Dr. Hangeldi OWNUK************************ Toronto

* Setdar Sowgy “Sawçy”:

Häzirki zaman döwürdeş şahyrlarymyzyñ iñ görnüklileriniñ biri-de Sawçy lakamly Setdar şahyrdyr. Onuñ hakyky ady Abdulsetdar Sowgy bolup, 1325 (1944)-nji ỳylda Türkmensähranyñ Sähne obasynda eneden dogulỳar. Atasynyñ ady ussa Gylyçmämmet, enesiniñ ady Gözel. Setdar ỳaşlykdan eneden ỳetim galỳar.

Ol 16 ỳaşdan bäri goşgy goşỳar. Şahyryñ döredijiliginde türkmen halkynyñ real durmuşynyñ beỳany inçelik bilen yzarlanỳar. Halkyñ gün-güzerany hem onuñ şygyrlarynda öz aỳdyñ beỳanyny tapỳar. Şahyr käbir etaplarda durmuşyñ halka beren süteminden hem çetde galmandyr. 1355-1354 (1973-1974)-nji ỳyllarda Amerika imperialistleriniñ garşysyna alnyp barlan hereketlere goşulany üçin ol bir gezek türmä basylyp, gynalyp saklanỳar… Şeỳlelik bilen Setdar Sawçy halkyñ ajysyny-süỳjüsini deñ çekişen şahyr hökmünde tanalỳar.

Setdar şahyryñ döredijilik gözỳetimi giñ. Ol dürli formalarda eser döredỳär. Mesnewi, rubagy, poema, umuman, beỳleki bogun ölçegleri bilen ỳazylan dürli şygyrlar onuñ döredijiliginde uly orun tutỳar. Formasynyñ baỳ bolşy ỳaly, şahyryñ tematik örüsi hem giñ.

“Abdylsetdar Sowgy (Sawçy) bu gün Hazar deñziniñ gündogar kenaryndan başlap, Horasan welaỳatynyñ Owganystan bilen serhetdeş gündogar bölegindäki Torbatijam şährindäki ỳaşaỳan salyr türkmenlerine barynça il-halkyñ arasynda özüni tanadan şahyr” [1] bolsa-da, onuñ döredijiligi diñe ỳañy 1971 (1989) –nji ỳylda üç müñ tiražda çap edilipdir.

Şahyryñ (Sawçy) ady bilen neşir edilen şol ỳygyndysynda onuñ iñ kämil goşgularynyñ onlarçasy ỳerleşdirilipdir.

Geliñ, indi şol ỳygyndydan käbir goşga ser salalyñ. Ine, türkmeniñ gadymy saz guraly bolan dutar hakyndaky goşgy. Goşguda käbir türkmen mukamlarynyñ, sazlarynyñ döreỳşiniñ häsiỳetli aỳratynlygy hakyndaky pikirler ünsüñi özüne çekỳär:

Gursagynda aşyklaryñ gözbaşy,

Söỳgini kirşine ỳaşadan dutar.

“Söỳli halanyny” çalanda bagşy,

Perdesinden Söỳlä ogşadan dutar.

* **

“Gökdepe” mukama düşünse başlar,

Täsir goỳup, gözden döküler ỳaşlar,

“Säher mukam” bilen oỳadyp guşlar,

Bilbile owazyn diñleden dutar.

* * *

“Aỳralyk mukamda” ỳürekler dymar,

Düşünen bu sazyñ oỳuna çümer,

“Höreler” mukamda maỳa düỳeleñ,

Almadyk köşegin aldyran dutar.

* * *

“Atçaparda” är ỳigitleñ gaỳratyn,

“Demir donly” Göroglynyñ syratyn,

“Berkeli çokaỳda” hanyñ haỳbatyn,

Serpaỳa dözülmäm köỳdüren dutar.

* * *

“Ýedimanzar” saz içinde ỳakymly,

“Hajygolak” diỳseñ çeper çekimli,

“Bu jennetdir” çeşmeler deỳ akymly,

Guşlary başynda gonduran dutar.

* * *

Käỳerde sallanyp “Gülhanym” geçer,

“Ýandymlarda” perdelerden ot çykar,

“Uçradym-da” owaz asmana uçar,

“Tilim gyrkda” zaryn zeỳrenen dutar.

* * *

“Çapaỳew” çalmana çermense gollar,

Türkmeniñ gölünde gögerer güller,

Saỳramaz bilbiller, saklanar diller,

Ählige owazyn diñleden dutar… [2]

* * *

Şahyryñ “Dokmaçy gyz” atly goşgusy 1979-1980-nji ỳyllaryñ “awtonom” döwürlerinde Eỳran türkmenleriniñ Syỳasy-Medeni Ojagy guramasynyñ öñdebaryjy aỳal-gyzlar toparynyñ zahmet gimini hökmünde aỳdym-saz böleginde çykyş edilip aỳdylỳardy:

Haly-halyça dokamagyñ hünärin,

Bäş ỳaşymda öweỳ enem öwretdi.

Dokaỳan halyny, söỳỳän zähmeti,

Neỳläỳin garyplyk ganym guratdy.

* * *

Dokmasyz meñ günüm hiç haçan geçmez,

Gurama ỳoldaşym, keser gardaşym.

Syndy—altyn ỳüzük meñ barmagymda,

Dañ ỳyldyz meñ hemişelik syrdaşym.

* * *

Barly gyzlar gol goşanda mekdebe,

Hasratymdan gara mañlaỳyma urdum.

Garyplygy beter görüp öldümden,

Özümi garañky tussagda gördüm…[3]

* * *

Goşguda türkmen aỳal-gyzlarynyñ hem hak-hukuklary ugrundaky tagallalary görünỳär. Bu bolsa, aỳal-gyzlar azatlygy meselesinde Setdar şahyryñ original pikir ỳöretmesidir. Şahyryñ “Mazaryñ” atly goşgusynda Eỳran-Yrak urşunyñ elhençlikleri beỳan edilỳär. Şol ganly jeñde ỳigitleriñ ömrüniñ “Gül-çemen çagy” on sekiz, on dokuz ỳaşda wepat boluşlary hakyndaky çeper kartina goşguda şahyryñ ỳürek agysy bolup eşidilỳär:

…Uruş ỳyllaryna duşygär geldi,

Seniñ on dokuzyñ gül-çemen çagy.

Zalym uruş arman topa baglady,

Sen ỳaly goçagy, gojaman dagy…[4]

Şahyryñ şygyr senedi hakyndaky “Goşgy” atly eseri poeziỳanyñ jadylaỳjy güỳji barada söhbet açỳar. Nowaỳy, Baỳramhan, Andalyp, Döwletmämmet Azady… ỳaly ägirtleriñ ylhamy bilen halkyñ añynda öçmejek yz galdyran şygyr sungatynyñ beỳikligi “Goşgynyñ” her bir setirinden äşgär görünỳär:

Soltansöỳün Baỳkaranyñ köşgünde,

Şir Nowaỳỳñ tilin saỳradan goşgy.

Tañrysyndan özge bolmady bende,

“Huw-hak” diỳip kalbyn gaỳnadan goşgy.

* * *

Onunjy seneleñ soñky döwründe,

Baỳram han geçipdir şahyr ornunda.

Goşuna serdar kylyp Hind diỳarynda,

Türkmeniñ adyny ỳaỳradan goşgy.

* * *

Ýene geçdi ança yşkyñ wekili,

Kalbynda gaỳnadyp mestana güli,

Gül gyzyñ yşgynda beg Andalyby,

Bilbile meñzedip, saỳradan goşgy.

* * *

Señ ylhamyñ jadymydy syrmydy?

Saña giren seni elden bermedi,

Pyragyñ pederi Döwletmämmedi,

“Wagyz” derỳasynda boỳladan goşgy…[5]

** *

Yar sözünden salyp synama sesi,

Maña-da bir çetin öwreden goşgy-[6]

* * *

Diỳmek bilen Şahyr özüniñ hem poeziỳa atly şol baỳ çeşmeden suw içendigini belläp geçỳär.

Setdar Sowgynyñ syỳasy temadaky goşgulary hem söỳülip okalỳar. Şahyryñ 1981-nji ỳyldan bäri Eỳran türkmenleri babatda dowam edỳän reaksiỳon režimiñ mazmuny esasynda döreden “Penjeleñden gan damyp dur…” atly bäşlemesi her bir türkmeniñ ỳüreginiñ urgusy bolup ỳañlanỳar:

Ýer ỳüzünden zulmuñy dünỳä keser bir gün seniñ,

Gan içen generallaryñ dardan asar bir gün seniñ.

Garyp iller birleşip, tagtyñ ỳykar bir gün seniñ,

Penjeleñden gan damyp dur zalym Amerika seniñ,

Ýer ỳüzünden zulmuñy bir gün keser dünỳä seniñ.

* * *

Sany bir milliona ỳetdi şehitleriñ, maỳyplaryñ,

Belli bir çak sany ỳokdur gelmedik gaỳyplaryñ.

Heniz buna çen zulmundan süññi titräp döwrüñ,

Penjeleñden gan damyp dur zalym Amerika seniñ,

Ýer ỳüzünden zulmuñy bir gün keser dünỳä seniñ.[7]

Setdar Sowgynyñ “Dillen uỳam” diỳlen eserinde, Eỳran türkmen halkynyñ arasyndaky zyỳanly urp-adat bolan gyz satyp, galyñ almak ỳaly durmuş hakykaty beỳan edilỳär. Şahyryñ bulardan başga-da “Aỳralyk mukam”, “Ene ỳer”, “Pyragy hakda”, “Zähmet”, “Sazlarym”, “Ussatlar ỳadygärligine”, “Türkmen haly-halyçasy”, “Aỳdym saz”, “Gyzyl Gürgen” … ỳaly onlarça şygyrlary häzirki Eỳran türkmenleriniñ ruhy mirasyndan we taryhy medeniỳetinden gözbaş alyp gaỳdỳanlygy bilen has-da gyzyklydyr.

Häzirki Eỳran türkmenleriniñ arasynda çagalar hakda alada we olaryñ milli terbiỳesi ugrundaky päsgelçiliklere garamazdan, olar üçin alada edip käbir ỳaş şahyrlar we ỳazyjylar ỳörite eserler hem döredỳärler. Bularyñ arasynda Bendertürkmen şäherinde ỳaşaỳan ukyply ỳaş şahyrAbdyrahman Düyỳejiniñ eserleri Eỳranyñ käbir gazet-žurnallarynda çap edilỳär. Onuñ eserlerinden aşakdaky “Mähr”[8] atly goşgusy çagalar barada bolup, çagalar edebiỳatynyñ geljegini kesgitleỳän eserleriñ biridir:

Çagalaryñ mähri bile, her güỳji ỳeñse bolỳar,

Baş bermeỳän atlaryñ, üstüne münse bolỳar.

Gamly, ỳadaw ỳüzlere, gülki getirse bolỳar,

Ýürekleriñ otagyna, girip otursa bolỳar,

Haỳwanlañ dilin tapyp, öỳlerine barsa bolỳar,

Döwler bile dostlaşyp, toỳlaryna barsa bolỳar,

Mähirsiz myhmana bal-da berseñ ajy bolỳar,

Mähirli gury çörek baldan-da süỳji bolỳar,

Eziz doganjyklarym, geliñ mähriban boluñ,

Ýürekleriñ şäherinde höküm sürüñ han boluñ.

“Ýagşy söz ỳylany hinden çykarar, ỳaman söz gylyjy gyndan” diỳlişi ỳaly, mähir we ỳagşylyk diỳlen zatda uly güỳjüñ ỳatandygyna çagalar hem göz ỳetirmelidir. Ýokardaky goşgynyñ esasy özeni çagalara şu pähimi öwretmekden ybaratdyr.

Şahyryñ “aş” hakdaky goşgysy: “Mähirsiz, myhmana bal-da berseñ, ajy bolar, mähirli, gury çörek baldan-da süỳji bolar”… diỳen setirleri Beỳik Magtymgulynyñ: “Gelen aş diỳip gelmez, turşutmagyl ỳüz, Aşa mätäç däldir, söze myhmandyr” diỳen meşhur pähimden ugur alỳar.

Tamdyrynda garry ejem,

Bişirỳär gyzgyn çörek.

Bişirỳäni garry ejäñ,

Ýumşajyk türkmen çörek.

* * *

Hoş bolup men, şat bolup,

Barỳaryn oñ ỳanyna,

Diỳỳärin: Haỳ, Jan eje!

Kökejik ber-dä maña.

* * *

Garry ejem diỳỳär söỳüp,

Al seniñ paỳyñ ogul,

Arasynda kalbymyñ,

Ýeriñ bardyr señ ogul.[9]

* * *

Şahyr A. Düỳejiniñ ỳokarky goşgusynda hem çaga bolan mähir ene çöreginiñ üsti bilen añlanylỳar. Bu goşgy özüniñ milli äheñlere baỳlygy bile hem ähmiỳetlidir.

Ýokarda belläp geçişimiz ỳaly, çagalar edebiỳatyna berilỳän päsgelçiliklere garamazdan, bu edebiỳatyñ ösjegine hem ynam bar. Sebäbi çagalar edebiỳaty özüniñ gözbaşyny türkmen halkynyñ falklỳoryndan alyp gaỳdỳar. Şol esasda çagalaryñ dürli oỳunlary häzirki döwre çenli hiç hili päsgelçiliksiz dowam edỳär. Eger şol dowam etse gözbaşy halk döredijiliginde bolan çagalar edebiỳaty hem dowam etmeli.

Her hili ỳagdaỳ bolsa-da adam erkindäki bar bolan mümkinçiliklerinden peỳdalanỳar. Ol mümkinçilikleriñ hemmesini her hili ỳowuz režim bolsa, bütinleỳ kontrolluga alyp bilmeỳär. Bu çagalar edebiỳatynyñ geljekki ösüşüne bolan ynamyñ mysalyñ hem bellidir.

Häzirki Eỳran türkmenleriniñ ỳaş ỳazyjysy Abdurahman Ownugyñ Ownuk we Iri göwrümli eserleri pars dilinde neşir edilỳär. Şol eserleriñ arasynda “Sörtük” “(سورتک)”,  “Türkmen kyssalary (قصه ها ی ترکمنی)”, hekaỳalar ỳygyndysy, “Inçe burun hatyralary (بخاطراینچه برون)”, “Tüm gijeleriñ teriñliginde  ( در عمق شبهای تار” atly hekaỳalaryny we powestlerini agzamak bolar. A.Ownugyñ “Tüm gijeleriñ teriñliginde” atly powesti ỳörite ỳaşlara niỳetlenen eser bolup, onda Gürgen derỳasynyñ kenarlaryndaky türkmen zähmetkeş balykçylaryñ ỳaşaỳyş-durmuşy görkezilỳär.

Olaryñ döwlet jandarmlary tarapyndan goldanylỳan süỳthor baỳlaryñ garşysyna alyp barỳan göreşleri hem bu eserde ynandyryjylykly beỳan edilỳär.

Bu powest on dört ỳaşly ỳetginjek oglanyñ ỳagny liriki gahrymanyñ dilinden beỳan edilỳär. Öz-özüñ bilen göreşmek tebigat bilen göreş tutmak hem-de şahs bilen göreş alyp barmak-powestiñ esasy möhüm ideỳasynyñ özenini düzỳär. Bu göreşler psihologik yzarlamalar esasynda çözülỳär.

Eserde bolup geçỳän wakalar sada dilde beỳan edilỳär. Eserdäki wakalaryñ we hadysalaryñ yzygiderliligi okyjyny esere has-da hyjuwlandyrỳar. Okyjy özüni eserdäki wakalaryñ içinde ỳaly duỳỳar. Onuñ gahrymanlarynyñ alỳan howasyndan dem alỳar.

Ine, “Tüm gijeleriñ teriñliginde” atly powestiñ şular ỳaly häsiỳetli taraplary onuñ awtorunyñ dünỳä prozasynyñ gazananlary bilen tanyşdygyndan habar berỳär. Onuñ döredijiligi şu esas-da ösỳär, kämilleşỳär.

Bu ỳagdaỳ diñe bir A.Ownugyñ däl, eỳsem soñky döwür ỳaş türkmen prozesynyñ üstünligini kesgitleỳär.


[1]. Sowgy Abdylsetdar , “ Sawçy ”, goşgylar ỳygyndysy, “ Sähba”  neşriỳaty,  ỳaz 1992 - ỳ. 2 sah.

۶. سـوقـی عـبدا لـسـتّا ر، " ســا وچــی"، ( مـجـموعـه شــعـر)، چـا پ " صـهـبا"، بها ر سا ل ۱۳۷۱/ ش.، مطا بق با سا ل ۱۹۹۲/ م.، ص. ۲.

[2]. Şol ỳerde, 18-19-20 s.s.

[3]. Şol ỳerde, 11-12 s.s.

[4]. Şol ỳerde, 13-14 s.s.

[5]. Şol ỳerde, 70-71 s.s.

[6]. Şol ỳerde, 72 sah.

[7]. Şol ỳerde, 92 sah.

[8]. “ Durmuş”, ( Ýol mäjällesinin  türkmänçe älaväsi ), şomare-ỳe 19, bistom fewriỳa, enteşarat-e  “ Keỳhan  ”, shl-e 1992 /m., säf. 65

۱۷. " دورموش "،  (یـول مـجـلّـه سیـنـین علاوه سی )، شماره ۱۹، بیستم فوریّه، انتشا را ت " کیهـا ن"، سا ل ۱۹۹۲/ م.، ص. ۵۶

[9]. “ Mäjälle-ỳe Seruş nowjävan ”, vižename-ỳe torkmän alaçyk , enteşarat-e “ seruş ”, sal-e 1368 motabeg bas al-e 1992/ m., Tehran-

۱۴. " مجـلـّـه ســروش نـو جـوا ن "،  ویـژه نـا مـه تـرکـمن آ لاچـئـق، انتـشـارا ت " ســروش "، س ال ۱۳۶۸/ش.، مطابق با ۱۹۸۹/م.، تــهــرا ن.