3.  Häzirki döwürde şahyrçylyk ýolunda “Ak goşgy”

XX asyryň birinji we ikinji ýarymynyň sepgidinde ýaşap geçen Eýranyň pars şahyry Nima Ýuşijiň farsça edebiýatynyň şygyr äleminde döreden üýtgeşik formalaryndan soň başlanan täze bir çeperçilik ýoly öňki galyplaryň ülňüsinden çykyp, täze biçüwe eýe boldy. Ol täze forma farsça edebiýatynda “şer-e nou” (täze şygyr), ýagny “ak goşgy” diýilýär. Ony pars edebiýatyna ymykly ornaşdyran şahyr Nima Ýuşijdir.

Şahyryň hakyky ady Ali Isfandiýari bolup, Nima Ýuşij onuň lakamydyr. Ol Ybrahim atly bir hanyň maşgalasynda 1315 h.ş. ýylda Mazanderan welaýatynyň Nur etrabynyň Ýuş obasynda dünýä inýär. Şahyrçylyk ýolunda meşhurlyga doly eýe bolup, 1963-nji ýylda dünýäden ötýär.[7] Häzirki wagtda Nimanyň öýi Eýranyň medeniýet miraslary guramasy tarapyndan muzeý edildi.[8]

“Ak goşgy” formasyndaky şygyrlarda ölçeg ýa-da belli bogun bolmaýar. Munda dar galyp diýlen gol baglaýjy düzgünler ýerini açyk we azat düzümler bile çalyşýar. Bu formadaky eserlerde köplenç kapiýa-da bolmaýar. Kapiýa diýlen mesele şahyryň öz erkin duýgusyna bagly bolyp, gerek ýerinde bolup, gerek däl ýerinde hem bolman biler. Muňa Nima Ýuşijiň döredijiliginden bir mysal:

می تراود مهتاب،

می درخشد شبتاب،

نيست يکدم شکند خواب به چشم کس و ليک،

غم اين خفته چند،

خواب در چشم ترم می شکند ...[9]

Transkripsiýasy:

Mitaraväd mähtab,

Midäräkhşäd şäbtab,

Nist ýek däm şekänäd khab be çeşme kas-o-leýk

Gäm-e-in khofteýe çänd,

Khab där çeşme täräm mişekänäd…

Terjimesi:

… Ýalpyldaýar mahtablar,

ýyldyraýar şebtablar,

Hiç bir kesiň gözünde, uky bir dem kesilmes emma,

Bu ukuçylyň gamyndan,

uky meniň öl gözümde döwülýär…[10]

Şular ýaly erkin goşgy formasynda soňky döwürde käbir ýaş şahyrlar ýörite eserler döredip ugradylar. Şeýlelikde, häzirki döwürde Eýran türkmen we pars edebi döredijiliklerinde ak goşgy barha uly ähmiýete eýe bolup barýar. Bu formada eser ýazmak öz garaýşyny azat-erkin aýdyp bilmekde şahyra doly mümkinçilik berýär. Şonuň uçin bu tipdäki şygyrçylyk ýoluna “şer-e-azad”, ýagny “azat şygyr” diýlip hem at berilýär. Nima Ýuşijiň döwründen bäri bu formada şygyr döredýän belli pars şahyrlarynyň hatarynda Ahmet Şamlu, Ahawan Sales, Furug Farrohzat, S. Kesraýy, S. Sipehri, H. Musaddek, M. Gärmarudy, G. Setaýeş, şehit Ý. Kürdi we … ýaly onlarça şahyry atlandyrmak bolar. Beýle goşgy formasy häzirki zaman Eýran türkmen şahyrlarynyň döredijiligine-de öz täsirini ýetirmän durmaýar. Mysal üçin, Daňatar şahyryň “Ýedigenler” atly goşgusy muňa doly güwä geçýär:

Gün geçýär,

Aý aýlanýar,

Ýyllar,

Biri-biriniň yzyndan,

Elýetmez maksady yzarlaýan,

Irginsiz kerwen dek,

Şol eňip barýar- eňip barýar…

Gar üstüne gar düşýär,

Gubar üstüne gubar…

Ýamanlarymyz, ýagşylarymyzy,

ýagşy günlerimizi, ýaman günlerimizi,

göýä

hiç haçan,

hiç hili hadysa bolmadyk ýaly,

şol gömüp barýar, gömüp barýar…

gar üstüne gar,

gubar üstüne gubar…

Göwnüme ýaňy ýaly,

Meret aganyň aýaly—

Goňşymyz Soltan eje,

Gara öýüň daş işiginde,

Solup giden düşeginde,

Dolan aýýň yşygynda,

Pişgesini süýnderip,

Süýji-süýji gürrüňin,

Datly bala dönderip,

Ig egrip oturany…[11]

Bu ak goşgy forma taýyndan pars dilinde “bahr-e-tawil”, ýagny “uzak poema” diýilýär. Eseriň dowamynda Soltan eje agtyklaryna dolan aýly arassa asmandaky ýyldyzlaryň adyny birin-birin sanap, olaryň häsiýetleri bilen gabatlaşdyryp, hersine 1980-nji yldaky Eýran türkmenleriniň awtonom göreşinde wepat bolan türkmen gerçekleriniň adyny dakýar.

Türkmen halkynyň aňynda “Ojak” diýlen düşünje örän mukaddes orna eýedir. Onuň ücin 1979-njy ýyldaky gurulan guramaçylykly herekete “Ojak” ady goýuldy. “Eýran türkmen halkynyň Medeni-Syýasy Ojagy” dien at bilen Eýrandaky her bir türkmen ata-babasyndan miras galan esasy arzuwlaryny ýerine ýetirmegiň aladasynda boldy.

Häzirki döwürde bu guramanyň başlyklary daşary ýurtda emigrasiada ýaşaýarlar. Ol gurama öz gysga taryhynda Eýran Türkmenistanynyň Awtonomiýa döwründe halkyň ýadyndan çykmajak oňaýly işleri ýerine ýetirdi. Şonuň üçin hem bu “Ojagyň” ody halk arasynda henize çenli öçenok. Onuň hormatyna häzirki döwrüň ýaş türkmen şahyry Annamuhammet Sada, “Sanjar” thallusynda “Ojagym” diýen eserini ak goşgy formasynda döredipdir.

Saňa ojagym diýýän,

Saňa düýnüm,

                      Şu günüm,

Saňa

-- geljegim diýýän,

saňa ojagym diýýän.

Ojak ak öýleriň keramatydyr,

Ojak diriligiň alamatydyr.

Aýazdan awunyp, seni gözledik,

Ümürden iýmenip seni gözledik,

Sen gijeli gözleglerden döränsiň.

Sen umytdan,

Uçgunlardan döränsiň,

Gurşun sende ereýär,

Polat-da sende taplanýar.

Öýüm,

Obam,

Bütin ilim,

Senden nur alýar,

Enäniň mähri bar ýyly howruňda,

Atanyň gujury ýaşyl şöhläňde,

Asyryň pähimi gyzyl goruňda.

(Ümzük atyp öňe barýarys nuruňda)

Türkmen sensiz sesin äleme ýaýmaz,

Türkmeniň bagtnamasyn sen ýazdyň,

Ozge ýazmaz.

Sen Türkmeniň doly arzuw gözleri,

Dokuz ýyl,

Bir seretseň azajyk ömür,

ýöne, gör, sen, näçe menzil geçilen,

dokuz ýylda

Onlarça syr açylan.

Ykbaldan nalamak bize ýatdyr ýat,

Bu durmuşdyr, aslynda şeýleräkdir,

Oýunlary bardyr, her hili her tüýs,

Görülmedik zatlar däl,

Zyndan,

Sürgün,

Töhmet,

ýas…

ýöne hiç zat böwet bolmaz umyda,

umyt atasydyr bar ýeňişleriň,

daşynda pikirlenýän bu perwanalar,

gurapdy ýene-de gurarlar namysy,

hakykat ýeňipdi ýene-de ýeňer,

Ojagym ýakypdy ömür tümlügi,

ýene-de ýakar,

gudratyňa ynanýan,

saňa ojagym diýýän![12]

Ýokarky goşgudan görnüşine görä, şahyr öz pikirini doly ýüze çykarmak üçin, “ak goşgy” formasyndan peýdalanypdyr. Halkyň azatlygy ugrunda “Ojagyň” oýnan roluny şahyr dürli çeper meňzetmeler ulanmak arkaly, aýdyň ýüze çykarmagyň hötdesinden gelipdir. Goşgudaky içki säginmeler şahyr kalbynyň içki joşguny bolup, onuň pikirini doly açyp görkezmekde oňaýly rol oýnaýar. Soňky döwürlerde Eýran türkmen şahyrlary döredijiligiň şu ýolunda özlerini taplaýarlar.


[7]. Dästgeỳb Abdulla, “ Nima Ýuşij ”, ( nägd-o-bärräsi ), enteşarat-e “ Pazänd ”, Tehran – 1354 ş., 1976 m.,säf. 5.

۴۴. دسـتـغیب عـبـدالـلّه، " نـیـما یــوشـیـج "، ( نـقـد و بــررســی)، ا نـتـشـا را ت " پـا زنــد "، تــهــرا ن – ۱۳۵۴ش.، ۱۹۷۶/ م.، ص. ۵  

[8].  Häsän zadeh  ,“ Donỳa-ỳe sohän ”, mäjälle, çap-e : “ çaphane-ỳe Ziba ”, şomare-ỳe 49, enteşarat-e Tehran – 1371 ş., 1992 m..

۴۵. حـسـن زا ده ، مجـلّـه " دنـیـای ســخـن "، شـما ره ۴۹، چاپ : چا پـخـا نـه " زیـبـا"، ا نتـشـا را ت تــهــرا ن – ۱۳۷۱ ش.، ۱۹۹۲ م..

[9]. Dästgeỳb A., “ Nima Ýuşij ”,/ görk. iş /, 23 sah.

[10]. Goşgylaryñ terjimesi awtordan .

[11]. Gereỳ B.( Dañatar ), “ Ýedigenler ”, Berlin – 1990 ỳ., 2 sah.

[12]. “ Näşriỳe-ỳe Torkmänistan-e Iran ”, Organ-e Kanun-e Färhängi vä Syỳasyỳe hälg-e torkmän-e Iran, seri-ỳe ävväl, sal-e ävväl, şomare-ỳe 6, Alman-Berlin-e gärbi- 1987 m.

۴۹. " نشريّه ترکمنـسـتا ن ا یـرا ن"، ا رگا ن کا نون فرهنگی و سيا سی خلق ترکمن ا يرا ن، سری ا وّل، سا ل ا وّل، شما ره ۶، آ لما ن- برلين غربی – ۱۹۸۷ / ميلادی . از ا شعا ر سا نجا ر( آ نّـه محمّد ســا ده ).