis, Norwež, Holand, hendustany belläp geçsek bolyar.

Çagalaryň ýaşlygyndan başlap Ene dilinde sowatly bolmasy, Tebigi hakydyr.

TÜRKMEN KULTUR SAHYPASY