* Ỳagşymämmet şahyr:

Kyỳat hanyň ady türkmen halkynyň aňynda ady öçmejek şahsyỳetleriň biri bolup taryha mydamalyk siňdi. Onuň nebereleri häzir Eỳranda “Kyỳady” familiỳalary bilen Kümüşdepe we Bendertürkmen şäherlerinde ỳaşaỳarlar.

Kyỳat han “Ýomut türkmenleriniň japarbaỳlar taỳpasynyň Nuraly diỳen urugynyň Esenguly kör tiresinden eken. Ol takmynan 1750-nji ỳỳllarda demirçi ussanyň maşgalasynda eneden doglupdyr.

Kyỳathanyň asly Kümüşdepeden bolup, soň Çelekene göçüp barỳar. Eỳran patyşalygy Hazar deňziniň kenarlarynda ỳaşaỳan türkmenleriň arasynda onuň uly abraỳynyň bardygyny bilip, özüne tabyn etjek bolanda, Kyỳat oňa aç-açan garşy durupdyr.

Emma öz janyny halas etmek üçin, özüniň Kümüşdepedäki ähli emlägini-balykçylyk promysellerini, ỳerini hem sürülerini taşlap, gaçybatalgany Çeleken adasyndan tapypdyr”[1].

Kyỳat hanyň ogly Ýagşymämmet XIX asyrda günbatar Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarlaryndaky obalarda ỳaşap geçipdir. Ol şahyrçylyk bilen hem meşgullanypdyr. Onuň eserleriniň köpüsi “bendilikde ỳazylan şygyrlar” bolup, şol at bilen hem tanalyar. Onuň bu eseri öz döwrüniň ỳüzüni doly açyp görkezmäge ỳardam edỳär. Belli taryhçy alym M. Annanepesowyň bu baradaky materiỳallary Ýagşymämmediň döredijilik ugrunyň esasy alamatlaryny aỳdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berỳär.[2]

Ỳagşymämmet kenarỳaka türkmenleriniň garaşsyzlygyny, erkinligi ugrundaky göreşlerde tutulỳar we zyndana salynỳar. Bu döwürde onuň syỳasy düşünjesi has-da giňeỳär. Öňki göỳberilen ỳalňyşlyklary sapak edinmelidigini öz obadaşlaryna goşgy üsti bilen öwredỳär:

Haỳran galyp durduňyz,

Bolan işleri gördüňiz,

Bu sapar meni berdiňiz,

El göteriň, özbaş bolmaň[3]-

Diỳmek bilen, Ýagşymämmet bas-başdaklykdan (“Özbaş bolmaň”) el çekmelidigini (“el göteriň”), agzybir hereket etmelidigini öz watandaşlaryna ündeỳär.

Ỳagşymämmet şahyryň goşgularynda häzirki döwürde Eỳranda ỳaşaỳan taỳpa-tire atlarynyň gözbaşynyň nirelere degişlidigini subut edỳän setirler hem azlyk etmeỳär.

Jana Mährem Nazar, şol Gulyhanym,

Öwladym, külpedim size tabşyrdym[4] --


Diỳen setirdäki “Gulyhanym” bu babatda üns bererlikdir. Häzir Eỳran türkmenleriniň arasyndaky “Gulyhany” familiỳalylaryň asly şol “Gulyhanydan” gözbaş alyp gaỳdỳar.

Umuman, Ýagşymämmet şahyryň goşgulary hem günorta-günbatar Türkmenistanyň etnografiỳasyny, ỳer-ỳurt atlaryny, taỳpa-tire atlaryny öwrenmekde belli bir derejede ähmiỳetlidir.

* Gulaş şahyr:

Gürgen-Etrek sebitlerinde ỳaşap Rza şyhyň zulmuna uçran şahyrlaryň biri hem Gulaş şahyr bolupdyr. Rza şanyň tarapyndan erkin oturan çarwa türkmenlere nähak salynỳan salgytlary Gulaş şahyr ỳaly şahsyỳetleriň töleg gurbyndan agyr bolny üçin tölenilmän olaryň obalaryny Kemal han ỳaly feodallaryň tarapyndan çapylyp olary ỳesir edip äkidilipdir. Şeỳle ỳagdaỳlar-da, Gulaş şahyr hem tutulyp zyndana taşlanylỳar.

Ol döwürde Türkmensähranyň Marawdepe obasy Rza şanyň gyzynyň dynç köşgi bolupdyr. Gulaş şahyr hem şol ỳerde zyndanda oturypdyr.

Onuň ökde kümüş ussadygyny Rza şanyň gyzy eşidip oňa kümüş ỳasadypdyr. Gulaş şahyr şeỳle zynatly kümüş ỳasap bereni üçin patyşanyň gyzy ony zyndandan boşadypdyr. Gulaş şahyr etregiň akymy bilen Sumbara düşüp Uzynsuw obasynda (Häzirki Nyỳazow kolhozy) ỳerleşỳär. Onuň aỳdymlary Türkmenistanyň halk bagşysy Saryhan Sapaỳewiň repertuarynda aỳdylỳar. Gulaş şahyryň zyndanda oturan mahalynda aỳdan goşgusynyň bir bendi:

Garry Gulaş, garry watan ỳatlasa,

Arwanasy iner-maỳa botlasa,

Kemal han dälijiräp özüni[kendini] otlasa,

At çapdygym däli Gürgen amanmy?[5].

Ýokardaky setirlerde türkmen obalaryny çapyp, olary zebil-sergezdan güne salyp, mal-mülküni talap, ogluny olja, naçaryny bolsa, ỳesir edip alyp gidỳän Kemal han ỳaly zalym Eỳran halarynyň, Eỳran patyşalygynyň tabyn zulumkär feodallarynyň atlary şeỳle eserlerde sütemkär hökmünde görkezilipdir. Eỳsem-de bolsa, Kemal han kim bolupdyr? Türkmen halkyny öz gününe goỳman şeỳle bir talaňçylykly niỳet bilen üstüne çozan we halky tozduran şahsyỳetleri taryhda tanamak gerek! Olary berk ỳazgarmak gerek!


Meret şahyr


XX asyryň birinji ỳarymyndan beỳleki döwür Eỳran tüekmenleriniň arasynda taryhy şertleri örän çylşyrymly mahaly bolup, halk köpçülügi käbir ỳagdaỳlarda durgunly we käbir halatda dürli öwüşgünli hereketlere sezewar bolupdyr. Türkmen edebiỳatynyň Meret şahyr, Mämmet şahyr, Weli şahyr ỳaly wekilleriniň döredijilik terjimehaly agzalan döwre gabat gelỳär.

Rza şa Pählewi dinastiỳasynyň döwründe ỳaşap geçen Meret şahyryň durmuşyň medeni-syasy we jemgyỳetçilik şertlerinden öz bolşy ỳaly täsir alyp, eserler döredipdir.

Ol, Esasan, Etrek-Gürgen boỳlaryndaky Sallah, Nardanly, Bendertürkmen, Kümüşdepe obalarynda ỳaşap geçipdir. Bu şahyr köplenç maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Onuň aỳalynyň ady Annagül, ondan Toỳguly we Ata atly iki ogul, ỳene-de iki sany gyz galypdyr.

Ol öz döwürdeş şahyry bolan Misgingylyç bilen ỳygy aragatnaşyk saklapdyr. Şahyr esasan söỳgi temasyndaky goşgular bilen birlikde, halkyň üstüne abanỳan sütemi tankyt ediji eserleri, şeỳle hem käỳarym dini we beỳleki temalarda eserler döredipdir. Ol Kümüşdepeli ỳomut-gökleň bagşyçylyk ỳolunyň belli wekili Wejan bagşy (Wejan kaka) bilen ỳakyn aragatnaşykda bolupdyr. Wejan bagşy deňiz boỳunda oturymly bolany üçin, balykçy we deňiz ussasy bolupdyr. Meret şahyr onuň nawuny taryplap, “Serdary” diỳen goşgusyny düzüpdir:

Taryp etsem Wejan kakaň nawuny,

Bedeni miỳesser bolan Serdary…

Bu goşgy türkmen edebiỳatynda örän seỳrek duş gelỳän ugur-gämiçilik bilen baglanşykly bolup, deňiz-derỳa terminleriniň giden bir tapgyryny özünde saklaỳany bilen ähmiỳetlidir.

Meret şahyryň döredijiliginde “Etmäge”, “Ilimi sen”, “Salan ỳarym”, “Ýol soltan”, “Söwdügim”, “Tutmaly boldy”, “Molla han”, “Şajan”, “Utan, Ysmaỳyl”, “Oỳan Ysmaỳyl ”, “El bile”, “Eriş çykar”, “Bu dünỳä”, “Meňzär”, “Serdary”, … atly goşgular görnükli orunda durỳar.

Eỳran türkmenleriniň arasynda Meret şahyr barada şeỳle rowaỳat bar: Meret şahyr halka sütem edijilere hiç haçan boỳun egmändir. Hiç mahal olaryň ỳanynda ejizlemändir. Eỳsem olary tankytlamak bilen, halkyň öňünde ryswa edipdir.

Mysal üçin, Meret şahyr Benderşa ( häzirki Bendertürkmen) şäherinde ỳaşan zamanynda, Ýusup diỳen adam ol şäheriň Kethudasy bolupdyr. Ol döwürde dürli bahanalar bilen Rza hanyň ady bilen halky mugt işe çekip, ekspluatirleỳän ekenler. Ýusup kethuda bolsa şahyry zor bilen işe äkitjek bolanda, Meret şahyr olaryň elinden gaçyp geçip, Kümüşdepä göçüpdir.[6]

Türkmenleriň meşhur şahyry Misgingylyç Hojanepesli Meret şahyr bilen gatnaşykda bolupdyr. Şeỳle bir duşuşyklaryň birinde Misgingylyç Meret şahyra: “Sen iň soňky şahyr bolupsyň, senden soňkular ỳomakçy bolarlar” diỳip aỳdypdyr.”.

Şol zamanda şahyr Misgingylyçy Eỳran türkmenleriniň arasynda edebi taỳdan şeỳle bir durgunlyk döwrüniň emele geljekdigini nädip bildikä? – diỳlen sowal ỳüze çykanda, edebi garaỳyşdan oňa diňe birje jogap tapylỳar:

Misgingylyç we Meret şahyrlara çenli ylmy medeniỳet Buhara we Hywa merkezliginiň baỳ edebiỳatyndan gözbaş alypdyr. Emma olardan soňkulara şeỳle mümkinçilik döremändir. Sebäbi Eỳranyň döwlte sistemasy türkmen halkyny hemme taraplaỳyn çökgün durmuşa tarap gönükdiripdir.


Mämmet şahyr:


Mämmet şahyr Hazar deňziniň gündogar-günorta kenar ỳakalaryndaky Hojanepes etrabynyň Agyzly, Gäwmişli obalarynda ỳaşap geçipdir. Ol ỳomut tiresiniň Japarbaỳ bölüminiň tumaç taỳpasyndan bolupdyr.

Balykçylyk hem-de agaç ussaçylygy bilen meşgul bolupdyr. Gämi, öỳ ỳasapdyr. Oňa tebigy döredijilik ukyby berlipdir.

Mämmet şahyrdan Annagurban we Annamämmet atly iki ogul bilen ỳene-de üç gyz galypdyr. Mämmet şahyr gepe diỳseň çeper bolupdyr. Oba adamlary dynç mahallarynda onuň ussahanasyna ỳygnanyşyp, onuň gürrüňlerini diňleỳän ekenler.

Ony görenleriň aỳtmagyna görä, ol uzyn boỳly, agajetli, gür sakgal adam bolupdyr.

1924-nji ỳylda Eỳran türkmenleriniň Osman Ahun we onuň egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň özbaşdak döwletini gazanmak ugrunda alyp barylan hereketlerde Mämmet şahyryň hem oňa galdyran täsirini bellemek gerek. Onuň bu söweşler barada hem eserleri bar.[7]

Şol söweş ỳyllarynda iňlisleriň dikmesi Rza şahyň goşunlary çar tarapdan türkmenleriň üstüne çozỳarlar. Polkownik sertip Zahidi Hpjanepes we Kümüşdepe etraplaryna tarap goşun çekỳär.

Annageldi serdar Sallah obasynda bu goşunyň öňünde durup, oňa garşy söweşỳär. Ilki bada olara ỳeňdirmäni üstün çykỳar welin soňunda bolsa, Rza hanyň goşuny bir ỳere ỳygnanyşyp, iňlisleriň täze çykaran güỳçli ỳaraglary bilen, batyrgaỳ türkmen serdarlaryny Altyn tokmak diỳen oba tarap yza serpikdirỳärler.

Bu zalym polkownik Sallah obasyna çagasy-çugasy bilen bütinleỳ ot berip, türkmen ilatyny tozdurỳar.

Şol wakalaryň içinde Mämmet şahyr hem bolup, eline ỳarag alyp hem söweşipdir we ỳaralanypdyr. Şahyr bu wakany we zalymlaryň eden jenaỳatlaryny gözi bilen görüp, durmuşy real suratlandyrỳar.

Türkmen halkynyň söweşde döş gerip duran batyr serdarlaryny wasp edỳär. Bu waka zerarly, japarbaỳ ilatynyň gaçha-gaçlyga sezewar bolup, bir ujunyň Gökleňe, ỳene bir ujunyň Balkan hem Ahala ỳetendigi Mämmet şahyryň “Tapmadym” diỳen eserinde birin-birin beỳan edilỳär:


Ygtyỳar ỳok köňlümdäkini diỳmäge,

Zat tapamok islän wagtym iỳmäge,

Il-güniň halyndan habar sormaga,

Aỳra düşdi, Şohy baỳymy tapmadym.


Hudaỳym salypdyr bize şu güni,

Sepildir gardaşlar belaň şu ỳeli,

Hojanepesde tapdy döwleti puly,

Täjir başy Taňryberdini tapmadym.[8]


Iliňden aỳrylsaň dünỳä nä gerek,

Japarbaỳ ilaty ỳandy biderek,

Hudaỳym beripdir bir tike çörek,

Gulan bile Ahun işany tapmadym.


Ýeke-ỳeke gepläp käte arçanyp,

Sypaỳy geỳendir paltar degşirip,


Galan malyny bir hudaỳa tabşyryp,

Türkmen seỳdi Bäbek şyhy tapmadym.


Gün içinde aglap gam boldy başym,

Zulum başdan akyp ot aldy daşym,

Sallah ỳurdunda birje gardaşym,

Kyỳamatlyk Nury şyhym tapmadym.


Aỳdar Mämmet ỳaman güne sataşdym,

Zalymdan gorkyma hakykat gaçdym,

Köresuwyň üstünden Galajyk geçdim,

Oglan-uşak maşgalamy tapmadym.


Türkmen halkynyň öz erkin döwletini gurmak meselesi başa barmansoň, Rza han Türkmensährany basyp alỳar. Şol döwürde türkmenleriň  iş güỳjünden merkezleşen hökümetlerini baỳlaşdyrmagyň ugrunda halky tölegsiz  agyr işlere çekỳärler. Bu düzgüni pars dilinde “bigäri (بیگاری)” diỳip atlandyrypdyrlar.

Şol esasda aỳal-erkekleri ähli maşgalasy bilen öỳüni-ilini taşladyp, işe sürüpdirler. Bigäri diỳlen düzgün şol wagtda agyr düşen wakalaryň biri bolupdyr. Olar türkmenleri ỳygnap, daşary ỳurtlara äkidip, dag deşdirip, ỳol gazdyrypdyrlar. Hatda aỳallara-çagalara düzlerde-çöllerde orak orduryp, döwek döwdüripdirler.

Tomusyň jokrama yssysynyň aşagynda işläp ỳörkäler çagasyny garnyndan düşüren aỳallaryň hem sany az bolmandyr. Mämmet şahyr hem şol döwrüň şeỳle bir agyr düşen azabyna sezewar bolupdyr. Şonuň üçin ol eserlerinde şol ỳagdaỳlar barada şeỳle ỳatlaỳar:


Zalymlar erk etmedi, öz gazanan malyňa,

Günde bigärä sürüp, goỳmady öz halyňa,

Ahyr bir güň goỳarlar eden işiň alnyňa,

Dynçlyk gadyryn bilmäni, türkmen amana geldi…


Şeỳle agyr döwürde her halkyň arasynda bolşy ỳaly hökümet gazabyndan özüni goramak we orun eỳelemek maksady bilen, halkyň tersine şugulçylyk edip, elini gana bulaşdyranlar hem bolupdyr. Şahyr bu jansyzlaryň azaryndan amana gelip şeỳle diỳỳär:

Aỳdar Mämmet, bu dünỳä baky däldir, panydyr,

Gaçyp baran ỳerimiz, Köresuwyň ỳanydyr,

Türkmenleri yzgydan, ỳurdyň şpiỳonydyr,

Tä arymy alynçam, içim-bagrym doludyr,

Musulman gardaşlarym köỳdi, azapda boldy…


Şeỳle pursatlarda opportonistik adamlar orun eỳelemäň ugrunda Tähranda guralan mejlisde wekilçilik etdiler. Olar tozan halka “size ỳer, suw, hak-hukuk alyp bermeli” diỳen bahanalar bilen türkmenleriň iň soňkuja gadymdan galan şaỳ-seplerini hem aldap ỳygnap, Tähranda keỳpi-sapa çekip gezipdirler.

Bu topar şahsyỳetler şahyryň tankydy gözlerinden gizlin galyp bilmändirler. Şahyr aşakdaky setirlerde olary şeỳle tankyt edỳär:

Eỳ gardaşlar, bizge peỳdasy ỳokdyr,

Her kim öz hormatyn-zatyny biler,

Wekil boljak diỳip Tährana baryp,

Muwajybyny iỳip, ỳatanny biler.


* Sähet işan, Galkan Welleňi we Arazmuhammet Şahyry:


Ýokardaky ỳatlanan şahyrlarymyzdan soň Sähet Işan, Galkan şahyr we iň soňunda Kümüşdepe şäherinden Arazmuhammet Şahyry ( Aram ) dagylary ỳatlamak bolar.

Sähet işan Oktỳabr rewolỳusiỳasyndan soň, Sowet Türkmenistanyndan Eỳrana gaçyp gitmäge mejbur bolupdyr. Ol Güllüdag etrabynda ỳaşap, döredijilik bilen meşgullanypdyr.

Onuň bir tom “goşgular ỳygyndysy” eseri Kümmet-Köwus şäherindäki “Kabus” nadirỳaty tarapyndan nadir edildi. Sähet işanyň eserleriniň mazmuny köplenç aỳralyk äheňinde bolupdyr. Meselem:

Waỳ, bu aỳralygyň ahy

Günbe-günden artar indi.

Ýadyma düşen gähi,

Içim-bagrym örter indi.[9]


Ýokardaky Sähet işan ỳaly ykbala uçran şahyrlaryň biri hem Galkan Welleňi bolupdyr. Onuň asly oturmuşy Ahal ilatyndan bolupdyr. “Galkan Weleňi 1929-njy  ỳylda Türkmenistanyň paỳtagty Aşgabat şäheriniň gündogarynda ỳerleşỳän taryhy “Änew” obasynda dünỳä inỳär we 1974-njy ỳylda ikinji ỳurdy bolan Türkmensähranyň Jergelan obasynda wepat bolỳar”.[10]

Ol “Stalin we Berianyň” döwürdeşi bolupdyr. Olaryň syỳasatlaryna garşy bolany üçin yzarlanylyp Eỳrana geçỳär. Galkan şahyr Eỳranda-da Maşat, Tähran we Gürgen şäherlerindäki tussaglarda 3 ỳyl oturypdyr. Ondan dürli mazmunlarda ỳagny 1000 setirden agdygyrak goşgy eserleriniň galandygy barada maglumat bar.

Onuň goşgularynyň esasy mazmunlary zulma ten bermesizlik, pul üçin özüňi ỳurduň duşmanynyň erkinde goỳmasyzlyk, watanparazlyk hem aỳralyk baralarda düzülipdir.

Mysal üçin:

Biz eneden doganda, gul bolmana dogan däl,

Güỳjimize buỳsanyp, degmedige degen däl,

Emma welin degene, biz hergiz baş egen däl,

Eger yrs arap biri, gelse sypdyrmarys diri,

Gazaply naỳza düzüp, gark ederis gan içinde.[11]


Ýokardaky bent goşgy 1979-1980-nji ỳyllarda Türkmensähradaky demonstrasiỳalarda şygar hökmünde ulanylỳardy.

Şeỳle hem onuň “Kowarys biz pisleri” atly goşgusy döwrüň syỳasy, jemgyỳetçilik hem synpy gatnaşyklaryna çenli aç-açan görkezỳär. Mysal üçin:


Öz ilimde soltan menem, beg menem,

Azgyn bolup hiç bir kese degmenem,

Duşman azyp sürüp gelse üstüme,

Men olara hergiz boỳun egmenem,


Türkana men, sydagat men, sada men,

Nöker bolup gulluk etmen ỳada men,

Pulparazlar dollar dökse üstüme,

Watanymy sata bilmen zada men,…[12]

… Ýaly goşgulary hiç hili düşündirişe mätäç däldir. Bu şahyrdan ỳene-de “Ýaprak”, “Diller oỳnaỳar”, “Ýazỳaryn”, “Isleỳärin”, “Gözlerim meniň”, “Biriger ỳaly”, “Açmadylar”, “Ýat eỳledim”, “Illere”, “Islemenem men”, … ỳaly eserleri ỳadygär galypdyr.

Arazmuhammet Şahyry “ Aram ” tahallusy bilen Kümüşdepe şäherinde ỳaşapdyr. Ol Bendertürkmen şäherinde okuwyny gutaryp, mugallymçylyk hem döredijilik bilen meşgullanypdyr. Ol goşgularyny köplenç rubagy ölçeginde düzüpdir.

Bu şahyryň bir goşgy ỳygyndysy “ Aram goşgulary” diỳen at bilen “Kabus” naşirỳaty tarapyndan naşir edildi. Aşakdaky eser onuň goşgularynyň bir bölegi:

Bu bäş günlik ỳaşaỳyşda, ne hoş geçer ruzigärim,

Az ömrümiň dört paslynda, ne gyş belli, ne baharym.

Ýürek bir mähre ilteşip, derdi ỳatdan çykarmagyna,

Ne aldagyç salgynym bar, ne aỳ ỳüzli bir nigarym.

Ýaşan mekanynda her kim, meskin kylyp dilbent oňa,

Karar edip togtamaga, ne mülkim bar, ne diỳarym.

Ol dos sumak bir niçäniň, ne öňi belli, ne hem yzy,

Arasynda ỳaşamaga ne sabrym bar, ne kararym.

Hoş nagmalar dodaklaryma biganadyr, biganadyr,

Ötgürli gamly gazallar, meniň ỳarym, meniň ỳarym.

Ne kalbymyň aramy bar, ne köňlüňim janany bar.

Bir ömrümiň hasylyndan tenha gamdyr, her ne barym,

Oňşuk gitaramyň çeňi hoş sime degmäni ỳitdi,

Oňşuk degirmen astynda däne bolup syndy tarym.[13]


Görşümiz ỳaly, XIX-XX-nji asyryň başlarynda Etrek-Gürgen türkmenleriniň arasynda onlarça şahyrana adam döräp, olar halkyň derdini beỳan edip, agysyna aglap, öz halkynyň jümmüşinden çykan we onuň aklawjysy (adwokaty) bolup hyzmat eden ynsanlardyr.

Bularyň şahyrana döredijiligi ähli türkmen halkynyň edebi mirasy bilen aỳrylmaz baglanşykda bolup, biziň milli we ruhy baỳlygymyzyň bir bölegi we bir şahasydyr.



[1]. Gylyjow A., “ Kyỳat han”, / taryhy etnografik oçerk/, “ Kerwen” neşriỳaty, A. : 1992 ỳ., 41 sah.

[2]. Annanepesow A., “ Bendilikde ỳazylan goşgylar ”, Aşgabat – 1977 ỳ.

[3]. Şol ỳerde.

[4]. Şol ỳerde .

[5]. Bu rowaỳat Balkan welaỳatynyñ Nebitdag şäherinde ỳaşaỳan  Gulaş şahyryñ agtygy Esgerden ỳazylyp alyndy.

[6]. “ Durmuş”, ( “Ýol “ mäjälläsinin türkmänce älaväsi ), şomare-ỳe 19, bistom-e fevriỳe, enteşarat-e “ Keỳhan”, s.44.

۵۲. " دورموش"،( " یـول" مجلّه سینـین علا وه سی)، شماره ۱۹، بیستم فوریّه، انتـشـا را ت " کــیـهــا ن "، ص. ۴۴ .

[7]. Şol ỳerde, 45 sah.

[8] .Şol döwür belli Tañryberdi täjiriñ atdakylany Hojanepes etrabynd ỳaşaỳar. Umuman şu goşgyda getirilỳän atlar, Japarbaỳ ilatynyn arasynda belli-belli şahsiỳetlerdir.

[9]. Heỳ,ät doctor Jävad, “ Seỳri där tarih-e zäban vä lähjeha-ỳe torki”, näşr-e"now", Tehran – sal-e 1365 ş., säf.2,7,8.

۵۴. هیـئـت دکـتر جـوا د، " سـیری در تـا ریخ زبا ن و لـهـجه هـای تـرکــی"، نــشر " نــو"، سال ۱۳۶۵ ش.، ص. ۲،۷،۸.

[10]. “ SÖZ”, Auropadaky türkmen Kultur we Arkadaşlyk Ojagynyñ “ Türkmen ilim ” dergisiniñ ortak ỳaỳiyny, I-nji san ,  ŞWEDEN- GERMANY – 1993 ỳ., s. 3.

[11]. Şol ỳerde,

[12]. Gürgenli A.( Güli E.), “ Bagyr ỳaşlar, otly setirler, saỳlanan goşgylar ”, Şwetsiỳa – 1991 ỳ.

[13]. Begdili  M., / görk. iş/,… sah. 382