Hojamşükür han

 Nazar molla ogly Hojamşükür Tejeniñ Kyrkguýy obasynda 1792nji ýylda doglup,häzirki Babadaýhan(ozalky kyrk guýy) etrapynyñ Köpgara obasynda 1881nji ýylda 90ýaşynyñ içinde aradan çykýar.Ol şol obanyñ hojamşükür gonamçylygynda jaýlanýar.” Men ölemsoñ bir ýyla çenli meniñ mezerymy bilinmez ýaly ediñ,eger biläýseler, Hökman agtarýarlar,sebäbi bu goja kelläme köp mukdarda baýrak goýlandyr “Diýip,ol çagalaryna,garndaşlaryna  wesýet edipdir.Şonuñ üçin onuñ mazary ep-esli wagt gizlin saklanyp,soñ-soñlar aýan edipdirler.

Nazar mollanyñ ogullaryna Hojamşükür,Sary,Begnazar diýilyär.Bularyñ nebereleri Tejende,Wekilbazarda,Ahalda ýaşaýarlar. Hojamşüküriñ ogluña Nurberi han(meşhur Nurberdihanyñ atdaşy) onuñ ogluña Nurmyrat han(Pisek batyr)diýilyär ; onuñ hem üç ogly bolan.Olara Atajan batyr,Anna pisek, daş batyr dagydyr ;Atajanyñ izi ýok,Anna pisekden Gully,ondan-da Annaberdi, Orazgylyç,Rejepgylyç dagy önüpdir.

Daş batyrdan Baýram,Orazmyrat,Baýmyrat ýaly nesil galypdyr.

Hojamşükür Türkmeniñ ; Teke-Togtamyş-Wekil-Gara- Mah tiresindendir.Hojamşüküriñ ýakyn garyndaşlary Hojaahmet,Nazar çapyk(Gökdepe urşuna gatnaşyp,soñ guma göçen),Hojaberdi jezit dagy bolup,Hojaberdiden Ballyk(Hojamşüküriñ ady dakylan),Ballykdan Wellimuhammet önen.

Ahal arkajyndan süşüp , Kaka sebitlerine gelip , bäşgalada (Heñam,Akjagala, Garajagala, Gumgala, Garahan (Toply) galady) ýaşaýan Tekeleriñ ýagdaýy külli Tekäniñ baş hany Myrat han wepat bolandan(1819) soñ has-da agyrlaşýar.Eýranlar bäşgalaly Tekeleriñ üstüne çozuşlaryny güýçlendirip başlaýarlar.Esasan hem Bäşgalanyñ ýaşulusy goja serdar Amandöşüñ kellesini kesip getiriñ “ Şonça muñ gyran sylagy bar “ diýlip,Eýranda jar çekdiriilýär we bir topar melgun iberilýär.

Şol wagtlar hem Teke Türkmenleri Sünni bolany üçin Hiwa hanlygyñ raýatynda bolanlar.Hiwa hany Ispendýar han Tekeleriñ baş hanynyñ(Myrat serdaryñ )wepat bolandygyny eşidýär.1823nji ýylda Agöýli Türkmenleriniñ arasyndan Hojamşükür Teke Türkmenlerine baştutanlyk etmegi ynanyp,oña Hanlyk-aksakgallyk ýarlygyny berip, Ony Ahal teke hanlarynyñ arasyna iberýär.Ahalda bolan maslahatda Hojamşüküre bäşgalalyTekelere Hanlyk etmek ynanylýar.Ilaty agyr ýagdaýdan alyp çykmak üçin Sarahsa göçürmek,Eýranyñ raýatlary bilen hem hoşniýet gatnaşygy saklamak maslahat berilýär.

Şondan soñ Hojamşükür Bäşgala gelip,ýerli ýaşulular bilen maslahatlaşýar.Ol ýanyna goşulan 5sany wekili bilen Sarahsyñ ýagdaýyny bilmäge gidýär.Görseler,bu ýüwürt çarwa-çumurlar üçin has amatly ýer eken.Gaýrasy Murgaba,gündogar-guşlygy Ýeroýlandüze we Şeýhjüneýide(Guşga)çenli ýaýylip ýatyr.Ilersi Eýran araçägi, Hyrat-Tejen derýasy bolup,ol Kinniklä baryp ýetýär,ondan hem günorta dag etegi bilen Ýasydepe,añryk bolsa çägelek- leriñ hem-de daglaryñ-baýyrlaryñ arasy bilen Hojanyñ suwy we Kesearkaç serhedi bolup gidýär.

Hojamşüküriñ ýolbaşçylygynda wekiller Bäşgaladan tiz göçmegi teklip edýärler. Bu ýerde galjaklarynyda öz yhtiýarlaryna goýýarlar. Maslahatdan soñ Bäşgalalylar Sarahsa ugraýarlar.Göçüp barýanlar ýolda ýuwa-ýelmik, bürça-kösük,çekize-gurt,gataññar iýip oñmaly bolýarlar.Agşam şamynda bolsa selme,akpamyk ýaly ýumşak otlary iýýärler.Eýranly talañçylar zerarli gaty hor düşen Bäşgalalylar ýolda her hilli şygyrlar aýdyşýarlar. Meselem :

Hojamşükür hanymyz,

Ýuwa-ýelmik nanymyz

Ýuwa-ýelmik gurasa

Niçik bolar ahwalymyz

1824nji ýylyñ nowruzynda ýola düşen çarwalar10-15 günüñ içinda Sarahsa barýarlar.Soñra Hojamşükür ýanyna 5sany ýaşulyny alyp,Eýran Sarahsynyñ etek galasynyñ 2-sine barýar,hal-ýagday soraşýar,bir ýylykça ekmäge bugdaý tohmuny hem-de garyplar iýer ýaly bir ýyllyk gallany karz soraýar.Bularyñ ýagdaýyny görup,olar eker ýaly tohumlyk bugdaýy kömek diýip,iýmek üçin hem gallany karzyna berýärler.Hojamşüküriñ dilewarlykdan, ugurtapyjylykdan, pähim-paýhaslykdan,her hilli siýasat-sypaýyçylykdan baş çykarşyny gören halk oña barha ysnaşýar.

Geçen zamanlardaky “ Hiwa argyşa gitsekmikäk ýa-da Tejende ýazlyk bugdaý eksekmikäk “ diýen atalar sözüni ýatlap,daýhanlar ýazlyk galany köp ekýärler.Ol hem iki ýarym aýdan bişip hasyl berýär.Eýranlylaryñ kömegi bilen Tekeler çörek bolçylygyna ýetýärler.Türkmenler olar bilen mallaryny dänä we beýleki gerek zatlaryna çalyşýarlar. Şeýdip hem ,halkyñ gerdeninden açlyk horlyk howpy sowulýar.Goñşylar bilen has ysnyşykly gatnaşykda bolan Tekeleriñ hal-ýagdaýy barha gowulaşýar.

Parasatly Hojamşükür ýaşulular bilen maslahatlaşýar.Olar belli-külli karara gelýärler.Sarahs hanyna derwaýys bolan nöker goşunyny döredýärler.Ol Baba onbegi ogly Garaoglan hanyñ serkerdeligindäki Annaguly ýaglynyñ Ogly Oraz ýaly,Hajygaplañ Aýmämet ogly Nazar batyr,Kelhan kepele ýaly serdarlaryñ,Mämetweli kemine ýaly ylymly alymlaryñ kömegi bilen öz garamagyndaky salpaaýaklaryny,kese ýerden gelen ogry-jümürleri pugta tutup,olaryñ ellerinden mallaryny,zatlaryny alyp,halk eýelerine gowşurýar,ogurlary bolsa berk jezelandyrýar.
Eýran hanlary we raýatlary hojamşükür aksakgallyk eden döwründe onuñ parahatçylyk ugrunda tutanýerli iş alyp Barşyndan hoşhal bolýarlar.Maşhat hany öz welaýatynyñ Mary tarapynyñ berk galaly ýaly parahat bolanyna begenip “ soñy gelsin,hernä,hudaýym,şu wagta rejesi gaty gowy “ diýip begenýär.

Sarahsda Tekeler3-4 ýylda gurplanýarlar.Uly bazar jaýyny gurýarlar.Hepde-de bir gezek Eýran-Sarahs bazaryny bazarlaýarlar.

Emma Bäşgalalaryñ hemmesiniñ Sarahsa göçmän,şol ýerde galyp,soñ-soñlar köwçüm-köwçüm bolup,Tejen derýasynyñ boýlaryna ,aýaklaryna,Ahal arkajyna tarap süýşenlerniñ-de şol zamanda Mary Türkmenleriniñ-de Hiwa hanyna garaşly bir beglik bolandygy bellidir.

Sarahsa baryp Tekeler barha baýlaşýarlar.Her bir kowmyñ 30-40süri dowary bolup,olary hançopanly uzak örülerde- Tejen derýasynyñ ýokarsynda- Pulhatyñ töwereklerinde,ondan hem aññyrrakda pisse tokaýlarynda- Agar ,Çakmakly,Adamölen,Pynhan, Burkazgyrylan, Zülnükar,hatda Ýeroýlan sebitlerinde,şeýle hem Ýolöten we Mary çarwalary bilen çykyrdaş bolup bakýarlar,Düme arpa-bugdaý ekýärler.

Hojamşükür teletilçilik,gönçülik,halyçylyk,keşdeçilik ýaly golhünärlerini,tebipçiligi,gylyç,hyrly ýasaýan demir ussaçylygyny,zergärçiligi, eýer-esbaplary,şaý-sepleri,öý we at esbaplary,abzallary ýasamak ýaly hünärmentçiligi Üns berip ösdüripdir.Ol hemişe :

 Her kimde ki hünär ýokdur

Duşmanyna heder ýokdur –

 Diýip,Magtymgulynyñ stirlerini tekrarlar eken.Hünäriñ ýaragyñ bolmasa,duşmanyñ öñünde hiç hilli garawyñ bolmajakdygyny düşündirer eken.Şol döwürde aýdym-saz hem has ösüpdir.Aýal bagşy ,Weýran bagşy, Ezber bagşy ýaly ussatlar,Mollanepes,Dowan,Töre ahund ýaly zehinler dogulypdyr.Gyşýñ başyndan tä aýagyna çenli Köp myhmanly toýlar tutulypdyr,olaryñ hersi üç güne çekipdir.Toý nobatyny bolsa hanyñ ýaşululary hasaba alyp öñünden belläpdirler.

Hojamşükür zamanynda uly medreseler bolmasa-da Kemine şahyr ýaly oglan okadýarlar, “ Muhteser “ okanlar, hapyz çykan mollalar bolupdyr. “ Üssi urugy boljak bolsañ,ylym hem ösdürmeli “ diýip, Hojamşükür bu meselä aýratyn ünsi çekýär.

Eýran – Owganistan ýürtlerinde Karaş atly halypasy bolan Gijen gyryk(gyryk – tiresi) ýaly okamyşlar hem bu ýere gelýär.Okuw işleri gowy ýola goýulýar.Emma soñky wagtda Tejen derýasynyñ gaýra tarapynda Gury köwüñ gapdallarynda tüm ýaly öý gazyp,agaç bilen üstüni basyryp,jaý edinip,Gijen gyryk dagy ters okuwa başlanlar.

Esasy mugallamy Gijen bolan.Soñ Eýrandan,Owganistandan,Hindistandan has sowatly mollalarda getirilýär. Şeýlelikde ,olar gijelerine obalara aralaşyp,gelin-gyzlary jadylamak ýaly gabahat işlere ýüz urýarlar.Bu ýaramazlyk ýüze çykansoñ,Garryçyrladaky Atajyk mollanyñ kömegi bilen olaryñ bir topary tutulýar,emma Gijen dagy gaçyp sypýar.Ele düşünleri öldürülýär.Bu ýagdaý Hojamşükür hana ýetýär. Ol:

-Aý, nätjek-dä,boljak iş bolupdyr – diýär.

Hüt şu wakadan soñ Hojamşüküre halk arasynda gahar-gazap artýar ;” Hojamşükür ýaşuly körlük etdi,Eýranyñ we gaýra ýürtleriñ ters okan jadygöý mollalaryny getirip,olara ynandy,halkyny masgaraçylykda galdyrdy “ diýşip Tolgunşyp başlaýarlar.Ýogsam,şol ters okanlary ýürde getiren Gijen gyryk dagy ahyryn.Şunlukda“ Ýüz ýagşy işi bir ýaman iş ýykar “ diýişi ýaly,biregine 30 ýyldan gowrak ýaşululyk eden parasatly Hojamşükür 1853nji ýylda garryçyrlaly uly ylym agzamy,kethuda,Atajyk mollanyñ ýaşululygynda Sarahsda bolan uly mejlis-maslahatda çarwalaryñ ar-namysyna deglenlegi sebäpli hanlykdan aýrylýar.Bu ýygnaga Ahaldaky,Gumdaky,Tejen ugrundaky we Sarahsdaky külli Tekeleriñ atly-abraýly adadamlary gatnaşýar.Hojamşüküriñ soñky ýyllardaky baş serdary hem oruntutary,öz ýegeni Öwezdurdy batyryñ ogly Gowşut hanlyga göterilýär.Hojamşükür bolsa baş geñeşda -ar –Aksakgal edilip galdyrylýar.

Hojamşüküriñ aýrylanyny eşiden Eýran hanlyklary Tekeleriñ üstüne alaman edip,olary dagytmagy maslahatlaşýarlar. Gowşut han bolsa gyssagly maslahat çagyryp,janpena üçin bir gala salmaklagyñ gerekdigini aýdýar.

Ony makullayarlar,emma Hojamşükür aksakgal welin garşy bolýar :

- Gala gerek däl,galamyzyñ bir gapdaly Eýran,beýleki gapdaly bolsa Owganistan,ýene bir gapdaly hem Buhara we Hiwa hanlygydyr— diýýär.

Gowşut han bolsa Eýran hanlarynyñ owalky lebizlerinden dänendiklerini,olaryñ indi alamançylyk etjekdiklerini aýdýar.Onsoñ kiçiräk gala ýeri tutulyp,salnyp başlanýar.1851nji ýylda gala gurmak işini jäht tutup,tiz ýetişdirmek niýet edýärler.

Gala salmak meselesinde Hojamşükür öz ýegeni Gowşut handan we beýleki ýaşululardan öýkeläp,özüne gulak asan kowumlygy,ýagny 30-a golaý hojalyk bilen 1854nji ýylda Tejen tarapa göçüp gaýdýar.Ertesi bu habary eşiden dessine Gowşut han Molla-işanlary jemläp,olaryñ ýanlaryna öz atly nökerlerinden adam goşup “ Göçüñ izyndan ýetiñ,Töwella ediñ-de,izlaryna alyp gaýdyñ,meniñ haýyşym hem aýdyñ,emma gedemlik etmäñ,Tekepbirlikli sözler aýtmañ,göwünlerine degmäñ! “ diýip tabşyrýar.

Töwellaçylar ertesi günortanlar häzirki Hojuklyñ günbatar tarapyndan olaryñ izyndan ýetýär.Göçüñ ýany bilen barýan ýaragly adamlar Töwellaçylara “ Göçüñ ýanyna barmañ “ diýişip,azymly gygyrarlar.Töwellaçylaryñ ara- synda Guwwat ýirik atly adam Garaoglan onbegini tanap,onuñ bilen owaldan öçli,özara duşmançylygy bolany Üçin ony atýar.Emma Töwellaçylar bu ýagdaýy görüp,Guwwat ýirigiñ elinden tüpeñini alyp,oña käýäp,soñra çäre görjekdiklerini düdürýarlar.Garaoglan han bolsa şol ýerde ölýär.Ony jojuklyñ günbatar tarapynda jaýlap, daşyna garym-haýat belgilerini edýärler.

Bularyñ töwellaçylaryny alyp,göçüñ köpsi gaydýar,emma Hojamşükür 3-4 hojalygyñ düýesini idip,Tejene tarapa gaýdýar.

Ol tokaý-jeññellige öwrülen bir wagtky Annaguly ýaglynyñ (Oraz ýaglynyñ kakasy) köne galasyna barýar.Gündizine dym-dyrslyk,emma gijesine şagal-möjekleriñ,gaplañlaryñ seslerinden zenzele turýan bu galada Hojamşüküriñ maşgalalary uzak gijeler ýatman,bedre-tüññürlerini şakyrdadyşyp,dañlaryny zordan atyrypdyrlar.Uzak gijeler aglaşyp çykypdyrlar.Şonda Hojamşükür : “ …ýeri meniñem elimden erkegiñ owsaryny silkip alaga-da izyna gidäýenlerinde näme bolardy?menem dolanyp barardym-da “ Diýip,ýalñyşyna düşünip,gözünden ýaş dökýär.

Soñra olar ýola düşüp,Tejeniñ aýagynda—Mamurda oturan çarwalaryñka barýar.Çagalaryny goýup,dört ýaşar burgaça münüp,Hiwa rowana bolýar.Ol 12günde Hiwa hany Mädemin hanyñka ýetýär.Olar ozal Agöýli Türkmenleriniñ arasyndakylar bäsdeşlik edişin işleşensoñlar bir-birlerini derrew tanaýarlar.

Hojamşükür Gowşut handan gala meselesinde närazilygyny aýdyp,öteräk käýinýär.Bu bolsa ozaldan yrsarap ýören Hiwa hany Mädemine uly tutaryk bolýar.

Onuñ goşun çekip bärik ýöriş etjeginden bihabar Hojamşükür Tejen aýagyna gelip,Mamurda,Üçburçda, Kyrkgoýda ýaşaberýär.Ol Mädeminiñ ýörişini eşidip,ony Mara gelende gabatlap,töwella barýar, emma netije bermeýär.

Hojamşüküriñ neberelerinden Pisek(Nurmyrat) batyr dagy Mädiminiñ garşysyna söweşýärler.1855nji ýylda Hiwa hany Mädiminiñ goşuny ýeñilýär,şol uruşda Mädimin öldürilýär.

Soñra Gowşut hanyñ baştutanlygynda Sarahsdan Mara göçülýär(1858).Mazaly ornaşansoñra bolsa sarpaly adamlardan ybarat töwellaçylaryñ tagallasy bilen Hojamşükür Tejenden Mara (1862)göçürlip getirilýär.

Ol Wekilbazarda garyndaşlarynyñ arasynda öz islegi boyunça ýürt tutunýar.Gowşut han dagy Mädiminiñ çozuşynda Hojamşüküriñ günäsi ýokdygyny,onuñ barybir Tekeleriñ üstüne ýöriş etjekdigini,bu ýagdaýa hut Mädiminiñ özüniñ mesliginiñ azgynlygynyñ sebäpkärdigini halka giñden düşündirýärler hem-de Hojamşüküri öñki wezipesinde – aksakgallykda galdyrýarlar.Gowşut ömrüniñ ahyryna çenli Hojamşüküriñ maslahatyny diñläp, oña uly hormat goýýar.

1878nji ýylyñ ahyrragynda Gowşut han öldürilenden soñ,goja ýaşuly Hojamşükür ýene-de Tejene göçüp gelýär.

Bir wagtky daýaw,bugdaýreñk,at ýüzli,ýiti gözli,agras,uzyn boýly Hojamşüküriñ iri süñkbaşlary örän inçelip, küýkerip,gaty garrap,90ýasynyñ içinde wepat bolýar.

Hojamşükür baradaky esasy maglumatlar tejenli meşhur kyssaçy Annagurban oglundan ýazylyp alyndy.