ULY  ZEHINIŇ  EDERMENLIGI


Türkmeniň uly şahyry Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi hakda söhbet açmak hem aňsat, hem juda çetin.

Aňsady — onuň şygryýet dünýesi hakda küti kitaplyk söhbet etmek mümkin, şoňa baý material bar. Çetinligi — onuň ajaýyp poeziýasy hakda söhbet edesiň gelenok-da, öwran-öwran okasyň gelýär. Galyberse-de, Gurbannazaryňky ýaly sap duýga, zehine, pehim-paýhasa eýlenen goşgularyň nämedigini söz bilen düşündirjek gümanyň ýok. Mylly aganyň «Humaralasyny» diňläniňdäki ýaly, ol goşgular her bir okyjyda her okanynda bir hili duýgy döredýär, Duýgulary bolsa, düşündirip bolmaýar.

Megerem, bu ýerde diňe Gurbannazar Ezizowyň biziň edebiýatymyzyň öňündäki ajaýyp edermenligi. hakda söhbet etmek bolar.

Goja taryhy halkyň hut özüniň döredýänligini Fridrih Engelьs örän jaýdar aýdypdyr. Bu dogrudyr. Emma, biziň pikirimizçe, aýry-aýry şahsyýetleriň belli-belli döwürlerde halkyň ykbalyna eden täsiri-de uly taryhdyr. Diýmek, halkyň taryhyny onuň jümmüşinden çykan ogullar-da döredibem bilýär, üýtgedibem. Elbetde, biziň söhbetimiz taryhda şahsyetiň ýa-da şahsyýetiň taryhyň kemala gelmegindäki rollary hakda däl. Gürrüň edebiýatyň, medeniýetiň, sungatyň kemala gelmegine, onuň aýry-aýry döwürlerde belli bir ugurdan — megerem, öz möwritini geçiren ugrundan has kämilleşen ugra dirmeginde bir şahsyýetiň roly hakda barýar.


Magtymgulynyň ajaýyp hyzmaty onuň poezia-sy  diýmek, pähim-paýhasy bilen ,türkmen ýaly gadymy halkyň üç ýüz ýyllyk neberesiniň dünýä tsiwilizatsiýasynyň belent derejesinde terbiýelenip şu günki bütewi millete öwrülendigindedir.

Şahsyetiň halkyň taryhyndaky orny hakdaky söhbetde meseläniň ikinji bir tarapy-da bar. Bu şahsyýetiň orta gelmeginiň taryhy şertleri hakdaky meseledir.

Nowaýydan Magtymgula çenli tutuş Gündogar edebiýatynda şolar derejedäki edebi şahsyyetiň orta gelmenliginiň sebäpleri heniz öwrenilen däldir, Beýik akyldar Döwletmemmet Azadydan soň, Andalybyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Keminäniň, Mätäjiniň, diýmek, klassyklarymyzyň ählisiniň bir asyryň dowamynda ýaşap geçendigi hem, geçen asyryň 80-nji ýylliryndan tä üstümizdäki asyryň kyrkynjy ýyllaryna çenli — has takygy, Mätäjiden Berdi Kerbabaewe çenli, tas 60 ýylyň dowamynda şolar derejesinde edebi şahsyýetiň döremenliginiň sebäpleri hem biziň üçin heniz matal bolup galýär.

Islendik şahsyýetiň roly onuň öz döwründe nähili işleri amala aşyrandygy, şeýdibem, halkyň ykbalyna oňaýly täsirini ýetirendigi, halkyň döwlet, harby syýasatyna, edebiýatyna, sungatyna, medeniýetine ägirt uly goşant goşanlygy, özünden soňkulara uly miras galdyrandygy, şol mirasyň tutuş nesilleriň terbiýesi üçin egsilmez çeşme öwrülendigi... bilen kesgitlenilýär. Megerem, diňe şu ölçeg biziň edebiýatymyzyň hem sungatymyzyň Berdi Ker-babaew, Magtymguly Garly, Bäşim Nuraly, Alty Garlyew, Mylly aga, Kerim Gurbannepesow ýaly ägirtleriniň halkymyzyň taryhyndaky oýnan roluny kesgitläp biler.

Türkmen ädebiýatynyň «sowet döwrüniň» taryhyn-da esasy orunlary eýeleýän, has -takygy, täze türkmen şygyrýetiniň taryhyny ybarat eden şahsyýetleriň biri-de Gurbannazar Ezizowdyr.

Gurbannazaryň ajaýyp şygyr sungaty barada ençeme makalalaryň, ýörite kitabyň (A. Agabaew, «Ezizowyň ömri bilen») ýazylandygyna garamazdan, heniz onuň poeziýasynyň belentligi, onuň biziň edebi hojalygymyza  nähili täzelikleri getirendigi doly aýan edilenok. ýazyjy, tankytçy Amannazar Aşyryň juda jaýdar belleýşi ýaly, zehini Hudaýdan berlen sungat adamsynyň döredijilik syryny hiç mahal açybam bolmaz.

Eýsem-de bolsa, Gurbannazaryň poeziýasynyň belentligi, onuň şu günki edebiýatymyzyň pikir ýörediş ukybynyň, içki gorunyň, setiriň kalby açyş mümkinçiliginiň Ýewropa, dünýä edebiýatynyň wekil-leriniň ussatlyk derejesine göterilmegindäki hyzmaty nämelerden ybarat?!

Elbetde, bu sowallara bir makalanyň, onda-da ýat-lamanyň çäginde jogap bermek kyn. Bu ýerde diňe Gurbannazar fenomeniniň gelip-gelip 60-njy ýyllaryň başlarynda edebiýata eýelmeginiň sebäplerini, onuň poeziýamyza getiren, şahyryň diňe özüne mahsus bolan täzelikleri barada gürrüň etmäge synanyşmak (ondan artyk däl) mumkin

Biziň 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndaky şygyr sungatymyz klassyky poeziýamyzyň gös-göni dowamy bolup, «edebiýat öz döwrüniň gözi-gulagydyr» diýen printsipe köre-körlük bilen eýerýärdi. Men bu ýerde goşgynyň kapiýa, rifma, bogun sazlaşygy ýaly klassyk elementleriniň köne döwürlerdäki ýaly saklanyp galýanlygynyň, şygryň tematik geriminiň milli çäklerden çykyp bilmänliginiň gürrüňini edemok.

Hakyky talant islendik formada-da öz matlabyny ussatlarça aýdyp biler. Gürrüň okyja yetiriljek bolunýan şol matlaplaryň analitik akyllylygynda, täzeliginde, derwaýyslygynda, okyjynyň kalbyna ýol salyp bilýänliginde.

Dogry, şol ýyllaryň edebiýatynyň diňe käbir wekillerinde, meselem, Kerim Gurbannepesowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Al-laberdi Haýydowyň käbir şygyrlarynda şygryň pikir ýüküni agraltmagyň, forma käbir täzelikleri girizmegiň başlangyçlary bardy. Şeýlelikde, poezaiýanyň esasy özeni bolan adam duýgularyny beýan atmegiň milli tärleri gözlenilip başlandy. Goşgularda şol bir lenç edilen «akyl satmadan» adam kalbyny gozgalaňa salýan (tapawudy ýok, söýgümi, gynançmy, şatlykmy..) ahwalatlaryň çeper beýany başlandy. Umumy alanyňda welin, şol ýyllaryň poeziýasynyň esasy gerimi   kommdnistik partianyň öňe süren ýörelgeleriniň şygyr  formasyna salnan beýanydy.

Galyberse-de, biziň prozamyza-da mahsus bolan milli çäklilik poeziýamyzyň gabarasyny eýikdirmedi. Pikirlenişde, beýan edilişde milli çäkleriň dar serhetleri bolmaly däldir. Magtymguly, Puşkin, Giote, Baýron ýaly läheňler umumad amzal ahwalatlarynyň beýanyny teswirlendikleri (adam ahwalatlarynyň milletiniň bolmaýanlygy) sebäpli ähli halklar üçin baryp ýatan milli şahyrlardyr.

Gurbannazaryň poeziýa gelmegi bilen biziň şygyr sungatymyz täze, has kämil ýol bilen gitdi. Gur-bannazaryň poeziýamyza nähili täzelikleri getiren-digi hakdaky käbir pikirleri orta atmakdaň ötri guýmagursak şahyr hakda Kerim Gurbannepesow bilen bolan bir söhbetdeşligi ýatlamak isleýärin.

Ýogalmazyndan bäş-alty aý öňräk bolsun gerek agşamaralar Kerim halypanyň öýüne bardym. Hemişeki endigime göre, men duşuşmagy gündiz telefon arkaly gepleşipdim. Sebäbi dörediji adamyň, onda-da Kerim halypa ýaly hemişe işleýän adamyň öýüne duýdansyz barsaň, işine zyýan ýetmegiň mümkin. Kerim aga iş stolunyň başynda başyny galdyrman otyr. Açyk gapydan ony synlap durşuma yzyma dolanmakçy boldum. Iki-üç ädim ätmänkän Kerim şahyryň mylaýym sesi ýaňlandy:

—        Geleňsoň yzyňa dolanmaň näme-haw, giriber-da!

—        Işläp oturan ekeniňiz, päsgel bermäýin diýdim.

—        Niýetiň-e erbet däl ekeni.

Ol şeýle diýdi-de, hemişeki endigine görä, hezil edip güldi. Soňra üns bilen okap oturan kitabynyň sahypasyny (Gurbannazaryň «Serpaýyny») maňa görkezdi-de, iň wajyp bir habary aýtjagyni aňdyrýan ýaly şekilde has çynlakaý sypata girip, şeýle diýdi:

—        Goşgularyny  ýene bir  gezek   uly höwes  bilen okap   çykdym.   Bilýämiň  näme,   men  hemişeler  «Gurbannazar  neresse  kämillige ýetişmän  aradan   çykdy» diýerdim.   Gaty  ýalňyşan  ekenim.   Tutuş   döredijilgini bir ýere jemläp okadym weli,  öňki pikirimden el çekäýdim. Her okan goşgyň özbaşyna täzelik bolup dur. Ýok, Gurbannazar hakyky şahyrlyga ýeten eken tüýs guýmagursan şahyr diýleni şü.

Kerim şahyryň bu pikiri beýleki galamdaşlarynyň ýanynde aýdan bolmagam, ýazan bolmagam mümkindir Gurbannazaryň has kämilräk neşir edilen Serdarym* atly kitabyny okap çykan her bir okyjy Kerim şahyr bilen hökman pikirdeş bolup galar.

Şeýlelikde, Gurbannazar biziň poýaziýamyzda täze gözlegleriň başlanan mahaly edebiýata geldi.

Guýmagursak zehinleriň ählisinde bolşy ýaly, onuň ilkinji ädimleri-de bir hili şowlulyk, täsinlik, täzelik bolup ýaňlandy. 1982-nji ýylda men Gurbannazaryň okuwçy wagtlarynda Mydam taýýar» gazýetinde, <Pioner» žurnalynda çykan goşgularyny toplap, «ÝAş kommunist» gazýetinde çap etdirdim. Eýsem-de bolsa, şol goşgularda-da eýýäm täze gözlegleriň ilkinji uçgunjyklary bardy. Student mahallary ol eýýäm her goşgusynda täzelik agtarýan, dyzmaç şahyrdy.

Irki goşgularyndan başlap ol täsin rifmalary «şygyr dolanyşygyna» töwekgellik bilen girizip başlady. Ol kapiýa köre-körlük bilen eýermegiň pikiri çäklendirýänligi üçin şeýdýärdi. Ol, hamana, özüne juda gysga ömrüň berlendigini öňünden aňýan ýaly öz täsin gözleglerinde biçak howlukýardy. Onuň irki poeziýasynda şol zeýilli howlikmaç gözlegler häli-şindi duşýar.


Şemala   tutular

Arryk   peteke.

Şuwlaýan   sutunler,

Artyk,   Repetek.


..ÝA   bejerip   köne   pensiýäňi  sen,

Al-da.   otur   ahyr   pensiýäňy   sen.


Bu   gün!

bu   gün   studente

Berilýär   pul — stpendiýa.


Watnna    barýaryn,    görýärin    kino.

Içýärin   siropy,   iýýän   eskimo.


Hawa,   şeýle   «rifmaly   täzelikler»     şöl    döwrüň poeziýasy,  aslynda-ha,   türkmen  poeziýasy   üçin  mahsus ,   Elbetde,   edebi   tankyt  ýaş   şahyryň   bu  

bagyrgaý gozleglerini» birbada gaty gazapýa garşylady. Gurbannazaryň sap goşgy üçin saýlan temalary-da ýiti tankyt edildi emma, şahyr bu tankyt-lardan özüçe netije çykardymy ýa-da poeziýanyň ahyrky maksadynyň kapiýalaryň, rifmalaryň jaýdar sazlaşygy däldigine özi göz ýetirdimi — bilmedim. Tizara bu täsin gözlegler has çuň manyly, filosofik pikirli, täze çeperçilikli goşgularyň döremegine getirdi.

Ol turuwbaşdan şahyrlyk ykbaly çüwen adamsy. Onuň gündelik gazýet-žurnallardaky çap edilýän goşgularyniň derejesi uzak wagtlap ýapyk zallarda. dynuwsyz turgenleşik geçip, ýaryşa çykan sportsmeniň bir-bada meşhurlyk gazanyşy ýalydy. Ol heniz studentkä Kerim Gurbannepesow, Gara Seýitliew ýaly meşhur şahyrlar bilen häli-şindi söhbetdeş bolup başlady. Gurbannazarda aglaba döredijilik adamsynda bolaýan döredijilik egnigysyklygy ýokdy. Ol özüne biçak ynamlydy, batyrgaýdy, töwekgeldi.

Her bir döredijilik adamsyna aşa ötegeçmezligiň, öwünmezligiň, gopbam bolmazlygyň çäklerinde öz-özüne göwnüýetijiligem gerekdir. Üns beriň: Gurbannazaryň döredijiliginde ýekeje-de nägile, zeýrenç setirler ýokdur, bolaýsa-da, gaty mert hem belent hyjuw bilen aýdylandyr.

Öz durmuşyndan razy setirler welin, näçe diýseň bardyr.


Bu ýagdaý üns bereniňe juda degýän faktdyr.

Mydam   söýdi   meni   deňi-duşlarym,

Şeýle   ajap   boldy   meniň   kysmatym.

Şygryýet   ilinde   geldim   jöşa   men,

Neneň   oňat!


Bu   säherde   gussam   ýok,

Razy — joşdum   topragymyň   toýunda.

Saglyk   berdiň,   duýgy   berdiň   köňlüme,

Dogry,  käte  azar  berýär ýüregim.

Olam   başga   zatdan  bolmagy   mümkin.


Şeýle setirleriň ýene-de ýüzlerçesini getirmek mümkin. Görýäňizmi, diňe sagdyn ruh, pehim-paýhýsly, belent maksatly, okyjyny ganatlandyrýan eserleri döretmäge mümkinçilik açýar ekeni. Şahyryň her bir goşgusynda aýratyn hyjuwy, ruhy ýokary göterilişi, şadyýan keýpi aňmak bolýar.


 

Gurbannazar ezizow, megerem turkmen şahyrlarynyň içiňde adamyň kalbyna, onuň gündedik ruhy ahwalatlaryna iň, golaý gelen şahyrdyr. Ol goja hakda, ene, watan, dost, halypa, maşgala, ogul-gyzyň borçlary hakda ýazanda-ýa adamyň gündelik oý-pikirlerine, hajatlaryna juda içgin aralaşýar.

Ýönekeýje degşilip-gülşülýän söhbetleşiklerde-de, ähmiýetli mesele garalýan ýygnaklarda-da, ýaşlyk elgininiň badyhowalygy bilen kelle göçülip jedelleşilende-de, ýürekdeşlik bilen syr alşyp-berşilýän mahallaram, ol edil garrap dogan ýaly, agras, berk pikirli, hemem biçak dugruçyl adamdy. Gurply öýüň ýeke dikrary bolan ýaş ýigide, ustesine-de, döredijilik, şowlulygynyň badyna göwni galkynan käbir şahyrlara mahsus ýeňleslik, göterimlik Gurbannazarda düýbünden ýokdy.

Ol biçak köp okaýanlygy, juda köp bilýänligi bilen köplerden saýlanyp durdy. Puşkiniň, Giote-niň, Baýronyň, Şekspiriň käbir goşgularyny ýatdan bilýärdi, olary terjime edýärdi. Rus şahyrlarynyň goşgularyny ýatdan aýdar oturardy, Gurbannazaryň juda köp bilýänligi onuň her goşgusynda äşgär görünýändir.

Şeýle-de bolsa, ol degşip-gülüşmegi biçak gowy görýärdi, gülküli wakalary hezil edip gurrüň berer-di. Öýkeli-kineli gürrüňleri hiç mahal diline almazdy. Döredijilik badatda welin biçak dogruçyl, gönümel adamdy. Edebiýat dünýesinde beýle adamlaryň ýaşap ýörmegi döredijilik, hojalygyň arassalygy zehiniň mertebesiniň saklanylmagy, kä-bir köpzehinleri çemeçileri öz ornunda oturtmak üçin juda derwaýysdy.

Gurbannozarda başga şahyrlarda seýrek düşýan täsin häsiýet bardy: kalbynyň çuňundan bir zat aýtmakçy bolanda mawy gözlerini çalt-çaltdan gyrpyldadyp, çalarak. pelgkläp, diýseň çynlakaý gürleýärdi. Juda degerli delilleri bilen özüne şeýle imrindirmegi başarýardy. Dogry sözi iňňän usullylyk bilen kalbyňa berk jaýlaşar, aňyňa baryp ýeter ýaly edip aýdýardy. Hut şu sebäbe görä, ondan hiç kim hiç zady gaty görmeýärdi.

Soňky  ýyllarda  ol  Turkmenistan, Ýazyjylar soýuzynda  konsulьtan bolup işläpdi.  Onuň bilen ýarym saglyk edebi söhbetdeşlik her ýaщ şahyrlar üçin uly sapakdy. Döredijilik. babatynda ol özünden ululary-da, ýaşlary-da, hatda iň ýakyn dostlaryny-da aýap durmaýardy.

Gurbannazaryň tutuş döredijiligi bilen içgin tanşan her bir adam awtoryň mizemez obrazyny hiç wagt ýatdan çykarmaz. Onuň liriki gahrymany — «meni» pähimli, ýanbermez, öz maksadynda tutanýerli, biçak dogruçyl adamdyr.

Hakyky zehin öz döwründe, özüne çenli bolan dowürleriň gymmatlyklary, wakalary hakda aýtman geçmez. Şu babatda Gurbannazaryň Magtymguly, Puşkin, Lermontow, Kerbabaew, otuzynjy ýyllaryň goşgulary... hatda, Lenin, rewolýutsiýa hakdaky eserlerini ünsli okap görüň, siz olarda öň hiç mahal eşitmedik äheňleri eşidersiňiz. täze aňlatmalary taparsyňyz.

Gurbannazaryň liriki gahrymany biçak intellektualdyr. Bu intellektuallyk özüniň ynsanperwerligi, sadalygy, dogruçyllygy, sowatlylygy bilen örboýuna galyp durandyr.

Käbir şahyrana elementler Gurbannazaryň döredijiliginde bütewi obraza çenli ösendir. Sie onuň güýz hakdaky goşgular toplumyna uns beriň: gussaly hem hasylly güýz, adam ömruniň paýawlaýan günlerindäki pehimler ýüzi nurana gojany ýatladýar. Goşgularyň many ýüki güýz paslynyň özi ýaly agras hem dok däne.

Nesiller, gojalar, söýgi... şahyryň, döredijiliginde özbaşyna, gutarnykly obraz bolup durýarlar.

Gurbannazara çenli liriki hem epiki poemalaryň ählisi aglaba sýužetlidi. Poema žanrynyň beýle ýagdaýy diňe bir türkmen edebiýatynda däl, hatda rus, Ýewropa, Gündogar edebiýatlarynda-da hut şeýle-dir. Emma Gündogar poeziýasynda poemalaryň ýaýbaňlygy diňe bir ýagdaý bilen — edebiýatda kyssanyň heniz doly ornaşmanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Şeýlelikde, Gurbannazar biziň edebiýatymyza poema barabar sonetler çemeniniň hem-de sýužetsiz, tutuşlygyna adam duýgularyna kemeiz ýugrulan liriki poemalary getirdi. Muňa ýöne-möne hyzmat hökmünde garamak bolmaz: bu biziň edebiýatymyz babatda alanyňda özboluşly uly bökuşdir. 

Men bu ýerde Gurbannazaryň köp duýgulara,hem çuňňur filosofik pikirlere iňňän baý «Nesiller», «Pikir   derpsynda akyl gämisi* poemalarynyň Guýz>, «Söýgi> atly sonetler çemeniniň belentligi hakdaky gürrüňi uzaltmak islämok. Bir ýagdaý welin aýan: Bulary okaňda, hakykatdanam, poeziýa ummanynda ýüzüp barýan akyl gämisine münüp, şu günki adamzat nesliniň pähim-paýhasyny gulaçlaýan ýaly bolýarsyň.

Ynha, bu eýýäm uly edermenlikdir. Sungatda beýle edermenlikler häli-şindi duşýan däldir. Bu eserleriň abyrsyz ähmiýeti olaryň häzirki günlerde-de hemmeler üçin nusgalyk bolup galýandygy bilen çäklenmeýär. Eýsem-de bolsa, olaryň gadyr-gymmaty Gurbannazardan soňky şahyrlar nesli üçin dogry ýörelge bolup galýandygy, şol ýörelgeden gadam urýanlaryň juda känligi bileň kesgitlenilýär

Megerem, zehiniň kemala gelmegi, taplanmagy üçin sowatly, düşünjeli okyjy, töweregem derwaýysdyr. Altmyşynjy ýyllaryň edebi tankydynyň, edebiýaty öwreniş ylmynyň belent derejesi agzalan döwürde sagdyn edebi jemgyýetçiligiň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gurbannazaryň poeziýa gelen döwürlerinde Baýram Welmyradow, Täşli Gurbanow. Beki Seýtäkow,

Kerim Gurbannepesow ýaly iňňän talantly redaktor-

lar, Abdylla Myradow, Öde Abdyllaew, Saýlaw Myradow, Hanguly Taňryberdiew ýaly salyhatly, öwrediji tankyt ýazyp bilýän zehinler bardy.

Gurbannazar Ezizow öz gysga ömrüniň öň ýanyndaky ýyllarynda türkmen şahyrana sungatynyň derejesini şeýle bir ýokary derejz galdyrdy. Hatda şu günlerem şol belentlik elýetmez nusgalygynda galýar.

Eliňe Gurbannazaryň «Serdarymyny» alarsyň, okap başlarsyň}


Güller   bitsin   näzik   aýaklaryňa...

Kynçylyk   ýok,   ejizlik  bar   dünýäde.

Maňa   seniň   gözleriňden   gitme   ýok,

Şapakdan   ot   alýar   baglaryň   başy,

Gije   ogurlapdyr   belendi-pesi,

Söýgiýa   guýji   bilen   aýlanar   zemin.


Pähim-paýhas,   belent   çeperçilik   babatda   nusgalyk dereje ýeten şeýle ajaýyp setirler Gurbannazaryň tutuş döredijiliginiň bezegi.

Bu gün Gurbannazaryň, poeziýasy — kadymy merdana halkymyzyň Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň milli baýlygy. Onuň poeziýasy häzirki döwür şygyrýetimiziň ýeten derejesine, ölçeg mizanyna öwrüldi.

Gurbannazaryň şygyrýete gelen tolkunynda biziň poeziýamyza onuň şondan soňraky ykbalyna öz täsirini ýetiren Annaberdi Agabaew, Halyl Kulyew, Italmaz Nuryew, Baýram Jütdiew, Kakabaý Ylýasow ýaly zehinler geldiler. Bularyň biziň edebiýatymyzdaky orunlary hakdaky gurrüň aýýäm özbaşyna söhbetdir.

Özleriniň boýun aljaklaryny-almajaklarypy bilemok: meniň pekirimçe, biziň şu günki poeziýamyzyň bol miwe eçilýän daragtlary Baýram Jütdiew. Atamyrat Atabaew, Gurbanýaz Daşgynow, Amanmyrat Bugaew, Atajan Annaberdiew dagynyň şahyranalyk badalgasy-da hut Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyndan başlanýar.

Bu gün Gurbannazaryň poeziýa mekdebinde we zehin tabyny synaýanlaryň sany atlandyrardan kän.

Çyn zehinlerde täsin bir welilik bolýar. Akyldar Magtymguly taraşlap şagladan» ajaýyp şygyrlarynyň özünden «soňkulara ýadygär» boljagyny, genial Puşkin öz adyny «ulus-iliň — slawýanlaryň, agtyklaryň tutjagyny» öňünden bilipdir.

Gurbannazar neresse bolsa, heniz otuz ýaşyndaka iňňän sadalyk bilen şeýle ýazypdy:


Meniň öz ýaşyma uly  baham ýok

Oň  bahasyn  kesgitlejek  zaman  bar.


Diňe bir Gurbannazar Ezizowyň ajaýyp poeziýasyna däl, eýsem-de bolsa, merdana halkymyzyň dogup-döräp döreden ähli mukaddesliklerine mynasyp baha kesýän zaman — Garaşsyzlyk zamany, şükür uzak garaşdyrman öz berekedi, uly tutumlary, halkymyza eçilen eşretleri bilen geldi. Çyn zehinleriň penakäri merhemetli Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň karary bilen Gurbannazar Ezizowa Magtumguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen belent atlar, dakyldy, Şahyryň öz ýaşan köçesi, okan mekdebi onuň adyny göterýär.


 Arman, Gurbannazar neresse bu uly hormatlary öz gözi  bilen görüp bilmedi.

Bir zat kolbyňa az-kem teselli berýär:ol hem Gurbannazar Ezizow diýilýen mukaddes adyň onuň ölmez-ýitmez poeziýagynda baky ýaşajgydyr.


Hudaýberdi   DIWANGULYEW,

Turkmenistanyň  halk  ýazyjysy.