Oraz serdar

Dykma serdaryñ ogly oraz serdar polkownik derejede Zakaspy frontynda goşun baştutany (1918-1919) bolýar.

Ol Peterburgyñ aýratyn kadet korpusyny tamamlaýar.1918nji ýylyñ 19nji noýabrynda Baýramalyda Inglis genraly Mallesony garşylaýar we oña Buhara emiriniñ adyndan  “ Buhara ýyldyzy “ ordenini gowşurýar.Ol akgwardiýaçy-

laryñ Çärjewä garşy taýýarlaýan uruş hereketlerine Inglis goşunlarynyñ gatnaşmagyny haýyş edip,Buhara emiriniñ olary goldajakdygyny habar beripdir.

Oktýabrdan soñ ol Türkestanyñ RSFSR hökümeti tarapyndan yglan edilen awtonomiýasy hakyndaky mesläni çözen welaýat musulmany komitetiniñ başlygy bolupdyr.  

1918nji ýylyñ fewralynda bu komitet dargadylypdyr.Şondan soñ ol Bäherden etrabynda gizlenip gezipdir.

1918nji ýylyñ 16nji iýulynda milli han-töreleriniñ Büzmeýinde bolup geçen gurultaýynda Oraz serdar Eziz hana öz oterýadayna goşulmagy teklip edipdir.Oña “ Eger şeýitseñ,seni garyplar hem,barlylar hem Han diýip ykrar ederler “ diýipdirler.Eziz han birbada onuñ aýdanlary bilen ylalaşypdyr.

Goşun baştutany Oraz serdar Eziz hanyñ özüne tabyn bolmagyny isläpdir.Eziz hanyñ jigitleri yhlas bilen gullak etmeýärler we Gyzyllaryñ goşunlaryna garşy geçirilýän işlere gatnaşmakdan boýun towlaýarlar diýen bahanalar bilen ony gowuşgynsyzlykda aýplaýar.

Kontrrewolýutsion güýçler häkimiýeti öz ellerine alyp,Aşgabatda sagçy Eser fontokowyñ baştutanlygynda zakaspi welaýatynyñ ýerine ýetiriji komiteti diýilýäni döredýärler.Onuñ wezipesi Russlara garşy göreşmek üçin Türkmenleri jemlemekden ybaratdy.Merkezi Türkmen komitetiniñ baştutanlygyna Türkmenleriñ onbaşyçysy Polkownik Oraz serdar bellenilýär.

Baştutanyñ kömekçiligine,onuñ ştabyna hem-de gyssagara düzülen goşunynyñ ýokary wezipelerine ozalky ofi-seler  “ Türkestanyñ bolşewizme garşy göreş birleşiginiñ “ agzalary bellenilýär.Merkezi Türkmen komitetine bäş muñ golaý adam toplanyp ýaraglandyrylýar.     

„ Zakaspide Inglis goşunlarynyñ baştutany Genral Mallesoi ýerli halkyñ – Türkmeniñ özbaşdaklyga tarap öwrülmegini güýçlendirmäge çalyşyp,özüniñ Türkmenler bilen gatnaşygynda uly işler edýärdi „ diýilip,akgwardiýaçylaryñ dokumentlerinde ýazylypdyr.Inglis genraly bilen Oraz serdar pikirdaş bolupdyr. „ Oraz serdar Türkmen halkynyñ özbaşdaklygyñ ugrundaky göreşde aýratyn yhlaslyk görkezdi „ diýip,genral Mallesoi belläpdir.

Oraz serdar öz döwürdeşleri Jüneýit han,Eziz han,Ýumut han we beýleki han-begler ýaly bütin Türkmen halkyna han bolmak isläpdir.Şeýlelik bilen esasy üç topar peýda bolupdyr.

Russ akgwardiýaçylary,Türkmen milli goşuny, we Inglis interwenleri öñe saýlanypdyrlar.Bularyñ üçisem sowet häkimiýetine garşy göreşýärler.

Oraz serdaryñ Inglis interwenleriniñ kömegi bilen Russiýa garaşsyz bolan döwlet döretmek barada eden umitlary puja çykýar.Türkparaz we Islamparaz diýilip atlandyrylýan baýdak astynda göreşýän halk bitewi bölünmeýän Russiýany döretjek bolup dyrjyaşýan Russ akgwardiýaçylary örän ýigrenýärdi.

1918nji ýylyñ tomsunda Oraz serdaryñ welaýatdan çykyp gitmegine Denukunçiler sebäp bolupdyr.Genral Lazarow 1919nji ýylyñ 9nji awgustynda „ Oraz serdar häzirki wagtda zakaspy welaýatyndan daşarda bir ýerlerde gezip ýör „ diýip,Denikine hat ýazypdyr hem-de Oraz serdaryñ izyna dolanyp gelmegini mümkingadar uzaga çekdirmegi ondan haýyş edipdir.

Oraz serdar 1919nji ýylyñ aýagynda – 1920nji ýylyñ başynda ýaraglanyp,gämi bilen çelekene gelýär.

Ol bu ýerede ýagdaýyñ öwerlikli däldigine göz ýetirip,şol gije gämä münüp,Eýranyñ Guçan şährine gidýär.ondan soñky ykbaly belli däl.