==================================================

CANADA-TORONTO*****************Dr. Hangeldi OWNUK

Sähramyň saz - sungaty


Şu makalada ylymlaryň doktory dessertasiýadan goýberilýär

  

   Dünýäniň çar ýanyna ýaýran türkmenleriň aýdym-saz sungaty umumytürki halklarynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Muňa ol halklarda aýdylýan aýdymlaryň äheňleriniň bir perdeden gopýan görnüşleri hem köp ýerlerde şaýatlyk etse, köne döwürde ulanylan  ilkinji saz gurallary bolan gopuz, tüýdük, dambura (tamdyra) ýaly saz gurallarynyň hemmetürki halklar üçin aralyk bolmagy-da muny doly tassyklaýar.

Elbetde, belli bir halkyň goňşyçylykda ýaşan beýleki bir halkyň aýdym-saz sungatyna öz täsirini ýetirişi ýaly, türki halkyň aýdym-saz sungaty beýleki bir halka, beýleki bir halkyň aýdym-saz sungaty bolsa, türkmen halkynyň aýdym-saz sungatyna özüniň täsirini ýetirendir. Bu meseläniň barlagy örän uly bolup, biz bu ýerde diňe Eýran türkmenleriniň saz-sungatynyň gözbaşy barada gysgaça durup geçmekçi.

Çünki aýdym-saz sungaty hem belli bir derejede halkyň ruhy medeniýetini kesgitleýär. Şol ruhy medeniýetiň kökleri bolsa, asyrlaryň jümmüşine ornap gidip, olaryň döreýşi, kemala gelişi, ösüşi, taryhy wakalardan gözbaş alýar.

* ýomut-gökleň ýolunyň görnükli wekili Gazak Pang

Umuman, türkmen saz-sungatynyň öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy türkmen klassik şahyry Mahmyt Gaýybynyň Buhara emiriniň huzurynda aýdan “Gelende bardyr” atly şygyrynda şeýle teswirlenýär:

                                         Saz bilen söhbeti ýaman diýmäňler,

                                         Adam ata dünýä gelende bardyr.

Dutaryň döreýşi hakda dürli rowaýatlaryň biri hem beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň belläp geçişi ýaly aýdym-saz, adam ata döränden bardyr, diýen çuňňur filosofiýadan gözbaş alýan sözüň esasynda aýdylýar. Ol rowaýat aşakdakydan ybarat bolýar: “Hudaýtagala adam atany döredende palçykdan hamyrmaýa emele getirip onuň adam şekilli heýkelini bütin 40 gün saklapdyr. Haçanda öz ruhyndan adamyň meýdine dem salanda, toprakdan emele gelen ten bu beýik ruhy götere bilmän her sapar ýapyk teniň içinden daş çykypdyr.

Derhal hudaýtagalanyň emri bilen ruh ynsanyň toprakdan gurulan tenine jaýlaşar ýaly elleri dutarly üç sany perişde saz çalyp başlaýarlar. Allatagalanyň ruhy ýürege baryp ýetende ynjalyk tapyp şeýle diýýär: “Eý bir hudaýa! Meni sazyň güýji bilen teniň kapasynda jaýladyň. Şonuň üçin her sapar sazyň owazyny diňlesem, özümden gidip, kalbymyň heýejan-tolkunlaryny duýýaryn”. Türkmenleriň ynamyna görä, heniz hem adamlar dutaryň ýürek tolkundyryjy owazyny eşiden badyna göwni uçgunmagy şonuň üçindir. Sebäbi allanyň ruhy toprakly tende sazyň güýji bilen siňipdir”.

Irki döwürlerden bäri türkmen halkynyň arasynda “Ozan” ady bilen başlangyç sungaty bolupdyr. Ozanlaryň öz sözlerine özleri saz döredip, ony hem özleri ýerine ýetiripdirler.

S.Demidowyň barlag etmegine görä, XI-XVI asyrda il arasynda Dana ata lakamy bilen tanalýan Ahsan şih Günbatar Türkmenistanda ýaşap geçen Söýünhany türkmenleriň meşhur oguznamasyçy bolupdyr.80

Onuň repertuaryndaky oguznamalryň golýazmasyny soňra Hywa hany Abulgazy özüniň “Türkmenleriň şejeresi” diýen işine girizipdir.81

XVII asyrda Maňňyşlak (Müňgyşlak ýa-da Mangyşlak) türkmenleriň arasynda Amandöwlet bagşy galmyklaryň çozuşyny deňze balyk awlamaga giden türkmenleri saz heňi bilen ägä edip. Olary hem özlerini duşmanyň elinden halas edipdir.82

1846-njy ýylda rus etnografy A. P. Arhipow Maňňyşlak türkmenleriniň Ýusupkazy obasynda üç günläp myhmançylykda bolup, olaryň aýdym-sazlaryny höwes bilen diňläpdirler.83 [[1]].

·        Türkmensähranyň belli bagşysy Arazmuhammet Bahoşy

          Şol bagşylaryň arasynda meşhur Garry şahyr, Muhammet bagşynyň ogly Allaguly bagşy, Ajymyrat bagşy, belli Kör bagşy Süleýman dagylar şol döwürde Günbatar Türkmenistanyň belli aýdymçy bagyşylary bolupdyrlar. Emma bu bagşylaryň ýaşan döwri belli bolsa-da, döreden saz-mukamlary häzirki döwre çenli bize onçakly mälim däldir. Emma nesilleriň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýeten käbir saz-sungaty biziň baý sungatymyzyň bolandygyna şaýatlyk edýär.

XIX asyrda ýaşap geçen Amangeldi Göni, Gulgeldi ussa, Garadäli Gökleň, Ýegen Oraz bagşy, Hajygolak, Nobarniýaz bagşy, Oglan bagşy, Hemra şih, Ýow bagşy, Durdy bagşy, Şükür bagşy, Çowdur bagşy, Wejen bagşy ... we ýene-de şoňa meňzeş tanymal bagşy-sazandalaryň käbir aýdym-sazlary dolulygy bilen bize gelip ýetipdir.

Öz ýaşan döwürleriniň her hili kynçylyklaryna döz gelip, halkyň ody bilen girip, küli bilen çykan bu bagşy-sazandalar gapma-garşylykly ýowuz wakalaryň beýanyny saz arkaly halkyna miras galdyrypdyrlar. Bu halypa bagşylaryň atlary halk arasynda rowaýata öwrülipdir. Bu rowaýatlar bolsa, dilden-dile, nesilden-nesile geçip, häzirki döwre çenli gelip ýetipdir.

·        Tüdükçi bagşylar gyjak bilen ýan berýärler

Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr-sazlaryň uly orna degişlidigine professional derejede döredilen mukamlarymyz doly şaýatlyk edýär. Esasan türkmen halkynyň häzirki döwre çenli gadymdan durgunlaşan dutar (tamdyra), gyjak, tüýdük (ýedi bogun, dilli tüýdük, şadyýan tüýdük), gopuz ... ýaly saz gurallary bolupdyr. Şu saz gurallarynyň iň gadymkysy dilli hem-de gargy tüýdük bilen gopuz bolmaly. Häzirki wagtda soňky dörän klawişli saz-gurallary (akardiýon, pianino, garmon, organ, sintizator ...) hem-de kirşli saz gurallary (skripka, gitara, sitara ...) toý-baýramçylyklarda bagşyçylyk ýolunda hem estrada dürli aýdym formalarynda peýdalanyp gelinýär.

·        Türkmenleriň gadymy taypasy kaşkaýyly tüdükçi.


Haçanda aýdym-saz sungaty hakda gürrüň gozgalanda türkmen halkynyň ähli saz gurallarynyň arasyndan ilkinji bolup dutaryň owazy gulagyňda ýaňlanýar. Dutaryň has irki we gadymy gural bolany üçin bu guralyň döreýşi hakda belli bir maglumat galmandyr. Emma şu babatda dürli rowaýatlar üsti bilen käbir çaklamalar bar. Hezreti Alynyň döwründäki Babagammaryň ady bilen baglanşykly rowaýat hem şolaryň biridir.

Rowaýata görä, günlerde bir gün Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur aty gaty keselläp, hiç hili iým iýmändir. Bu atyň seýsi hem meşhur Babagammar bolupdyr. Şeýle bir ýagdaýda ol örän ökde sazanda bolany üçin, Hezreti Aldyan on gün möhlet alyp, bir dutar ýasapdyr. Babagammar atyň öýüne iým döküp, ýasan dutary bilen atyň garşysyna geçip, saz çalyp başlapdyr. Düldül dutaryň owazyna gulagyny keýgerdip, öňündäki dökülen iýme ymsynyp başlapdyr. Şeýlelik bilen ol at kem-kemden iými ysgap ýuwaşlyk bilen iýipdir. Şeýlelikde at ölümden halas bolupdyr. ...

* Türkmensähra bagşylarynyň hor topary

Türkmenler haçanda çaga gyzamyk örende, oňa dutardyr tüýdügiň owazy bilen şypa beripdirler. (Eýran türkmenleriniň arasynda bu köneden galan däp-dessur henize çenli dowam edip gaýdypdyr). Şu hakykatyň özi ýokarky rowaýaty reallaşdyrmaga ýardam edýär.

Türkmen halkynyň arasynda şeýle derejä göterilen dutary Abunasry Faraby iki topara bölýär. Biri “Tanbure-ýe-Bagdad” (Yagny Bagdat tamdyrasy). we ikinjisi bolsa, “Tanbure-ýe-Horasan” (ýagny Horasan tamdyrasy), “Tanbura” sözi bolsa, türkmen dilinde fonetik özgerişe sezewar bolup, “Tamdyra” görnüşinde aýdylýar.

Orta Aziýanyň saz-sungatyny öwreniji meşhur alym W. A.Uspenskiý Türkmenistanda geçiren öz ekspedisiýasynda 1927-nji ýylda Esenguly etraplarynda bolupdyr. Ol ýerde Eýran türkmenleriniň arasynda ady belli bagşylar bilen duşuşypdyr.

“Bu alym Esengulyda ýerli sazandalaryň üçüsi bilen duşuşýar. 56 ýaşly Mämmetnepes Berdi oglundan birnäçe saz ýazyp alýar”.84

Ýazyjy Kasym Nurbadow “Hojaniýaz aga salam aýdyň” diýen eserinde Mämmetnepes bagşy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Onuň “Maýa sepjä”, “Waý, Kelläm” diýen sazlary döreýiş wakalary bilen baglanşykly hekaýalarynda Mämmetnepes aganyň güýçli sazanda bolany beýan edilýär. Hatda, onuň saz çalyp, köşegini almaýan maýa köşegini aldyryş ynandyryjy teswirlenýär:

“... Aýdymyň soňuny saza ýazdyrýar. Çalyp otyrka, Mämmetnepes, biri-ä geline, birem köşegini alman duran maýa gözüniň gyýtygyny aýlap-aýlap göýberýär diýýär. Bir görse, öň köşeginden gaçyp ýören maýa usullyk bilen köşegine tarap baryberdi diýýär. Soňam ysgaşdyryp ugraýar. Köşegi-de şol wagt sokjap, enesini emip başlaýar. Mämmetnepes aga-da kakuwy köşegiň sokjap-sokjap emişine görä sazlaýar. Sazyň kakuwyna görä-de, köşek sokjaýar diýýä. Ýagşy garny doýan köşek enesiniň aşagyndan çykýar-da, wagty çaýe bolup böküp, oturan ýerinden köşegi kowalap ugraýar.

Şol barmana, ýaňky maýa-da köşeginiň böküşine görä böküp başlaýar. Gözüň bilen görmeseň, ynanar ýaly däl, boldy bir hezillik diýýä. Goňşy- golamyň bary çykdy diýýä daşary. Bir görseň-ä, enesi bilen köşek saza görä bökýän ýaly, bir görseňem saz maýa bilen köşegiň böküşine öýkünilip çalynýan ýaly, haýran galaýmaly diýýär bu gudrata. Çagalaram böküşip, gygyryşyp ugrady diýýär: “Maýa sepje!”, “Maýa, säpje!”. Iller şondan soň, Mämmetnepes  aganyň  bu  çalan  sazyna “ Maýa sepje ” diýip, at goýupdyrlar diýýär. ... ”85

Bu eserde Mämmetnepes bagşynyň meşhur Çowdur körüň hem ilkinji  halypasydygy ýatlanýar.86

Şol ekspeditsiýada W.A. Uspenskiý Mämmetnepes bagşydan Eýran türkmenleriniň arasynda meşhur bolan aýdym we mukam sazlarynyň birnäçesini ýazga geçiripdir. Olaryň arasynda “Nowaýy”,”Ýar garagözli”, “Jenanym”, “Azat eýlegil”, “Ýandy bagrym”, ýaly sazlar bar.

“Türkmen saz sungatyny öwreniji A.Ahmedowyň aýdyşy ýaly, türkmen halky geçmişde oturumly halk bolman, esasan çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Netijede olaryň saz sungaty hem şol şertlere laýyklykda ösdürilipdir. Munuň şeýledigine tüýdügiň çopan saz guralydygy-da, türkmen dutaryň, öýüň dört tärmine niýetlenen “pes sesli” gural bolmagy-da şaýatlyk edýär.” 87[[2]]

Onuň bu pikiri professor W. M. Belýaýewiň pikiri bilen utgaşyp gidýär: “Türkmen sazy bu halkyň psihologiýasyny ýüze çykarýar. Şol bir wagtyň özünde-de şol ýurdyň tebigatyny şöhlelendirýär. Biz onda ýa-ha ýaýrap ýatan giň sähralaryň (wokal sazy, tüýdük sazlary) ýa-da öý içiniň keýpi-sapalarynyň (dutar sazlary) beýanyny görýäris – diýip, W. A. Belýaýew ýazýar. Uly märekäniň ýygnanşan ýerinde, açyk howada garşylaşyp oturan iki tüýdükçiniň sazy adatça, mümkin boldugyça köp adamyň ünsüni özüne çekmek üçin çalynýan zowwam seslerden ybarat bolýar. Dutar hakda aýdylanda welin, onda şeyle baýlyklaryň aýratyn goýaldylan hususyýetlerň göwrüminiň türkmen ýaşaýan öýi we ony ähli maşgalasy bilen gar-gaýdan ygtybarly goraýan gara öýüň göwrümine gowy sazlaşyp gidýändigi bilen tapawutlanýar.”88

·        gyjakçy bagşylar

         Şeýle şertlerde taýpa-tireler bolup, dagynyk ýaşan türkmen halkynyň bagşyçylyk sungaty dürli ýollar bilen ösdürilip gelnipdir. Aragatnaşyk serişdeleriniň juda ujypsyzlygy sebäpli, biri-birinden aralary has üzňe türkmen tireleriniň hersine dutar çalmak, saz sungatynyň umumy ösdürilişi dürli usullar, özboluşly aýratynlyklar arkaly amala aşyrylypdyr. Şonuň üçin hem dutarçylykda we bagşyçylykda olaryň hersinde, esasan özlerine mahsus usullardyr aýratynlyklar ornaşyp gelipdir.

Şeýle bir ýagdaýda dürli ýollar emele gelip, oňa “Bagşyçylyk ýollary” diýlip at berilýär. Mysal üçin: “Damana ýoly”, “Ahalteke ýoly”, “Salyr-salyk(saryk) ýoly”, “Çowdur ýoly”, “Ýomut-Gökleň yoly”, “Etrek-Gürgen ýoly” ýaly ýollar halk arasynda ýörgünli bolupdyr.

Eýran türkmenleriniň bagşyçylyk ýoly bolsa, öz ýerli taýpa-tire şertleri boýunça, “Ýomut-Gökleň ýoly” , “Etrek-Gürgen ýoly” we ş.m. ýaly bilen kesgitlenipdir.

* Türkmen bagşylary “Sinema Baharan Teatyrynda” çykyş edýärler.

Türkmen sazyny öwreniji görnükli alym W. A. Uspenskiý Esengulyda bolanda ýomyt-gökleň sungaty barada şeýle belläpdir: “Ýomutlaryň aýdym pýesalarynyň labzy juda ýiti, köplenç halatda olar kuwwarta bilen kiwintanyň çäginde oýnaýarlar”.89 [[3]].

XI-XVII asyrlarda günbatarda, ýagny Maňňyşlak we Üstüýurt ülkelernde ýaşaýan türkmenler ol ýerdäki ýerli ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegi zerarly, ýerli- taýpa-tireleriň köp bölegi, ondan öňki asyrdaky ata-babalarynyň giden yzlaryny yzarlap, käbirleri günorta-gündogara tarap we käbirleri bolsa, Hazar deňziniň gündogar kenarlaryny syryp Günorta Türkmenistana (Gürgen-Etrek) tarap süýşýärler. Häzirki bagşyçylyk ýolunyň dürli ýol boýunça tapawutlandyrylşyna garamazdan, şol asyrda türkmen bagşyçylyk sungaty biri-birine örän ýakyn bolupdyr. Munuň esasy sebäbi şol döwürde türkmen taýpa-tireleriniň biri-biri bilen ýakyn gatnaşykda agzybir bolup ýaşandyklaryndan gözlenilmelidir.

Türkmenler käbir ýagdaýlarda daşky duşmanlaryň garşysyna agzybir bolupdyrlar. Bu agzybir bolup bileleşmeler bolsa, öz gezeginde, saz-sungatynyň ösüş derejesine hem degerli täsir edipdir.

“XVII asyryň ahyrlarynda Balkan sebitlerinde dörän Teke-Ýomut birleşigi demirgazykdan oňat ýaraglanan we Russiýanyň raýatlary hasaplanýan Galmyklaryň çozuşlaryny yzyna serpikdirmekde türkmenleriň agzyny birleşdirmäge ýardam edipdir”.90

Ýene-de şol taryhy maglumatlaryň habar bermegine görä, “XVII asyrda Günbatar Türkmemistanda suw ýetmezçiligi sebäpli (Uzboýyň suwy kesilip, Sarygamyş suwunyň şor bolmagy), köp ilaty eklemäge resurslary bolmandyr, oňa görä-de şol asyryň ahyrlarynda Ýomutlaryň – Tekeleriň iri bölegi Günorta Türkmeistana süýşüp başlapdyrlar”.91[[4]].

Öňde belläp geçişimiz ýaly, şol asyrda Amandöwlet bagşy şeýle bir agzybir taýpa-tireleriň görnükli başgasy bolupdyr. Ýatlanan hadysada ýerine ýetiren sazy hem “Gyryldy” ady bilen henize çenli bagşy-sazandalaryň arasynda ýörgünli sazlaryň biridir.

* Tüdükçi bagşy

Şeýle ýagdaýlarda, ýagny ýer-ýurdy taşlap, aýry ýerlere göçmek we dagynyk ýaşamak prosesiniň kynçylygy, galmyklar, Hywa Buhara emirleri we Eýran şalygy ýaly daşky duşmanlar tarapyndan edilen çozuşlar we çaknyşyklar günbatar türkmenleriniň saz sungatynyň pese düşmegine-de sebäp bolupdyr. Soňa baka bu etrabyň türkmenleri oturymlaşyp başlanda, Hywa we Daş-Oguz ýomutlary bilen aragatnaşyklary üzülmändir. Hatda käbir ýagdaýlarda Daş-Oguz ýomutlary bilen Gürgen-Etrek ýomutlarynyň bagşyçylyk ýoly ýakyn meňzeşlikde bolupdyr. “Gürgende maly bolanyň, Hywada garny dok” diýlen hem nakyl irki döwürlerden bäri Gürgen türkmenleriniň Daş-Oguz sebitleri bilen gatnaşykda bolandygyny aňladýar.

W. A. Uspenskiý bilen W. M. Belýaýewiň “Türkmen sazy” atly ylmy işinde Esengulyly bagşy Mämmetnepes Berdi oglunyň hywaly Niýazguly Biçemekär bagşydan, şagadamly bagşy Kowus Satyl oglunyň Niýazguly bagşynyň şägirdi Aman bagşydan pata alandygy hakda aýdylýar.92[[5]]

Bu tassyklamalar bolsa, Gürgen-Etrek etraplarynyň bagşyçylyk ýolunyň Daş-Oguz ýomutlarynyň bagşyçylyk ýoly bilen gatnaşykda bolandygyny bize mälim edýär.

XIX asyryň 2-nji ýarymynda, XX asyryň 1-nji ýarymynda Kümüşdepe we Hojanepes etraplarynda ýaşan belli Wajan bagşy, Durdy bagşy dagy Esengulyly Mämmetnepes Berdi oglunyň şägirdi bolup, olaryň üsti bilen Ýomut-Gökleň bagşyçylyk ýoly Eýran türkmenleriniň arasyna-da giňden ýaýrandygy hakda köre aýan görünipdur.

Şeýlelik bilen, 1917-1945-nji ýyllarda, geçen asyryň 1880-1888-nji ýyllaryndaky “Ahal şertnamasyna” esaslanylyp, Türkmensähra (Günorta Türkmenistan) bilen Günbatar Türkmenistanyň arasyna serhet çekilip, Türkmenistanyň esasy bir bölegi Eýran patyşalygyna tabyn edilip goýulýar. Şol döwürden bäri Türkmensähradaky bagşylar bagşyçylykda öz ata-baba däbini ýowuz aýralyga garamazdan, öz belli wekilleriniň üsti bilen saklap gelýärler.

Aşgabat döwlet konserwotoriýasynyň dosenti H. Amangeldiýew 1995-nji ýylda Eýranyň Hojanepes obasyna baryp görenden soň, şol ýerde ýaşaýan ähli türkmen taýpa-tireleriniň aýdym-saza goýan uly sarpasynyň bardygyny belläp, ol ýerdäki ýaşaýan türkmen taýpalaryň aýdym-saza ukyplylygyny, saz eşidişleriniň, ritm duýgularynyň, saz ýatkeşlikleriniň ýokary derejededigini guwanç bilen gürrüň berýär.

Ýöne gynansak-da, aragatnaşyklar kesilenden soň, güýçli halypalar bolmany üçin, hem-de bu sungaty Eýran patyşalygynyň pars şowinistik ideýaly sistemasynyň ýoýmagy sebäpli, türkmen aýdym-saz sungaty pese düşürildi. Şeýle-de bolsa, soňky döwürlerde bu ýol Garaşsyz Türkmenistanyň radiýosy we telewideniýesi arkaly häli-şindi efire göýberilip durlandygy we ony Eýranda ýaşaýan türkmenleriň-de diňlemäge mümkinçilik tapandyklary sebäpli, bu ýol belli bir derejede öz ösüşlerini başdan geçirýär. Ỳöne bir zady bellemek gerek. Ỳomut-Gökleň ýolunyň esasy bir şahasy Etrek-Gürgen bagşyçylyk ýoly hakda Türkmenistanyň sazçylyk merkezlerinde doly öwrenilmändir.

Türkmen sungatynyň sazçylygy ugrunda Etrek-Gürgen bagşyçylyk ýolunyň Eýran türkmenleriniň arasynda belli wekilleri döredi. Olaryň arasynda Gazak Pang, Arazmyrat Arryhy, Hoja Şargy we Annamuhammet Kötüki dagylary ýatlamak boýar. Umuman efir üşti bilen Ýomut-Gökleň hem Etrek-Gürgen ýolunyň häzirki zaman meşhur bagşysy Nurberdi Gulowyň Eýran türkmenleriniň arasynda-da şägirtleri döredi. Gazak Pang (Omçaly obasyndan), Hoja Şargy. Atjy Bähri, Amangeldi şargy (Kümüşdepeden), Annamuhammet Kötük (Sallah obasyndan), Näzberdi bagşy, Abdy bagşy, Şirmämmet bagşy (Bendertürkmen şäherinden), Ýahýa Muhammetzade, Kaka Wejany, Mantak Dinaýy (Kümüşdepe şäherinden), Gapur Kör, Täçmuhammet Şih, Hajymuhammet Kör (Hojanepes şäherinden, Hajy bagşy Aşgabat şäherinde 18 ýyl ýaşandan soň Kanada ýurduna göçüp geldi.), Hoja bagşy (Hoja Kel Garaagaçly obasyndan), Arazmuhammet Bahoşi, Aşyrgeldi Gerkezi (Kelala şäherinden), Baýly Teke, Nazarly Mahjuby, Gylyç Anbary, Mennat Ahangary, Dini Berkeli (Kümmetkowus şäherinden), Arazmyrat Arryhy, Durdy Törrük, Bähmen Delije (Akgala şäherinden), Hämze bagşy, Goja bagşy, Toýguly Nyýazy, Hudaýguly Kaşany, Şahym bagşy, Annagylyç Huşýary, Araz Kelte (Gyjakçy), Rahmangylyç Ýomudy (Gyjakçy), Baýjy Ýomudy (gyjakçy), Goşly Bezirgen (M. Režim – bu dutarçy sazanda han Akyýowyň şägirdi bolup pata alan sazandalaryň biri), Mejit Teke, Rawoşy, Annaberdi Weždany, Maşat Gylyçtagany (gyjakçy), Abdyl Ýomudy, Hekim Kör, Gurbangeldi Kör (Geldijan) ... ýene-de şular şular ýaly bagşy-sazandalar azda-kände häzirki döwürde türkmen halkynyň aýdym-sazyna hyzmat edip gelýärler.

1958-1960-njy ýyllardan başlap, tä 1978-1979-njy ýyllara çenli pars feodallarynyň arasyndan dörän Rza şanyň ogly Muhammetrza Pählewi Amerikan imperialistleriniň goldamagy bilen Eýranda uly güýje eýe boldy. Şol döwrüň aralygynda Eýran halklarynyň ählisiniň arasynda diýen ýaly medeni-syýasy we jemgyetçilik taýdan durgunlyk ýyllary emele geldi. Ol döwür halkyň ruhy medeniýetiniň ösüş basgançaklaryndan pese düşen ýyllary hasaplanýar. Eýran oppozisiýon güýçleri tarapyndan ol döwür “Amerikanyň agalyk süren durgunlyk döwri” diýlip atlandyryldy. Sebäbi Muhammetrza Pählewiniň şowinistik ideýasy boýunça diňe pars jemgyýetçiligi ündelip ösdürilýärdi. Emma olardan gaýry milletleri assimilleşdirmeklik göz öňünde tutulyp, bu ugurda dürli çäreler amala aşyrylýardy. Türkmen halkynyň ata-baba gelýän saz-sungaty, dili we edebiýaty gysylyp, beter halkyň gözünden düşäýmezlik üçin hem, onuň öçügsi görnüşi Gürgen radiýostansiasynyň üsti bilen hälki bir ýatan çykan köne falklýor hökmünde efire göýberildi.

* Eýran türkmenleriniň belli bagşysy Durdy Törrük

Şu hili jemgyýetçilik şertleriniň esasynda, türkmen halk aýdym-sazlary öz taryhy ähmiýetinden düşürilip, toý-tomaşalarda onuň deregine, Elburs daglyklarynyň gür jeňňeli eteklerinde ýaşaýan az sanly milleti näbelli bolan syganlara çalymdyş “gowdarlar” diýlen toparlar türkmenleriň toýuna gelip, şadyýan (tüýdük) bilen nagara (laňňara) çalýardylar. Olaryň arasynda bir erkek kişi aýal egin-eşiginde türkmen ýaş ýetginjekleriniň arasynda tans oýnap, baýrak alýardy. Olar il syryp, haýsy öýüň gapysynda toý-tomaşa gidip duran bolsa, şol ýere baryp şagalaň turuzýardylar. Olar ähli toýlarda aşakdaky ýaly iki setir goşgyny “türkmençe” şol yzgiderli gaýtalaýardylar:
                                        

      Ejewjan, Ejewjan hatda gideýli,

                  

      Hatdanyň üstünde gürrüň edeýli ...

Emma beýle görnüşdäki şagalaňlary türkmen halkynyň sungat medeniýetine hiç hili dahylynyň ýoklygy sebäpli, halk olara örän ähmiýetsiz garaýardylar. “Gowdarlaryň” çalýan sazlarynda türkmen medeniýetiniň hiç hili namu-nyşany ýokdy. Diňe “Şadyýan” diýilýän gural, käbir maglumatlara görä, taryhyň käbir etaplarynda türkmenleriň arasynda ulanylypdyr. K. Nurbadowyň berýän maglumatyna görä, şadyýan tüdük tä ikinji jahan urşuna çenli Etrek-Gürgen sebitlerinde at çapyşyklarda çalnypdyr. 93[[6]-[7]]

Gürgen radiýostansiasynyň türkmen aýdym-saz sungatyny assimilleşdirmek barasynda türkmenleriň arasynda alyp barýan syýasaty hakda taryh ylymlarynyň kandidaty Serdar Ataýew “Eýran Gürgen radiýostansiasy we onuň ideologiýasy”94 [[8]] atly işinde giňişleýin maglumat berýär.

1968-1970-nji ýyllardan soň, häzirki dowam edýän durgunlyk döwrüne garamazdan, toý-tomaşalarda täze çykan saz gurallaryny peýdalanmak mümkinçiligi ýüze çykyp ugrady. Ilki türk-azerbaýjan sazlary ýerine ýetirilip, soňra onuň ýeri täze dörän türkmen aýdym we oýun sazlary bilen çalşylyp ugraldy. Şu mesele babatda Aşgabat we Bakuw radiýostansiýalarynyň efire göýberýän aýdym-saz programmalary halka oňaýly ýardam edýärdi.

Şol döwürde Türkmensährada ýaşaýan türk sazandarlaryndan:

Merhum Seýd Haşym, merhum Ybrahymhalil Alyzade, Jemşit (Hemmesi Kümmetkowusdan), türkmen sazandalaryndan: Ý. Dibaý, A. Dibaý, T. Nedimi (Kümmetkowusdan), Tawana, A. Jemaly, T. Berdiýar, H. Ownuk, I. Kör Bendertürkmen şäherinden, belli garmonçy hem aýdymçy H. Geldihany Kümüşdepe şäherinden, Annakaka Ownuk Hojanepes obasyndan dagylary ýatlamak bolar.

Klawişli saz gurallaryny ulanmak arkaly ýaş sazandalar estrada görnüşdäki ansambllary döredýärler. Şol döwürde Gürgen radiýostansiýasynda çykyş eden belli estrada aýdymçylarynyň hatarynda Ýakup Kör, Nuraly Japary Hojanepesden, Hydyr Geldihany, A. Huzeýni, G. Küçeki Kümüşdepeden, Ata Kör, gyzlar topary Bendertürkmenden, Gurbandurdy Medeni, Jelal Sowgy Akgaladan, Annabedi Wejany, Şirmuhammedi, S. Gylyçtagany, H. Berkelinežady Kümmetkowusdan we başgalaryň atlaryny agzamak mümkin.

Emma 1981-nji ýylda Eýran türkmenleriniň gazanan awtonomiýa erkinligi ýygnalandan soň, ähli ýaş ösüp barýan türkmen estrada ansambllarynyň wekilleri kem-kemden zor bilen ýygnalyp, aýdym-saz medeniýetiniň bu ugrunyň güýçden düşürilmegine sebäp boldy.

Şu aýdylanlar bilen baglanşykly, Eýran türkmen halkynyň Medeni-syýasy guramasynyň “Il güýji” atly Medeni-syýasy žurnalynyň sahypalarynda şeýle belliklere duş gelýäris:

“1972-nji ýylyň tomsunda Kümmet-Kowus şäheriniň ýaş ösgünçekleriniň tomaşa zalynda türkmen progressiw ýaşlary tarapyndan birnäçe belli-belli bagşylar sazandalar ýygnanyşyp, üç günlik konsert programmasy geçirilýär. Türkmen halkynyň aýdym-saz muştaklary ähli künjeklerden oňa tomaşa etmäge ýygnanşýarlar. Bu dabaraly konsert programmalary Eýran şasynyň howpsuzlyk guramasy tarapyndan ýatyrylýar”.95                                         [9]

Şular ýaly ýagdaý ondan soňky döwürler üçin hem mahsusdyr.

1981-nji ýyldan soň bolan wakalaryň esasynda türkmenleriň arasynda aýdym-saz meselesi käbir babatlarda Yslam Respublikasynyň dindar toparlary tarapyndan gadagan edildi. Şonuň bilen baglanşykly ýene-de Serdar Ataýew beýan edýär:

“... Türkmenlerde entek çylşyrymly ýagdaýlar saklanyp galýar. Hususan-da haýsydyr bir baýramçylyk geçirilende, türkmenler öňünden yslam rewolýusiýasynyň sakçylarynyň garşysyna taýarlyk görüp başlaýarlar. Şeýle bir wakada boldy. Türkmenleriň Akgala şäherinde toý tutulyp, bagşy çagyryldy. Olar şol tuýuň dabara-şagalaňyny eşidilmez ýaly bir ýol tapmaly bolýarlar.Ýagny 2-3 kilometrlikde traktorlary goýup, şolaryň motorlarynyň sesiniň kömegi bilen toý geçiripdirler.”.96 [[10]]       

Eýranda şaýilaryň şerigaty bilen tapawutlylykda türkmenleriň sünni şerigatynda bagşyçylyk meselesinde açyk şertiň bolany sebäpli, soňky döwürlerde (1979-njy ýyldan soň) halk bagşyçylygy, ýagny dutar-gyjak bilen aýdym-saz etmek öz hakyky we tebigy ösüşine eýe bolup ugrady. Muňa ilkinji taryhy sebäp Muhammetrza şanyň tagtynyň ýykylmagy bolan bolsa, beýleki sebäp Sowet Türkmenistanyň radiýo we telewideniýesi arkaly efire göýberilýän türkmen halk aýdym-sazlaryň programmalary boldy. Emma şonda-da häzirki döwürde türkmen aýdym-sazynyň ösüşiniň öňüne geçilýän (bökdelýän) pursatlary az bolmaýar.

“1991-nji ýylyň maý aýynyň birinji güni Bendertürkmen şäherinde Yslam Respublikasynyň pasdarlary (sakçylary) bir türkmen ýaşulysyny gökdeklik bilen atýarlar. Şeýdip olar geçip duran toý-tomaşany gana bulaýarlar. Pasdarlaryň biri toýda ediljek bolunýan saz-söhbetiniň öňüni almak üçin ol ýere baranda, ýaşuly Ylýas aga Nazgylyjy ondan diňe bir sagat aýdym-saz etmäge rugsat sorany üçin, ol ony awtomat okuna tutýar. Ýaşulynyň gursagyny parran ýaryp çykan awtomat oky ýene iki adamy ýaralaýar. Şeýlelik bilen döwletiň goragçylary türkmeniň toý-şagalaňyny ýasa öwürýärler”.97[[11]]  ...

Şeýlelikde Beýik Magrymguly Pyragynyň:

 Ile döwlet geler bolsa,

  Bagşy bilen ozan geler.

     Ilden döwlet gider bolsa,

     Molla bilen tozan geler ...

Diýip, welilik bilen aýdan sözleriniň hakykatdygy şu günki Eýran Türkmenleriniň durmuşy bilen baglanyşykly bolup geçýän pajygaly ýagdaýlar hem doly subut edýär.

Eýran türkmenleriniň saz-sungaty barada iň soňky elimize gelip gowuşan maglumat, Eýran türkmenleriniň meşhur bagyşysy Nazarly Mähjubiniň nahoşlap aradan çykmagy barada berilipdir. Gülistan welaýatynyň belli neşirýatynyň biri “Gülistan-Eýran” atly aýda bir gezek çykýan gazýetiniň 2000-nji ýyl awgust aýy ,40-njy nomerindäki 7-nji sahypada Kümuşdepe şäheriniň häkimi Musa Jürjäni bilen “Türkmen bagşylary goldawa mätäçdir.” Diýilen söhbetdeşlikde şeýle maglumatlara gabat gelýäris: “Türkmenleriň iň meşhur bagşylarynyň biri halypa Nazarly Mähjubydyr.”(Bu barada 1989-njy ýylyň tomusynda Aşgabat radiostansiýasynda hut özüm hem ýörite gepleşik geçiripdim.(awtor).). “Çaýgowşan” atly obada (Kümmetkowus şäheriniň 15 k. metr demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.) ýaşaýar. Türkmen klassik sazynyň halypasy Nazarly Mehjuby gadymy köne dutary bilen durmuşda agyr geçirilen hasratly azaplardan söhbet açyp, geçmişleri ýatlaýar. Ol häzir ömrüniň iň soňky günlerini öz obasynda nahoşlyk düşekçesiniň üstünde geçirýär. Onuň tynha ýoldaşy şol dutardyr. Ol nahoşlyk döwründe ýeke özi derdu hasrat bilen hemra bolup galypdyr. Hiçkim hem ony soramaga barmaýar. Nazarly hasratly gözleri bilen gadymy we köne dutaryna göz gytagy bilen seredip, eline alyp, ony söýgi bilen öpüp oňa şeýle diýýär: “Durmuşymyň şat günlerini ýadyma salýan ýeke-täk gural sensiň !”- diýip, ýuwaşlyk bilen ýekelik sazyny çalyp, boguk owazy bilen tynhalyk aýdymyny pyşyrdaýar.

Dogurdanam bu garry halypa ýeke galypdyr. Geliň, onuň durmuşynyň soňky günlerinde, öz minnetdarlygymyzy bildireliň.

Esasy biziň bagşy-sazandarlarymyz diňe bir dutar bilen gün-güzeranlaryny aýlamany, eýsem maldarçylyk, daýhançylyk we beýleki işler bilen hem meşgullanypdyrlar.

Musa Jürjäni bu ýerde beýleki bagşy-sazandalar hakda hem şeýle ýatlap geçýär: “Akgalanyň bir kilometr günbataryndaky Akgabyr obasynda ýaşaýan halypa Durdy Törrük, soň Kümüşdepeli merhum halypa bagşy Hoja Şargy, Bendertürkmen şäheriniň bir kilometr günortasyndaky Ýomutly obada ýaşaýan gyjakçy Rahmangylyç Ýomudy, Bendertürkmen şäheriniň 7 kilometr gündogaryndaky Garagaşly obasynda ýaşap geçen we on ýaşynda dutar alyp kyrk ýyla çenli dünýäden ötünçä aýdym aýdyp bagşyçylyk eden Hoja bagşy (Hojakel bagşy), hem-de Kümmetkowus şäherinde-de belli halypa bagşylar döräpdir. Häzir ol ýerde iki topar bagşylar bar. Biri Azady adyndaky we beýekisi bolsa Magtymguly adyndaky bagşylar topary bolup durýar. Bu toparlarda Türkmensährada meşhur bolan bagşy we sazandalar tarapyndan iş alynyp barylýar. Şolaryň arasynda 25 ýyl bagşyçylyk edýän Gylyç Anweri, Kelala şäheriniň gündogarynda ýaşaýan “Arazmuhammet Bahoşi, ýene-de halypa Nazarly Mähjubynyň oňat şägirtleriniň biri halypanyň obasynyň ýanyndaky Gerkez obasynda ýaşaýan Aşyrgeldi Gerkezi we onuň gyjakçy dogany Hojageldi Gerkezi, hem-de halypa Nazarlynyň ýaş şägirdinden Mansur Sabuhy (sazanda) Durdy Törrük, Halat Sagadat, Aşyrmämmet Gerkezi hem-de Abdylmennan Ahengeri  dagylar bu halypanyň şägirdi diýip ýatlasa bolar.

* 1976-njy ýyllar töweregi türkmen toýlarynda çalynýan gurallar.


Bu gepleşikde beýleki halypa bagşylar hem-de ýatlanyp geçilýärler. Şolaryň arasynda atly halypalaryň biri ýaňy-ýakynda merhum bolan Dini Gerkezi hem-de ýeri gelende ýatlamaga mynasyp halypalaryň biri 1980-nji ýylda merhum bolan Gargy-Omçaly ( häzirki Simin şäher) şäherinden halypa Gazak Pang dutar çalmakda ýeke-täk bagşylaryň biridir. Ol esasan ýomut-gökleň bagşyçylyk ýolunyň wekilidi. Onuň ady diňe Eýranda däl-de, eýsem Türkmenistanda-da meşhur bolupdy. Şeýle hem Nazarly Mähjuby bilen Durdy Törrügiň aýdymlary birnäçe gezek hem programma boýunça Türkmenistandan efire göýberildi”.98[[12]] . 

Bu gepleşigiň dowamynda Kümüşdepäniň häkimi döwletiň şu mesele baradaky jogapkär işgärlerinden bagşy sazandalary hemaýat edilmegini talap edýär. Olara aýlyk tölenip, goldaw çärelerini ýerine ýetirmekligi haýyş edilýär.

Şeýle hem Türkmensähradaky görnükli ýazyjy, şahyrlar we sazanda- bagşylaryň wepat bolmazdan öň we soň sylag hormatlanylmagy barada aýdylýar.

“Halypa Nazarly Mähjubynyň wepat bolandygy hakynda “Sähra” gazýeti hem 2000-nji ýylyň awgust-sentýabr aýyndaky 23-nji sanynda 2 we 7-nji sahypalarynda habar berýär”.99[[13]].

Onda Gülistan welaýatynyň “Färhäng-ä erşad-e islami (Yslam Medeniýetiniň ýolsalgy ösüşi)” edarasynyň esasy müdiri Glyçlynyň çykyşy bilen bellenilýär.

Şol san gazýetde bagşynyň terjimehaly barada gysgaça maglumat hem berlipdir. Bu halypa bagşy 1929-njy ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň Gyzyl-Etrek etraby bilen serhetdeş Daşlyburun etrabynyň Garamahyr obasynda dünýä inýär. Onuň atasy “Ürküt” ady bilen tanalypdyr. Ürküt aga demirçi ussa bolupdyr. Ol bagşyçylyga örän gyzyklanypdyr. Nazarlynyň birinji halypasy hem şol öz atasy bolupdyr.


* Yslam respublykasynyň gelmezinden öňünçä türkmen toýlarynyň alynyp barylşy.


Nazarly halypa 11ýaşyndan dutary eline alyp başlaýar. Onuň bu käre meşgullanmagynyň esasy sebäbi şol bir wagtdaky  goňşysy “Aşyrbagşy” tarapyndan onda bagşyçylyga bolan has gyzyklanma döräpdir. Aşyr bagşy öz döwründe belli bagşy bolup Nazarly bagşa öýünde elmydama dutar çalyp aýdym aýtmagy öwredipdir. Yagny Nazarlynyň birinji resmi halypasy hem şol bagşy hasaplanýar. Nazarly bagşy ýene-de “Çalman bagşy”, “Welimkör bagşy” we “Subhan sazanda” ýaly halypalaryň şägirdi bolandygyny hem ýatlap geçýär. Merhum Nazarly birnäçe wagt Kümmetkowus şäherinde ýaşaýar. Emma durmuş güzeranynyň agyrlygy sebäpli Çaýgowşan diýlen oba göçüp, obanyň bir ter-çemenlik meýdanlarynyň birinde mekan tutýar.

Bu halypa Gürgen radiýosynyň açylmazyndan öň hem harby merkeziniň türkmen bölüminde bagşyçylyk edipdir. Gürgen radiýosynyň türkmen bölüminiň düýbüni tutup efire göýberilmegi-de bu bagyşa degişlidir.100.[[14]].                         


Taryh ylymlarynyň doktory:

 Hangeldi OWMUK

6-dec-/2005 ýyl



78. Pyragy Magtymguly,” Saỳlanan eserler ”, Aşgabat –

79. Fäslnameh-ỳe “Feragy”, sal-e ävväl, şomare-ỳe dovvom, tabestan, Gorgan- 1379 ş., säf. 14.

۷۹. فـصـلنا مه " فـرا غـی"، سا ل ا وّ ل، شما ره د وّم، تا بستا ن، گــرگــا ن -  ۱۳۷۹ ش.، ص. ۱۴.

80. Демидов С., « Туркменский Овляды »,  изд. «Ылыь»,Ашхабад- 1976 г,. 116 сер.

81. Короглы Х., « Огузский героический эпос», М. :1976 г., с. 47.

82. Weliew B., “Türkmen halk po,eziỳasy”, Aşgabat – 100 sah.

83. Şol ỳerde, 100 sah.

85. Nurbadow K., “Dilim gyrk”, Aşgabat – 1992 ỳ., 46-47 sah.

86. Şol ỳerde, 48 sah.

87. Ahmedow A., “ Dutaryñ owazy halkymyñ sazy”, Aşgabat -    ?      ,51 sah.

88. Беляев В. М., и Успенский В. А., « Туркменская музыка »,

89. там же, I том , 177 стр.

90. žurnal “ Türkmenistan halk magaryfy”, Aşgabat- 1992 ỳ., 2., 28 sah.

91. Jykyew A.,  “ Türkmenistan XV – XVIII asyrda”, “ Türkmenistan halk magaryfy” neşriỳaty, A 1992 ỳ., 73 sah.

92. Успенслий В. А., Беляев В. Мюб « Туркменская ьузыка », II том, 119, 159 сер.

93. Nurbadow K., /görk. Iş./, 49-53 sah.

93. Nurbadow K., /görk. Iş./, 49-53 sah.

94. Ataew S., “Eỳran Gürgen radiostantsiỳasy we onuñ ideologiỳasy”, Aşgabat – 1990 ỳ.

95. Žurnal “ Il güỳji”, Eỳran türkmenleriñ medeni – syỳasy Ojagynyñ neşriỳaty, 2, tomus, Berlin- 1364 ỳ., 33 sah.

۹5. ژورنا ل" ا یل گویجی"، ا یرا ن ترکمنلرینینگ مدنی- سیا سی ا وجا غئنئنگ نشری، ۲، توموس، بـرلـیـن – ۱۳۶۴ ش.، ص. ۳۳.

96. Ata ogly S., “Arkadaşlar hakda söz”, Aşgabat – 1991 ỳ., 23 sah.

97. Näşrriỳe-ỳe “ Torkmänestan-e Iran”, seri-ỳe ävväl, sal-e sevvom, şomare-ỳe 28-29, tabestan, Berlin-1370 ş.,

۹۷. نشریّه " ترکمنـستا ن ا یـرا ن"، سری ا وّ ل، سا ل سوّم، شما ره ۲۸-۲۹، تا بـسـتا ن ، بـرلـین غربی، ۱۳۷۰ ش.،

98. Häftename-ỳe “ Golestan-e Iran”, şomare-ỳe (40), 22-om-e ogost, Gorgan- 2000 m., säf. 7

۹7. هـفـته نا مه " گلـسـتا ن ا یـرا ن"، شما ره (۴۰)، ۲۲/ م ا وگوست، گـرگـا ن -  ۲۰۰۰ میلا دی ، ص. ۷ 

99. Mahname-ỳe “ Sähra”, sal-e sevvom, şomare-ỳe 23, ogost vä septambr, Gorgan- 2000 m., säfhat-e 2 vä 7.

۹۹. ما هنا مه " صـحــرا"، سا ل سـوّم، شما ره ۲۳، ا وگوست و سپتـا مـبر، گــرگــا ن -  ۲۰۰۰ میلادی، ص.ص. ۲ و ۷

100. Şol ỳerde , 7-8 sah.