dr.HangeldiOWNUK**********kandidatlykdissertasýadan

4. Dil we ýazuw medeniýeti

Diliň ewolýusiasy örän irki döwürlerden, baryp-ha ilki durmuş obşinasynyň umumy jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan ugur alyp gaýdýar. Ilkinji gepleýiş dilleri adamlaryň gündelik ykdysady, alyş-çalyş (aluw-beruw) we söwda aragatnaşyklary netijesinde, şeýle hem ýaşaýşyň köpçülikleýin şertlerine görä ýüze çykyp ugrapdyr.

“Dil hakykatda bolan amaly aňdyr. Ol pikiriň gös-göni hakykaty bolup, özi hem örän gadymydyr”.[1]

Gadymy dilleriň biri-de türki diller toparydyr.

“Türki dili altaý diller topary diýlip atlandyrylýar mongol we tunguz dillerine degişli bolan dil diýip tanalýar. Türki dili geografik-taryhy nukdaý nazar bilen fonetiki nukdaý nazarlaryň esaslarynda bölünip, şonuň birinji bölünşigini köpräk kabul edipdir”.[2]

Türki diliniň bölünşigi birinji garaýyş boýunça, aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

-- Orhon we Ýeniseý ýazgylary bilen kesgitlenilýän gadymy türki dili (uýgur dili, garlyk, …).

-- Orta asyr türk dili ýa-da Günbatar türki dilleri.

-- Oguz şahasyndan bolan Günorta-günbatar diller topary; oňa türkmen dili-de girýär.[3]

Türkmen diliniň taryhy eýýamlaryň uzak jümmüşinden gözbaş alyp, biziň döwrümize gelip ýetendigi hakda, onuň göwrümüniň şeýle giň bolandygy barada dürli alymlaryň ylmy işleri şaýatlyk edýär.

Soňky asyrlarda türkmen dili arap we pars dilleriniň täsiri netijesinde şol dilleriň hasabyna ep-esli baýlaşypdyr. Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda, Owganistanda, Eýranda, Orsýetiň Stawropol ülkesinde ýaşaýan türkmenleriň ene dili hökmünde türkmen dili öz ýaşaýyş ömrüni dowam etdirýär.

Häzirki döwürleriň syýasy we jemgyýetçilik özgerişleriniň netijesinde Eýranda dil we ýazuw ösüşini peseltmekde we ol gözel diliň ýoýulmagynda birnäçe otrisatel çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Şol çäreleriň esasyny Eýran patyşalygynyň ol ýerde ýaşaýan az sanly halklara garşy alyp barýan şowinistik syýasatlary düzýär.

Bu hili syýasat geçen on ýyllykdan ozal Rza han we onuň ogly Muhammet Rza Pählewiniň eli bilen öňe sürlen bolsa, 1979-njy ýýldan soň Yslam Respublikasynyň az sanly halklara garşy şowinistik syýasatlary boýunça öňe sürülýär. Eger-de pählewileriň döwründe diňe pars milletçilik syasatlary bilen türkmen halkynyň medeniýetine garşy çemeleşilen bolsa, häzirki döwürde hem bu ýol dowam etdirilip, ondan daşgary-da şaýy fundamentalçylygyň esasynda aýry din-meshepli we dilli halklaryň medeniýeti ýoýlup, olary hem şaýylaşdyrmak ugrunda çemeleşýärler.

Her diliň esasy ähtiýajy onuň ýazuw elipbiýidir. Her diliň şekillendiriş ýazuwy bolmasa, ol diliň ýoýulmagyna alyp barýar. Eger-de edebi dil işlenip ösdürilmese, gadymy sözler terminler ýoýlup, şol halkyň dilinde täze sözler orun alar. Her halkyň medeniýetiniň ösmegi onuň edebiýatyny öwrenmek bilen baglanyşykly bolup, onuň hem ýörite özleşdirilen ýazuwy bolmalydygyny ýatdan çykarmaň.

Diliň ähmiýeti birinji orunda dursa, ikinji orun hat we ýazuwa degişlidir. Edebi dil hat-ýazuw arkaly geljek nesillerimize aralaşyp, ol dil medeniýetimiziň ýitmesizliginiň esasyny düzýär.

Käbir taryhy şertler esasynda, köp sözler şekil we many taýdan üýtgemäge sezewar bolupdyr.Bu ýasdaý türkmen dili babatda-da belli-belli döwürlerde şeýle bolupdyr. Häzirki zaman şertlerinde Eýranda ýaşaýan türkmenler hem şeýle prosesi başdan geçirýärler. Eger-de Eýran türkmenleri babatda ýöriteleşdirilen hat we ýazuw grafikasyna üns berlip, bu ugurda  belli bir karara gelinmese, onda ol ýerde ýaşaýan türkmenleriň dil medeniýeti ýoýlup, wagtyň geçmegi bilen bütinleý ýok bolup gitmegi-de ikiuçsyzdyr.

Eýranda, hatda türkmen intelligensiýasynyň wekilleri-de ýazylan eseri okajak bolanda, özüni näbelli, geň harplyklaryň öňünde oňaýsyz duýýar. Şonuň üçin, Eýran türkmenleriniň dil bilimi babatda sowatly diýilýän adamlar oňa dürli çäreleri agtarýarlar. Emma henize çenli düýpli karara gelinmändir.

Mahmyt Kaşgarlynyň berýän maglumatyna görä, yslam dini Orta Aziýa ornaşmazyndan ozal, türkmen medeniýetinde käbir alamatlar ýazuw hökmünde ulanylypdyr. Ol alamatlar 22 harpdan ybarat bolup, ýörite türkmen elipbiýini emele getiripdir. Şeýle hem türkmen halkyndan gadymdan ulanylýan harp belgileriniň bolandygyny henize çenli mal-garalaryň belli bir tagmalar bilen alamatdyrylşyndan hem aňyp bolýar.

Nurmuhammet Andalyp öz “Oguznama” atly eserinde 24 sany tire-taýpalaryň tagmasynyň türkmenler arasynda harplyk hökmünde ulanylandygy barada maglumat beripdir.[4]

XVII asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Şakandy öz eserinde türkmeniň gadym 24 sany harpyndan maglumat berýär, şeýle hem arap hatyny tankytlamak bilen, ýitirilen harplygy wasp edýär:

Bir asmany bela inip nahandan,

Ýuwutdy ol dürli gymmat bahany.[5]

Abulgazy Bahadur han hem türkmen halkynyň 24 sany tagmasy we olaryň harplyk deregine ulanylyşy barada maglumat beripdir”.[6] Emma Şeýdaýy öz “Gözel ýigrimi bäş” atly eserinde bu harpyň sanyny 25-e ýetirýär.

“Ýedisinden owaz çykyp,

On sekiziň tartar çekip,

Üç müň ýaşda ömrüň ýakyp,

Geçirdik, gözel ýigrimi bäş.

Matam, mersiýe, Şakandy,

Ýazyp geçmeli niçe bendi,

Okap ýat ederler şindi,

Seni yzlap, gözle ýigrimi bäş”.[7]

Haçan-da türkmenler tarapyndan yslam dini ykrar edilenden soň (IIX asyrdan  X asryň ahyrlaryna çenli ) dürli ýazgylarda arap elipbiýi ulanylyp ugraýar. Ýöne bu elipbiýiň türkmen diliniň fonetiki we ses aýratynlyklaryny doly görkezip bilmeýänligi üçin, türkmen diliniň fonetik aýratynlygyny özgerdýär. Şonuň üçin 1915-nji ýyldan soň, türkmenler ilkinji “jezitçe” (täze) elipbiý bilen arap-pars elipbiýsini türkmen diline laýyklykda üýtgedip başlaýarlar. Şol ýyllarda “Mawra-e-Bähre Hazar”, “Türkistan”, “Magtymguly diwany”, we ýene birnäçe şoňa meňzeş dürli neşirler şol jezitçe elipbiý bilen neşir edilipdir. 1926-njy ýylda umumy türki dilli halklar Azerbaýjanyň merkezi Baku şäherinde türki dillileriň ýörite elipbiýini döretmek barada konferensiýa geçirilip, onda latyn elipbiýine geçmeklik karar edilýär. Şondan soňra Türkmenistanda on ýyla golaý (30-njy ýyllar) latyn elipbiýi ýöredilýär. Ýöne Eýran türkmenleriniň arasynda syýasy şertleriň näsazlygy sebäpli bu babatda bitiren hiç bir işleri bolmady. Diňe 1979-njy ýylda bolan özgerişlerde türkmen intelligensiýa wekilleri tarapyndan bu ugurda dürli pikirler orta atyldy. Şol döwürde ilki latyn elipbiýinde düzülen harplygyň kömegi bilen pars-arap harplygyna birnäçe üýtgeşikler girizildi. Türkmen ses aýratynlyklary bolsa, aýratyn bir belgi ýa-da harp bilen görkezildi.

Umuman, Eýran türkmenleriniň hat meselesini düýpli çözmekde dürli pikirleriň we garaýyşlaryň arasynda iki garaýyş esasy rol oýnaýar:

I. Haty düýbünden üýtgedip, latyn elipbiýine geçmek.

II. Köne arap-pars ýazuwy esasynda täze türkmen elipbiýini döretmek.

Käbir ýerli sebäplere we şertlere görä, ýagny pars dilli we ýazuwly halklar bilen bir döwletde ýaşap oturmaklyk sebäpli, birinji garaýşy durmuşa ornaşdyrmak işiniň kynçylygy henize çenli dowam edýär. Şonuň üçin-de, häzirlikçe ikinji garaýşa gulluk etmek baradaky pikir ýörgünli bolmagynda galýar.

Şu jähetden, Eýranda soňky döwürlerde türkmen diliniň fonetik aýratynlygy göz öňünde tutulyp, arap elipbiýi bilen türkmen dil bilimine degişli käbir işler neşir edilýär. Şolaryň biri-de Kümüşdepeli türkmen alymy Nurmämmet Muttagynyň “färhäng-e Sina” atly sözlügüdir.[8]

Bu sözlügüň ähmiýetli taraplary hakynda Eýran türkmenleriniň edebiýaty we dili barada barlag işlerini alyp barýan filologiýa ylymlarynyň kondidaty K. Nurbatow “Türkmenistan” gazetinde öz wagtynda çykyş etdi: “Şu mahala çenli türkmen dili dürli künjeklerde, dürli sözler, dürli hatlar bilen ýazylyp, biri-birinden kän parhly bolup gelýär. Özüne gerek aýratyn kadaly, düzgünli haty bolsa-da, ony berilmäni, göz öňüne alnyp ulanylmandyr we köp sözler öz durmuşundan üýtgedilip, sandan çykarylyp, başga sözler ara gelip goşulmak sebäpli, şu gözel diliň baýlygy ýok bolmaga çenli bolup barýar”.[9]

Kitabyň awtory Kümüşdepeli türkmen Nurmämmet Muttagy bu sözlügi düzmek bilen “gözel diliň baýlygyny” nesillere ýetirmegi maksat edinipdir. Awtor “Sözbaşynda-da” nygtaýşy ýaly, “at bolmasa ýol bolmaz, dil bolmasa il bolmaz” diýen nakyla uýup, türkmen diliniň her bir sözüni mümkin boldugyça, doly aýdyňlygy bilen halka düşündirmäge synanşýar. Şonuň bilen bir hatarda, türkmen dilinde ulanylýan şol bir sözüň pars diline terjimesini hem berýär.

Awtor bu sözlügi düzmekde “fransuzça-parsça”, “Parsça-iňlisçe” sözlüklerden, Eýranyň Kabul neşirýatynda çykýan “Türkmen diliniň sözlügünden”, “Atalar sözlerinden”, “Türkmen ertekilerinden”, doktor Ýusup Azmunyň “Dästur-e zeban-I torkeman” diýen işinden we beýleki bir topar edebiýatlardan, ylmy çeşmelerden peýdalanypdyr.

Bu sözlügiň özüniň gurluşy we düzülişi babatda birnäçe aýratynlykdan ybaratdygyny ilkinji nobatda bellemek gerek. Ol hem şular ýaly saldamly sözlügiň Eýranda türkmen dilinde ilkinji gezek çykarylýandygyndan bolsa gerek.

Kitapda “Sözbaşydan” soň sanlaryň parsça we türkmençe aýdylyşy hem olaryň tertibi we mukdary aňlatmakdaky aýratynlygy aýry-aýrylykda berilýär.

Mysal üçin: “Ýek bir, do-iki, se-üç…”

“Ýekom-birinji, dowwom-ikinji, sewwom-üçünji…”

Ondan soňra sözlügiň alynyp-barylyş tertibine degişlilikde parsça, arapça, türkmençe aý atlary getirilýär. Awtor bu ýerde aý atlarynyň arapça aýdylyşyny kadadan çykma ýagdaýda getirýär, bu megerem, aý atlarynyň türkmençe aýdylyşynyň aslynyň haýsy dile degişlidigini aýdyňlaşdyrmak üçin şeýdilendir. Şeýle hem awtor aý atlaryna degişli sahypada aýlaryň milady hasaby boýunça aňladylyşyny hem görkezýär. Bu-da aýlaryň dürlüçe atlandyrylyşy barada düşünje almakda sözlükdäki okyja peýadaly aýratynlykdyr.

Sözlükde “görmek”, “almak”, “iýmek”, “urmak” sözleriniň mysalynda sözleriň ýöňkeme bilen üýtgedilişi hem iki dilde-türkmen we pars dillerinde berilýär. Bu hem sözlügiň bir parhlylygydyr.

Sözlügiň aýratynlygynyň biri-de türkmen dilindäki sözleri arap elipbiýiniň ýigrimi dört harpy bilen aňladyp bolýanlygy baradaky awtoryň özüniň öňe sürýän elipbiý konsepsiýasydyr. Awtor pars elipbiýi otuz iki harpdan ybarat bolsa, türkmen dili ýigrimi dört harpdan ybaratdyr diýip belleýär.

Hereketler, sesler, üstün, astyn, otur, dyngy, tänwin arkaly şol ýigrimi dört harp bilen türkmen dilindäki ähli sözleri ýazyp hem okap bolýanlygyny subut edýär. Uzynlyk, gysgalyk meselesinde-de Nurmämmet Muttagynyň öz garaýşy bar. Ol eger , harpyň üstünde “kese çyzyk” (-) goýulsa, şol harpyň çekimli sesi döredýändigini tekrarlaýar.

Mysal üçin, “ak” sözüniň “a” harpynyň üstünde “kese çyzyk” goýulsa, ol “a:k” diýlip uzyn aýdylýar we reňki aňladýar. Eger , şol harp “kese çyzyksyz” bolsa, onda ol “akmak” manysynda bolup, çekimli-çekimsiz hereketini aňladýar.

Mundan başga-da awtor “wawyň” (“w” sesi) üstünden otur, dyngy, tänwin ýaly degişli bellikler goýmak arkaly, türkmen dilinde “o”, “ö”, “u”, “ü” seslerini emele getirmek mümkindigini subut edýär. Bu ýagdaý türkmen diliniň sözleriniň aýdylyş aýratynlygyny doly ýüze çykarmakda peýdaly subutnamadyr.

Kitabyň başynda, entek sözlüge girişmänkä, ýokardakylar barada, gysga-da bolsa, düşünje bermegi, sözlükde sözlgiň okalyşyny kadalaşdyrmaga, olaryň manylaryny aýdyňlaşdyrmaga okyja doly mümkinçilik döredýär.

Türkmençe-parsça sözlük diňe bir sözleriň gönümel terjimesi däl-de, eýsem onuň türkmençe bölegi köp babatda düşündürişli sözlükdir.

Mysal:

Asgyn: güýji pes, güýçsüz, gowşak-natuwan, bihal (parsçasy).

Sözlükde diňe bir düýp sözlere däl, eýsem tirkeşdirilip ulanylýan sözlere-de düşündiriş berilýär. Mysal:

Abyr-zabyr: bolar-bolmaz haýbat, abaý, dopulmak-tähdid (parsçasy).

Sözlükde şol bir sözüň aňladýan manylarynyň dürli-dürliligi boýunça düşündirişi hem berilýär.Mysal:

Agaç: bag-daragt.

Agaç: odun, ýakylýan gury agaç-hizom.

Agaç: tagta, ussalaryň işleýän gowy, ýylmanak, geýim agajy, tagtasy-çub-e sän’äti.

Agaç: parsag, alty müşlyk, uzaklyk, aralyk-şeş kilometr.

ýa-da:

Kak: dilinip guradylýan gawun.

Kak: gury, sykylan, guran, suwy gaçan, gurak.

Kak: çöl ýerde oý ýere ýygnalan ýagyş suwy.

Kak: ur .

Sözlükde sözleriň manylarynyň giňelmegi bilen emele gelen atlaryň düşündirilşine-de ýeterlik orun berlipdir. Mysal:

Galam: çemçe-gaşok (parsçasy).

Galam: gardaş, hat ýazylýan abzal-galam, mädad (parsçasy).

Beýle ýagdaý sözleriň ulanylyşynyň örüsini giňeltmekde oňaýly bolup, oňa diýalekt sözi hökmünde garamak nädogrudyr. Galyberse-de, umumy edebi diliň özeni diýalekt sözlerinde ahyry.

Umuman, “Fäheng-e Sina” atlandyrylan Nurmämmet Muttagynyň sözlügi barada, onuň ähmiýeti dogrusynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Ol ilkinji nobatda türkmen dilini ähli gözelligi bilen ulanmaga, öwrenmäge maýyl her bir adama diýseň gymmatly gollanmadyr.

Elbetde, kitapda ýetmezçilik ýok diýip bolmaz. “Bir kössüz gözel bolmaz” diýlişi ýaly, onda-da heniz bärden gaýtmalar bardyr. Muňa “Sözbaşyda” boýun alşy ýaly, awtoryň özi-de ynanýar. Elbetde, awtor ýene bir zada ynanýar, ol hem şu sözlükden peýdalanjak adamlaryň türkmen diliniň baýlygyna ýene-de bir gezek göz ýetirjekdiklerine bolan ynam. Onuň şeýle digine biz hem ynanýarys.

Mundan başga-da soňky döwürde türkmen dilini arap elipbiýiniň esasynda garaşsyz Türkmenistanda häzirki ulanylýan kril elipbiýiniň üsti bilen Eýranda ýaşaýan türkmenlere öwretmekde-de belli bir işler edildi. Muňa mysal edip, Mahmut Atagözliniň türkmen dilini özbaşdak öwrenýänler üçin taýarlan “Hod amuz-e torkmäni” (neşir eden Hajy Talaýy) atly kitapçasyny görkezmek bolar.[10] Bu kitapçanyň ähmiýetli hem bärden gaýdýan taraplary barada K. Nurbatow “Türkmenistan” gazetinde çykyş etdi.[11]

Türkmen dilini Eýran türkmenlerine arap elipbiýiniň esasynda latyn elipbiýi bilen baglanyşdyryp öwretmek meselesi hem ünsden düşürilmedi. Bu ugurda Myratdurdy Gazynyň taýýarlan “Türkmen dili” kitaby degerli gollanma bolup hyzmat edýär.[12]

Pars dilinde ýazylan bu çaklanja kitabyň esasy maksady pars dilli okyjylara türkmen dilini, onuň dürsýazuwyny öwretmekden ybarat bolup, awtoryň bu ugurdaky tagallalary köp babatda ýerine düşüpdir.

Beýik taňrynyň ady bilen başlanýan bu kitapda ilkinji nobatda ses we harp barasynda başlangyç maglumat berlip, türkmen dilinde bir bolan otuz sekiz sany harp elipbiý tertibi boýunça kril (rus)  hatynyň nusgasynda ýerleşdirilýär. Soňra olaryň çekimli sesler diýip iki topara bölünýändigi, on üç sany çekimli sesiň dördüsiniň iki sesli (Ýe, ýo, ýü, ýa) harpdygy, çekimlileriň dördüsiniň ýogyn (a, o, u, y), bäşisiniň inçe (a, e, ü, I, e) çekimliligi düşündirilýär. Şeýle hem çekimlileriň öz aralarynda dodaklanýan we dodaklanmaýan çekimlilere bölünýändigi bellenýär. Şu ýerde awtoryň dodaklanýan we dodaklanmaýan çekimliler babatda özboluşly aňlatma (termin) ulanýandygyny hem aýtmak gerek. Ýagny, awtor dodaklanýan çekimlilere (o, u, ö, ü) “tegelek aýdylýan” çekimliler, dodaklanmaýan çekimliler (y, a, ä, e, i) “ýasy aýdylýan” çekimliler diýse hem boljakdygyny nygtaýar.

Awtor türkmen dilinde goşulmalaryň goşulyş ýollary barada hem gürrüň etmek bilen, haýsy çekimliden soň, haýsy çekimliniň gelip biliş ýollaryny mysallar arkaly düşündirýär. Mysal üçin, “a”-dan soň “a” (gara), “y” (adam), “u” (gawun) we ş.m. gelip biliş ýollary barada maglumat berýär. Munuň özi, elbetde, awtoryň türkmen diliniň häsiýetli aýratynlygynyň biri hökmünde görkezmek isleýän original pikiridir.

Kitapda türkmen diliniň sesleri we harplary barada maglumat berlende, ýene-de awtor oňa öz nukdaýnazaryça çemeleşýär. Ýagny ilki çekimliler hem olaryň ýazylyşy hakynda, yzyndan hem çekimsizler we olaryň ýazylyşy hakynda düşünje berýär. Her ses we harp barada maglumat berilende, şol sese we harpa degişli aýratynlyk hakynda hem gysgaça durlup geçilýär. Mysal üçin, türkmen dilinde “B” (“b”) sesiniň sözüň soňunda gelmeýändigini, onuň ýazuwda “p” bilen berilýändigini awtor “açyp”, “gelip”, “geçip” ýaly sözleriň mysalynda düşündirýär. (23-nji sah.). Ýa-da arap, pars sözlerinde sözüň soňunda eşidilýan we ýazylýan “b” sesiniň türkmen diliniň dürs ýazuwynda “p” görnüşinde ýazylýandygyny düşündirýär. Ýagny, parsça: “kebab”, “edeb”, türkmençe “kebap”, “edep”. Türkmen dilinde “b” sesiniň ortada gelende, ýasy yşgalaňly “w” ýaly aýdylýanlygyny, ýazuwda “b” ýazylýandygyny “oba”, “ýaby” ýaly sözleriň mysalynda dogry düşündirýär.

Umuman, awtor türkmen diliniň her sesi, her harpy barada maglumat berende, onuň pars dilli okyjylara düşnükli bolmagy üçin, deňeşdirme usulyndan peýdalanýar. Bu bolsa öwrenilýän sesi, harpy dogry özleşdirmäge mümkinçilik döredýär.

Türkmen dilindäki “P” sesi barada maglumat berende, bu sesiň arap, pars dillerindäki “f” sesine laýyk gelýändigini, ýöne onuň türkmen dilinde “p” ýaly aýdylýandygyny we ýazylýandygyny iki dile-de düşnükli bolan “depder (defter)”, “pil (fil)” sözleriň mysalynda anyklaşdyrýar (24-nji sah.).

Edil şonuň ýaly, pars dili üçin mahsus häsiýeti bolan sözüň soňunda ýazylýan “d” sesiniň türkmen dilinde “t” ýaly aýdylýandygyny we ýazylýandygyny anyk mysallar bilen delillendirýär.

Meselem: “Mered-Meret”, “şad-şat” we ş.m-ler. (27-nji sah.).

Bilişimiz ýaly, arap elipbiýinde türkmen dilindäki bilen deňeşdireniňde, käbir harplaryň iki, üç, hatda dört görnüşi bar. Gürrüňi edilýän kitapda awtor türkmen dilindäki “t”, “h”, “s”, “g”, “k” sesleri (harplary) barada düşünje berende, olaryň arap elipbiýindäki iki, üç görnüşli harplaryň hemmesi üçin bir umumy ulanýandygyny dogry düşündirýär. Mysal üçin, “top”, “sagat”. “pagta” ýaly sözlerdäki “t” sesi pars dilinde “ti” harpy bilen ýazylsa, “hat”, “talyp” sözlerindäki sesi pars dilinde “ti” harpy bilen ýazylýar. Emma türkmen dilinde şolary aýry-aýry ýazyp görkezýän iki sany “t” harpynyň ýokdugyny, onuň ýeke-täk “t” harpy bilen ýazylýandygyny düşündirende, awtor iki dil üçin hem düşnükli sözleri mysal alýar. Bu bolsa oňa doly we dogry göz ýetirmäge ýardam edýär.

Edil şonuň ýaly, arap elipbiýindäki dört görnüşi bolan “z” sesiniň (harpy) pars dilinde aýry-aýry sözler üçin dört hili, türkmen dilinde bolsa ýeke-täk görnüşde ýazylýandygyny düşnükli mysallar arkaly delillendirýär. Meselem: arap elipbiýinde “öküz”, “biz”-“zi” bilen, “kagyz”, “zat”-“zal” bilen, “mazmun”, “rza”-“zad” bilen, “zalym”, “wagyz”-“zaý” bilen ýazylýar. Emma türkmen diliniň kril hatyndaky häzirki zaman dürs ýazuwynda olaryň ählisi ýeke-täk “z” bilen ýazylýar.

Kitapda şular ýaly gyzykly materiallar bilen bir hatarda, türkmen diliniň häzirki zaman elipbiýindäki “ц”, “щ”, “ъ”, “ъ”, ýaly harplary barada-da özboluşly düşünjeler berilýär. “ц” harpynyň rus sözleri üçin mahsuslygy, ony pars dilinde “ts” bilen aňlatmak mümkindigi aýdylyp, pars diliniň dürs ýazuwynda ony “s” bilen ýazmak maslahat berilýär. (“Sement-sment”, “Цирк-sirk”) (35-nji sah.).

“Щ”, “Ъ”, “Ъ” harplarynyň hem aslynda rus sözleri üçin mahsuslygy aýdylyp, onuň “ýaşik”, “sentýabr”, “Iýul”, “çärýek”… ýaly sözlerde türkmen diliniň dürs ýazuwyna girendigi bellenilýär.

Türkmen dilindäki “ň” sesi barada hem düşünje berende awtor bu sesiň pars dilinde “NG”-sesleri bilen aňladylýandygyny dogry belleýär.

Mundan başga-da kitapda türkmen dilinde dymyk çekimsizleriň (“К, П, Т, Ч”) açyga (G, B, D, J) öwrüliş olar barada-da düşünje berilýär. Şeýle hem awtor “at”, “saç”, “kök”, “çöp” ýaly sözlerde yzyna çekimli bilen başlanýan goşulma goşulanda hem sözüň soňundaky dymyk çekimsizleriň açyga öwrülmeýşini dogry belleýär.

Kitapda her harpyň ýazmaça nucgasynyň ştrihler bilen düşnükli edilip görkezilmegi özleşdirilýän harpy dogry ýazmaga mümkinçilik berjekdigi ikiuçsyzdyr.

Sanlaryň ýazmaça we basmaça nusgalarynyň berilmegi hem kitabyň ýene bir parhly tarapydyr.

Kitapda özleşdirilýän harplar bilen baglanşykly suratlaryň ýerleşdirilmegi hem bu kitabyň gymmatyny artdyrýar.

Kitabyň ahyrynda Magtymgulynyň “Barmy, ýaranlar”, “Gözüm düşdi”, goşgulary, Miralyşir Nowaýynyň “Şirin-Perhat” eserinde bölek, Baýramhanyň kytgalary arap we türkmen elipbiýilerinde berilýär. Bu bolsa, parallel teksti özleşdirýän elipbiýde okamaga oňaýly täsir edýär.

Kitabyň soňky sahypalaryny türkmen elipbiýiniň arap, kril we täze latyn hatlaryndaky nusgalaryna degişli tablisiýalar düžýär.

Elbetde, bir kemsiz gözel zat ýok. Bu gürrüňi edilýän kitapça babatda-da şeýledir. Käbir suratlaryň atlarynyň ýalňyş ýazylmagy, käbir sözleriň türkmen diliniň leksikasyna mahsus däldigi, has we jyns atlaryň terjimesindäki we awtobiografiýasyndaky käbir säwlikler-bular indiki neşirde ýüzugra düzedip boljak zatlar.[13]

Görnüşi ýaly, garaz türkmen dilini ýitirmesizlik babatda Eýran türkmenleriniň arasynda belli bir iş edilýär. Olaryň hemmesi-de arap-pars elipbiýiniň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Öňde-de belläp geçişimiz ýaly, arap-pars elipbiýi häzirki dowam edýän şertlere laýyklykda Eýranda türkmen dilini öwretmegiň esasy ýazuw çeşmesi bolup durýar.

Häzirki zamanda ýazmakda “wagta”, “tizlige”, “gysgaltma”, sarpa goýulýan döwürde, geljekde Eýran türkmen diliniň latyn hatyna esaslanýan elipbiýine geçilmek çäresiniň işlenip düzüljekdigine ynansa bolar. Sebäbi, latyn elipbiýi ähli babatlarda dünýä derejesindäki ösüşleriň esasyny düzýär. Şu jähtden, Garaşsyz Türkmenistanyň  resmi grafikasyny latyn elipbiýi esasynda kabul etmegi (1996) oýlanylmaly taryhy hadysadyr. Latyn elipbiýiniň halklaryň, ylaýta-da, ruhy medeniýetiniň ösüşine ep-esli goşant goşjakdygyny göz öňünde tutsaň, Eýran türkmen diliniň hem bu elipbiýe esaslanmagy gutulgysyzdyr. …

Indi Eýran türkmenleriniň okuw sistemasy we ilkinji mugallymlary barada gysgaça ýatlap geçeliň. Günorta Türkmenistanda okuw medeniýeti 1954-nji ýyla çenli iki merkeze bölünipdir: Birinjisi-gadymy Astrabad (Häzirki Gürgen) şäherine tabyn edilen okuw düzgünlerini ýöriteleşdirýän merkez (Edare-ýe koll-e Amuzeş we Pärwäreş-e Däşt-e Gorgan, اداره کل آموزش و پرورش دشت گرگان ). Ikinjisi-şol edara tabynlykda Kümmet-Kowus şäheriniň okuw we terbiýe edarasy. 1954-nji ýyldan soň olaryň her haýsy bir- birine garaşsyz edara öwürdiler.

Eýranyň pars ýazyjysy Asadulla Moiniň berýän maglumatyna görä, Türkmensährada 1925-nji ýyla çenli gadymy medreselerden başga, häzirki görnüşdäki mekdep ýoky. Emma döwletiň harby goşuny ol ýerdäki türkmenleriň ýaraglaryny elinden alandan soň, 3 sany mekdep (  دبـسـتان) Kümüşdepede, Hojanepesde we Omçalyda) gurulypdyr. 1926-njy ylda Kümmet-Kowus şäherinde “Gabus-ibn-e woşimgir” (قابوس ابن وشمگير)   atly mekdep gurulýar. 1929-njy ýylda ýene-de internat görnüşünde “Darulterbiýe” (دارالـتربيـه) atly mekdep açylyp, onda 100 sany türkmen çagasy okadylyp başlanypdyr. Olar 1932-nji ýyldan altynjy klasdan soňky (ýokary) bilimi Almak üçin Benderşa (häzirki Bendertürkmen) şäherindäki açylan “Hünär senagat tehnikomyna okuwa gitmeli bolupdyrlar.” 1936-njy ýylda bu tehnikomy Astrabad şäherine geçirýärler.

Şol döwürlerde okap, terbiýe alan intelligensiýa wekilleriniň köpüsi Amanjan Abaýy, Sapar Hatyby, S.Gökleňi, S. Ahally Ensary, B. Mudarrasy, K. Muzaffary, N. Aşyrpur, R. Rahmany, M. A. Molamy we beýlekiler soňabaka Eýran patyşalygynyň garşysyna göreşýän oppozisiýon partiýa guramalaryň agzasy bolýarlar.

Osman Ahunyň garaşsyz häkimiýeti ýykylandan soň (1926) Eýran türkmenleriniň täze medeniýetiniň ylmy atasy hökmünde on ýyllap Buharada okap, ýokary bilim alan Hojanepesli Hajy Amangeldi Ahun Hanafynyň ady agzalýar. Ol türkmen intelligensiýasynyň ilkinji mugallymydyr.

Günorta Türkmenistan Eýran patyşalygynyň harby güýçleri tarapyndan basylyp alnandan soň, Amangeldi ahun Hanafy Hojanepes etrabyndaky “Medrese-e Zahedi” (مدرسه زاهدی)  atly mekdepde mugallym bolup işe başlaýar. Ol medresäniň ady soňabaka “Däbestan-e Mir-e Jorjany-ýe Hajenäfäs(دبستان ميرجرجانی خواجه نفس)” ýagny “Hojanepes etrabynyň Mir Jürjeni adyndaky Mekdebi” -diýlip atlandyrylýar.

Ikinji türkmen mugallymy merhum Miraly Sopynyň ogly Niýazgylyç Ahun Hanafydyr. Ol 1917-nji ýylda Omçaly obasynda dogulýar. Buharada ýokary okuwy gutaryp, ahunlyk derejesini alyp, ýene Omçala gaýdyp gelýär. Ol hem şol täze guralan okuw jaýynda mugallymçylyk edýär.[14]

Üçünji mugallym bolsa belli türkşynas alym Usup Azmunyň atasy Maşdi molla Azmundyr. Ol hem Kümmet-Kowus şäherinde mugallymçylyk bilen meşgullanypdyr. Kümüşdepe şäherinde birinji mugallym hökmünde Annamolla Şirwany diýlip atlandyrylýar.

Mahlasy, Eýran türkmenleriniň şol döwürden soňky intelligensiýa wekilleri şu dört mugallymyň elinden çykan okuwçylarydyrlar.

Şu ýerde bir meseläni ýatlap geçmek zerur: Ol döwürde medrese iki topara bölünipdir. Birinji topar hökümet tarapyndan salnan ýörite jaýlar bilen üpjün edilipdir. Ikinji topar öňden bar bolan hüjrelerde okadylyp, olarda diňe dini bilim berlipdir. Soňabaka Eýran patyşasy Muhammet Rza Pählewiniň hökümeti tarapyndan mollalar harby gulluga çagyrylyp, bu hüjreler öz taryhy ähmiýetini ýitiripdirler.

Eýranyň okuw sistemasynyň çyzywy

Çagalar bagy (7 ýaşdan)


Bäş ýyllyk başlangyç mekdebi

(7 ýaşdan beýläk)

Döwlet                    ekzamen

3 ýyllyk okuw ugrukdyryş tabgyry

Döwlet       ekzamen

2 ýyllyk tejribe ylymlary

2 ýyllyk gumanitar ylymlary

Matematika-fizika ylymlary (2 ýyl)

Tebigat öwreniş ylymlary (2 ýyl)

Jemgyýetçilik-ykdysadyýet ylymlary (2 ýyl)

Edebiýat-medenýet ylymlary (2ýyl)

Döwlet ekzamen

Döwlet ekzamen

Döwlet ekzamen

Döwlet ekzamen

Ỳokary okuw jaýlaryna girmek üçin ähli Eýran boýunça (konkurs) giriş ekzamenleri



[1]. Mаркс K., Энгелъс Ф., « Немецкая Идеология », Москва – 1933 г., 20 стр.

[2]. Käsraiỳan N. Vä Ärşi Z., “ Torkmänha-ỳe Iran ”, enteşarat-e “ Sekke”, Tehran - sal-e 1370 ş.,motabeg ba sal-e 1991 m.,säf.25

۵۱. کسرا ئیا ن ن. و عـرشی ز.، " تــرکـمـنـهـای ا یــرا ن"، ا نتــشـا را ت " سـکّـه"، تـهـرا ن – سا ل ۱۳۷۰/ ش.، مطا بق با سا ل ۱۹۹۱/ م.، ص.۲۵

[3]. Vämberi Arminỳus, “ Syỳahät-e därvişi drugyn där hanta-e Asiỳa-ỳe Märkäzi ”,tärjome-ỳe F. Hajehnuriỳan, enteşarat-e “ Elmi - Färhängi”, Tehran – 1982 m., säf. 195

۵۲. وا مـبری آرمینـیوس، " سـیـا حـت د رويـشی د روغـين د ر خـا نـا ت آ سـیا ی مـرکــزی "، تـرجـمه  ف. خـواجه نـو.ريا ن، ا نـتـشا را ت         " علمی - فرهنگی"، تـهــران – ۱۹۸۲ /م.، ص. ۱۹۵

[4]. Bekmyradow A., “ Andalyp hem oguznamaçylyk däbi ”, Aşgabat – 1990 ỳ.

[5]. MGI ( ИНВ ).

[6]. Родослав , « Туркм. …», / görk. iş /, 54 c.

[7]. Şeỳdaỳy , “ Diwan ”, Aşgabat- 1975 ỳ., 47 sah.

[8]. Muttagy N., “ Färhäng-e sina ”, Kümmetkowus – 1993 m.ỳ., 1-60 sah.

۵۷. مـتّـقی نورمحمّد، " فـرهنگ سـیـنـا"، گـنـبـد کا ووس -  سال ۱۹۹۳/ م.، ص. ص. ۱-۶۰

[9].“ Türkmenistan ”, 2-nji iỳun, 1993 ỳ.

[10]. Kazy haç Myratdurdy , “ Hod amuz-e torkmäni ”, Mäşhäd – 1372 ş., säf. 120.

۶۰. قـاضـی حاچ مـراد دوردی، " خـود آمـوز تـرکـمـنی"، مـشـهـد – ۱۳۷۲/ ش.، ص. ۱۲۰

[11]. “ Türkmenistan ”, 1994 ỳ., / görk. iş /,

[12]. Kazy haç M., “ Hod. … ”,

[13]. Kazy haç m., “ Hod.”, / görk. iş/,…

[14]. Mo,iỳni Asadulla, “ Jografiỳa vä ...”, / görk. iş /,