Dr. Hangeldi OWNUK************************ Toronto

N E T I J E

Durmuşda bolup geçen wakalaryň haçan we nirede bolandygyny beýan etmek taryhyň esasy wezipesi bolup durýan bolsa, edebiýatyň esasy wezipesi şol bolup geçen taryhy wakalaryň nähili bolandygyny çeper serişdeler arkaly görkezmekden ybaratdyr. Şeýlelikde, şol bir wakanyň beýan ediliş formasynda belli bir derejede tapawut bolsa-da, mazmun taýyndan gaty bir üzňelik bolmaýar. Netijede taryhyň berýän maglumaty esasynda çeper edebiýat döreýär. Muňa ähli klassik şahyrlarymyzyň şeýle hem XIX asyryň ikinji ýarymyndaky ýaşap geçen edebiýat wekilleriniň eserleri-de şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly klassiklarymyzyň döredijiligi her bir döwürde jemgyýetiň durmuşy bilen belli bir wakany beýan etmek arkaly, türkmen edebiýatyny ideýa, mazmun taýdan baýlaşdyrypdyrlar. Durmuşda bolup geçen taryhy şahsyýetleriň we olar bilen bagly taryhy wakalaryň esasynda döredilen şol çeper eserler we  halk arasyndaky ýaýran rowaýatlar şeýle hem halk döredijilik eserleri edebiýata we taryhymyza goşant goşupdyr.

Taryhy beýan etmek üçin dürli nyşanlardan hem dokumental galyndylardan başga-da, esasan elýazmalar üsti bilen gelip ýeten nusgalar has möhümdir. Ýöne gynansak-da, şeýle nusgalaryň hemmesi biziň elimise gelip ýetmändir. Sebäbi olaryň köp bölegi taryhy hadysalar we göçmek-gonmaklar zerarly ýitip, ýok bolup gidipdir. Olary yzarlap tapmak häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde aňsat eýgertmeýär.

Taryhda jemgyýetçilik şertlerine laýyklykda geçip duran wakalar döwrüň spesifiki aýratynlygyna degişli bolup, haýsydyr bir özüne mahsus bolan medeniýeti döredip, döwrüni sürüp, ol hem öz gezeginde bir giden taryhy wakalaryň sebäbi bolup durýar. Umuman, taryh şeýle bir giň düşünje bolany üçin, her bir alym öz işini belli bir zaman, belli-belli döwürler boýunça kesgitleýär. Şol döwürler hem-de belli-belli aýratynlyklara, etaplara degişli bolup durýar.

Biziň işimiz esasan XIX asyryň ikinji ýarymyndan XX asyryň aýaklaryna çenli Eýran we ondaky ýaşaýan türkmenleriň syýasy, edebi, medeni we taryhy ýagdaýlaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. Işde edebiýat bilen taryhyň aýrylmaz baglanşykdadygyny nazara tutulyp, şol taryhy wakalaryň esasynda döredilen şygyrlar, hekaýalaryň we rowaýatlaryň üsti bilen halkyň ýadynda galan taryhy wakalar utgaşdyrylyp beýan edilýär.

Eýran türkmenleriniň arasynda XX  asyryň birinji  ýarymyny edebi yagdaýy babatda “durgunlyk döwri” hökmünde häsiýetlendirmek maksadalaýykdyr. Sebäbi şol döwürden bäri, ýagny pählewileriň hanedanlygynda edebi hereketler örän pes, kähalatlarda ýok diýmäge esas döredýär. Netijede ol döwüri Eýran türkmenleriniň taryhynda “Edebiýat senediniň ýitirilen we tapylmaly halkasy” diýlip atlandyrylsa has ýerlikli bolýar.

XX asyryň başlaryndaky dünýä belli bolan Orsýetdäki buržuaz demokratik ikä bölünen bolsa, häzirki döwür Eýranda fundametalizmiň şertlerinde, soňky bolup geçen wakalaryň esasynda, edebiýata bolan garaýyş eýýäm üç şaha bölünip gidýär.

Edebiýat jemgyýetde bolup geçýän göreşde çetde durup bilmändir. Ol ideýalogiýanyň ötgür ýaragy hökmünde synplara hyzmat edipdir. Ine şonuň üçin hem her bir medneiýetde iki hili progressiw hem-de reaksion medeniýetiniň bardygyny ýatdan çykarmak bolmaz.

Şunlukda bu ýagdaýy göz öňüne tutup, Eýranyň häzirki şertlerinde öňe sürülýän ideýalaryň diňe iki görnüşde däl-de, eýsem üç häsiýetli mazmunlardan gözbaş alýan eserlerini işiň esasy mazmunynda analiz berilip geçilýär.

Işiň dowamynda Magtymgulynyň şahyrçylyk ýolunyň gözbaşy we Eýranyň gadymy edebi çeşmeleriniň onuň döredijiligine ýetiren täsirleri ýörite görkezildi. Beýik Magtymguly Pyragynyň  döredijilik äleminde  Ferdowsy, Ga’any, Sa’ady hem Hafyz… ýaly Gündogaryň parasatly alymlarynyň hataryndadygy seljerildi.

Häzirki döwürde şahyrçylyk ýolunda “ak goşgynyň” emele gelşi we öz täsirini türkmen şahyrlaryna ýetirip, türkmen dilinde “ak goşgynyň” ýörgünli bolup barşy hem ähmiýetli meseleleriň biri hökmünde görkezilýär. “Ak goşgynyň”  Eýran türkmenleriniň arasynda ýörgünli bolup ugramagy netijede şahyryň aňyndaky geçip duran real pikirleri erkinlikde, giňişleýin aýtmaga mümkinçiligiň ýüze çykýar.

Eýran türkmenleriniň dil meselesi barada pikir ýöredilip, işde Eýran merkezleşdirilen türkmen dili babatda okuw gerkdigi zerurlyk hökmünde bellenilýär.

Eýran çäklerinde türkmen elipbiýi barada dürli taslamalar öňe sürülýär. Emma hiç biri ýol alman gelýär. Her kim özüçe arap-pars hatynda ýazýarlar. Ýöne Eýran çäklerinde wagtlaýynça parsça-türkmençe elipbiýi ulanylsa-da, geljekde latyn elipbiýsine geçmek umumy pikir hökmünde ýörgünlidir.

Işiň soňky bölümi saz-sungatyna gönükdürildi. Eýran türkmenleriniň arasynda türkmen saz-sungaty gadymyýetden bäri ýitirilmän, häzirki döwre çenmli dowam edişi, dürli ylmy faktlar bilen analizlenildi. Eýranda türkmeniň bu ajaýyp sungaty dürli päsgelçiliklere garamazdan, öz ösüş basgançaklaryny tebigy halatda başdan geçirip gaýdypdyr. Oňa Türkmenistan döwletiniň radio merkezinden göýberilýän sazly gepleşikler milli saza öz täsirini ýetirip durupdyr. Netijede Eýran türkmenleriniň arasynda saz sungaty umumy türkmen häsiýetine eýedir.

Işde häzirki zaman Eýran türkmenleriniň umumy medeniýetiniň kiçi göwrümini görkezmäge synanşyldy. Garaşsyz Türkmenistan döwletinde onuň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýolbaşçylygynda geçip duran “Milli galkynyş” döwründe, biziň bu işimiz dünýä türkmenlerini tanatmakda azda-kände ýardam bolar diýip umyt bildirýäris.

TÜRKMENISTAN Y L Y M L A R       AKADEMIỲASYNYŇ Ş. B A T Y R O W ADYNDAKY TARYH INSTITUTYNYŇ YLMY IŞGÄRI HANGELDI OWNUK ARAZ  G   E   L   D    I      O    G     L       Y

                                                Dekabyr- 1995 ýyl.